Halas bolandygyňa ynamy nähili gazanmaly

thinking_man.jpg

Halas bolandygyňa ynamy nähili gazanmaly

Dünýäde ýüzlerçe din bardyr. Olar, öz halas boluşyňa ynamy bu durmuşda gazanyp bolmaýandygyny, diňe öleniňden soň ruhuň nirä düşýänini bilip bolýandygyny tassyklaýarlar. Emma öz halas boluşyňa ynamy gazanmak mümkindir. Munuň üçin birnäçe şertler bardyr.

Halas bolmak üçin, Injile görä ähli zerur zatlary edendigiňize doly göz ýetiriň.

  1. TOBA EDIŇ. «….. Ýöne toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şeýle heläk bolarsyňyz» (Luka 13:3). Eger, günäden saplanmasaňyz, sizde halas boluşa hiç hili umyt bolmaz. Öz günälidigiňi inkär etmek ýa-da ony ýaşyrmaga çalyşmak bidereklikdir.

«Günälerini ýaşyrýan üstünlik gazanmaz; günälerini boýun alyp, oňa ökünýänlere bolsa rehim ediler»

(Süleýmanyň tymsallary 28:13).

  1. REB ISA MESIHE IMAN EDIŇ. «Reb Isa iman et, öý-içeriň bilen gutularsyň» (Resullaryň Işleri 16:31) — Hudaýyň Sözi şeýle diýýär. Hudaý bizi günämizden halas etmek üçin, Özüniň ýeke-täk Ogluny iberdi. Ol biziň günälerimiz üçin öldi we aklanmagymyz üçin direldi. Ol — biziň Ýeňijimiz we Baky Halasgärimizdir. Ol Öz üsti bilen Hudaýa gelýän her bir adamy halas edip bilýär. Özüňize ýa-da öz şahsy dogrulygyňyza bil baglamaň, ybadathana gullukçysyna, hatda öz iň ýakyn dostuňa-da bil baglama. Reb Isa Mesihe iman etseňiz halas bolarsyňyz. Oňa Öz Halasgäriňiz hökmünde ynanyň: Oňa, edil halas bolmaga Hudaý tarapyndan gurlan ýol hökmünde ynanyň. Şeýle hem, Oňa öz durmuşyňyzyň Ýolbeletçisi we Hojaýyny hökmünde umyt baglaň.

«Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi» (Ýahýa 3:16).

  1. REBBIŇ ADYNDAN ÇAGYRYŇ. Öz ýagşy işleriňize bil baglamaň, bu doga-dileg etmek üçin ybadathana gelen fariseý ýalydyr, emma salgytçy boýun egmek bilen rehimdarlyk diläp, Rebbiň adyny çagyrýar (Luka 18:9-14). Diňe Reb Isa sizi halas edip biler —muny, Onuň hut özüňiz üçin etmegini soraň.

«Dogry adamyň dertleri köpdür; ýöne Reb olaryň ählisinden ony halas edýändir» (Zebur 34:19).

«Çünki Rebbiň adyny çagyran adam gutular» (Riml. 10:13).

  1. ÇOKUNDYRYLMAGY KABUL EDIŇ. «… günäleriňiziň ötülmegi üçin ähliňiz Isa Mesihiň adyna çokundyrylyň. Ine, şeýdip, siz Mukaddes Ruhuň sylagyny alarsyňyz» (Resullaryň işl. 2:38). Bu, her bir “çokundyrylan perzendiň” şeýle sylagy aljagyny we halas boljagyny aňlatmaýar. Petrus uly adamlara ýüzlenip, olary diňe toba edip, öz günälerine ýürekden gynananlaryndan soň, çokundyrylmaklyga çagyrdy. Petrus, öz Hatlarynyň birinde suw bilen çokundyrylmagyň halas boluşa nähili gatnaşygynyň bardygyny düşündirýär.

«Bu wakanyň nusgasyna görä, bedeniň kiriniň ýuwulmasy däl, eýsem, Hudaýyň huzuryna päk ynsap talaby bolan çokunmaklyk hem indi sizi Isa Mesihiň direlmegi arkaly gutarýar» (1 Petrus 3:21).

Adamlar eden günälerine toba edip, öz Halasgäri hökmünde Isa Mesihe doly berlenlerinde, olar özlerini halas edip biljek Ýeke-täk Ada çokundyrylmaklaryny islemelidirler. Isanyň Özünde hiç hili günä ýokdy, Oňa çokundyrylmak gerek däldi, Ol muny “ähli dogrulygy berjaý etmek üçin” kabul etmek isledi. Onuň ýerdäki iň soňky sözleriniň biri-de şulardy:

«Kim iman edip çokundyrylsa, halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler» (Markus 16:16).

  1. ISANY REBBIŇIZ HÖKMÜNDE WAGYZ EDIŇ. Özüňiziň Isa ynanmagy we Onuň yzyna eýermegi karar edendigiňizi adamlara gürrüň beriň. Eger siz Ony utandyrsaňyz, Ol hem sizi utandyrar. Isa Mesihde aýdyň boluň. Ol — siziň Rebbiňiz we Halasgäriňizdir. Islendik ýerde we islendik wagty bu hakda adamlara gürrüň bermekden gorkmaň.

«Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň» (Rimliler 10:9).

  1. ÄHLI ZATDA ISA BOÝUN EGIŇ. Isa — siziň baky Halasgäriňizdir, eger siz adamlaryň öňünde Reb Isany wagyz etmäge taýýar bolsaňyz, şoňa mynasyp hem hereket etmelisiňiz. Wepaly boluň. Eger siz Isanyň özüňizi halas etmegini isleseňiz, onda Oňa özüňizi soňuna çenli alyp gitmäge rugsat ediň. Ähli zatda Oňa boýun egmejek bolsaňyz, Ony Rebbim diýip atlandyrmaň. Eger Isa siziň durmuşyňyzyň Hojaýyny bolmaýan bolsa, onda Ol siziň üçin Reb däldir. «Iman hem amallar bolmasa ölüdir» (Ýakup 2:26) diýip, Hudaýyň Sözi aýdýar. Isa — diňe bir siziň Halasgäriňiz bolman, eýsem Ol siziň üçin göreldedir.

«Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb“ diýen her bir adam Gögüň Patyşalygyna girmez, diňe Gökdäki Atamyň islegini berjaý eden girer» (Matta 7:21).

«Ol Ogul hem bolsa, gören görgülerinden söze gulak asmagy öwrendi. Kämilleşdirilip, Hudaý tarapyndan Melkisedek düzgüni boýunça Baş Ruhany adyny aldy» (Ýewreýler 5:8-9).

Siz Injile esaslanyp, halas bolanlaryň hataryna goşulmak üçin, ähli zerur zatlary edýändigiňize göz ýetiriň.

1. ISA HEMIŞE YNAM BILEN BAKYŇ. Eger siz Isany söýýän bolsaňyz, Onuň parzlaryny berjaý edip, mukaddes durmuşda ýaşamalysyňyz. Halas bolmak üçin öz dogrulygyňyza bil baglamaň-da, Isa tarap bakyň. Dogry adam öz güýjüne daýanmak bilen diňe bir bagyşlanmagy kabul etmän, eýsem ol “iman bilen ýaşar” (Gal. 3:11).

«Çünki başlangyçdaky ynamy soňuna çenli berk saklasak, bu Mesihe şärik boldugymyzdyr» (Ýewreýler

3:14).

2. «REBBIMIZ HEM HALASGÄRIMIZ ISA MESIHIŇ MERHEMETINDE, BILIMINDE ÖSÜŇ. …» (2 Petrus 3:18). Ösümlik ýa-ha ösýär, ýa-da ölýär. Hudaýdan aýra düşmejek bolsaňyz, siz ösmelisiňiz. Ýyl saýyn özüňizi heläkleýji durmuş synaglaryndan geçmek üçin, öz köküňizi her gün berkidiň. Ruhy taýdan ösmek üçin, Hudaý tarapyndan bellenen ähli usullary ulanyň: 1). Yhlas bilen Hudaýyň Sözüni okaň — «Gutulyş üçin ol arkaly öser ýaly, ýaňy dogan çagalar kimin ruhy, hilesiz süýdi küýsäň» (1 Petr 2:2). 2). Üznüksiz dileg ediň, özüňizde “oňat işi” Başlana we «Mesih Isanyň gününe çenli muny bitirjek» (Filip. 1:6) güýçleriň Gözbaşyna ýakyn boluň. 3) Mesihileriň ýygnaklaryna yzygider gatnaşyň. Mähirli mesihi gatnaşygy size zerur goldaw bolup durar.

«Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýman, gaýtam, ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görseňiz, şonça-da biri-birimizi ruhlandyralyň» (Ýewreýler 10:25).

3. DIŇE MUKADDES RUH SIZIŇ BAŞTUTANYŇYZ BOLUP BILER. «Çünki Hudaýyň Ruhy arkaly ideklenýänleriň bary Hudaýyň ogludyr» (Rimliler 8:14). Siz dünýä ruhunyň öz üstüňizden hökümdarlyk etmegine ýol bermäň. Teniňiz we kalbyňyz bilen Rebbe beriliň. Erkiňi ynsan jemgyýetiniň eline bermäň, Mukaddes Ruha aňyňyzyň täzelenmegi bilen özüňizi üýtgetmäge mümkinçilik beriň.Ynsan jemgyýetiniň aglabasy günälidir, onuň maksatlary we däp-dessuralry düýbünden ahlaksyzdyr.

„Dünýäni, dünýädäki zatlary söýmäň. Biri dünýäni söýýän bolsa, onda Atanyň söýgüsi ýokdur. Çünki dünýäde bolan ähli zatlary: ten höwesleri, göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligi Atadan däl, dünýädendir“ (1 Ýahýa 2:15-16).

«Reb şeýle diýýär: „Munuň üçin olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň, murdara galtaşmaň, Men hem sizi kabul ederin“. Her zady başarýan Reb: „Men siziň Ataňyz bolaryn, siz hem Meniň ogul- gyzlarym bolarsyňyz“ diýýär» (2 Korintoslylar 6:17-18).

Özüňizde halas bolan adamyň alamatlarynyň bardygyna göz ýetiriň

1. BOÝUN EGMEK.

Siz Isa gulak asýaňyzmy? Onuň yzyna her gün eýerýäňizmi? Onuň Injilde beren parzlaryny berjaý edýärsiňizmi?

2. SÖÝGI.

Isa bize diňe biri-birimizi däl-de, eýsem duşmanlarymyzy hem söýmegi öwretdi. Ol bize Öz Ruhuny — söýgi Ruhuny iberdi. Siziň bagyşlap ýa-da söýüp bilmeýän kişiňiz barmy? Siz hakykatdan hem başgalary söýýärsiňizmi?

3. PARAHATLYGY SÖÝMEK WE MUKADDESLIK.

«Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler» (Matta 5:9).

Durmuşy Hudaýyň Sözi bilen gabat gelýän adamlar özleriniň halas bolandyklaryna şübhelenmeli däldirler.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *