Musulman Imamyň Isa Mesih Hakynda Şaýatlygy

Göni Ýol 

Göni ýol.
 Assalaamu  alaýkum wa Rahmatulaahi wa Barakaatuh.

Günleriň birinde 104 adamdan ybarat bolan aýal-erkek, we çagalar M1 981 nomerli uçara mündirilip, 19 reýsy bilen Žykarta şäherinden uçyp çykýarlar. Olar Singapura dynç alyş uçyşlara öwrenişen soň, olar barmaly ýerimize barmarys diýip hiç kimiň pikirinde-de ýokdy.  Olaryň ’’Boýengi 737’’ Palenbanganyň golaýlarynda birdenkä  aşak düşüp başlady, we Suneý Musi şäheriniň golaýynda aşak (ýere) gaçyp çym-pytrak bolýar, ýolagçylar bilen sürižiler ölýärler.

Bütin ýer ýüzinde adamlar ölüm bilen duş gelýärler: ýer-titremeler, howanyň dürli üýtgemekleri, dürli betbagytçylyklar, we her dürli uruşlara sebäp bolup adamlar ölýärler.  Buda bolsa ynsanyň ölümiň öňüni almak üçin etžek zatlarynyň ýokdygyny aňladýar. Başgalaryň ölmegine dürli pis keseller sebäp bolýarlar. Biz ölmäge taýynlyk göržek bolup çalyşýarys, ýöne welin biz onuň gelžek wagtyny bilip bilmän, we onuň gelmeginiň – de öňüni hem alyp bilmeýäris.

 Käbirler ömrüni uzaltžak bolup dürli esaslary ulanýarlar: olar çilim çekmegi taşlap beden-terbiýe bilen meşgullanyp belli zatlary iýip  ähli zatlary edip ömrüni uzaltžak bolup synanşýarlar. Ýöne bir zat biziň  ählimize bes-belli her näçede öňe gitmäge synanşsak hem biz belli bir wagtda ölmeli.

 Käbirler ölüm hakynda aslada pikirlenmeýärler: üýtgeşik bir howp abanyp durmasa, puly-iýmiti ýeterlik bolup, gelžekleri ýagty, maşgalalary abadan, daşyndan azar berýän bolman, žemgyýetiň arasynda görnükli kişi bolan wagtlary ölüm olaryň pikirinden daşda. Ýöne ölýänler diňe bir ýaşy ýeten garrylar bilen horluk çekýänler däldir: eýsem ýaşlarda, ýanyp duran güýç-gužurly, entek ýaş adamlar hem birden ölüp bilerler. Ölümiň öňünde biziň hemmämiz deňdiris.

Özüniň dogruçyl bolanlygy sebäpli, Alla Tagallanyň bizi žennete ýada dowzaha ibermäge doly güýži bilen haky bardyr. Onuň ady Ar Rahman Rahym (Rehimli we Rehimdar) şonuň üçinde bolsa, Ol biziň ölmäge we kyýamat güniniň gelmegine taýyn bolmalydygymyzy duýdurýar. Her bir adamyň ölmeli güni belli bir wagtda ýetip geler, şonda şol ahyrky günde, kyýamat güninde, şol wagt seniň we meniň entek bu ýerde ýaşan wagtymyzdaky eden işlerimiz hakynda žogap soralžakdyr.

Şonuň üçinde biziň elmydama, ylaýtada häzirki wagtda taýyn bolmalydygymyzy, Alla Tagalla bizden talap edýär. Kimde kim elmydam taýyn bolup, kim Syratul Mustakim (Göni ýol) bilen ýörese, şol adam Hudaýyň halanydyr.

Bu dünýýa wagtlaýyndyr.
Durmuş bilen ýaşaýşyň manysy nämedekä?

 Bu dünýe wagtlaýyn. Durmuş, hatda baýlygyň hem özi, bug ýaly, bir az wagta peýda bolup, soň bolsa ýitip gidýär. Emma biziň ýaşaýşymyz bu dünýeden has beýikdedir, we bu dünýäniň wagtyndan hem has uzyn bolup, we öňe geçip gidýär, sebäbi ol bize baky ýaşaýan Alla tarapyndan berilendir

               Köpler bu dünýäniň şatlygy, we bagty üçin ýaşaýarlar. Biz günlerimiziň her birini diýen ýaly şu durmuşyň aladalaryna bagyşlap geçirýäris. Biz köp zatlaryň gözleginde, puldyr, ýada bolmasa iş, ýada başga şat wagt geçiriş ýerlerini, ýöne bu zatlar şeýle tiz geçýär welin, biz ahyr soňy olaryň gutarýandygyny, we durmuşyň manysynyň ýitendigini düşünýäris. Şu göze görünip duran bagtyň yzyndan ýetiň diýip, şeýtan hem biziň gulagymyza ýuwaşlyk bilen pyşyrdap durýar. Ol biz durmuşymyzy günäde ýaşap, ahyry soňunda-da bolsa ömürlik dowzahda galmagymyzy isleýär.

               Biz başymyzdan erbeti gowulykdan köp geçirýändigimiz hem hakykatdyr. Ahyrynda, biziň žanlarymyzyň hožaýyny bolan Allanyň ýanyna gaýdyp barmalydygymyzy ýadymyzdan çykaryp, biz durmuşymyzyň manysynyň bardygyna göwnimiz ýetenok.

               Ýöne welin Alla Tagalla elmydama bize dogry ýoly görkezip, bize hakyky bagtyň nämededigini görkezmegiň ugryndadyr. Onuň diýenine boýun bolan wagtymyz, bu dünýede özümizi halal we arassa saklamak üçin güýç tapýarys. Onuň Syratul Mustakim, ýagny (Göni Ýoly) bilen ýöränimizde, biziň durmuşymyz Ol tarapyndan arassalanyp, şeýle derežede päklenýär welin, biz hatda Onuň günäsiz we abadan žennetiniň ýaşaýžylary bolup bilýäris.

               Ahyrzamanda, adamyň ruhy iki ýere düşüp bilýär. Ol ýerler, žennet bilen dowzahdyr. Belli bir wagtda biziň ruhymyz (ýagny biziň özümiz), kyýamat güninde sud ediler, ýanky ýerleriň haýsy-da bolsa birine baryp, soň ol ýerden yzyna ýol bolman, ýada biziň düşen ýerimizi hem üýtgetžek zat bolmaz. Biz şol düşen ýerimizde baky bolmaly bolarys.

               Häzirki wagtda biz haýsymyz öleris diýip hiç zat bilmän aýdyp bilmeris, şonuň üçin-de, bolsa biz gelžeki baržak ýerimimizi häli şindi ýerdekämiz saýlamaga mümkinçiligimiz bar.

Gelžeki baky bolmaly ýeriňi edip, sen haýsy ýeri saýlap alarsyň?

Žennet.
Žennet – bu iň bir ažaýyp, dynç alyş üçin ýerlikli, we baky durmuşyňy geçirmek üçin iň bir gözel ýerdir. Ol ýeriň salkyn bag-bakžaly, täsin, žadylaýžy owadanlygy bar.
Žennetiň gözelligini adamyň akyl-huşy beýan edip bilmez. Buny bize, Kitap ýagny şol ýerdäki adamlar, Alla Tagallanyň halas eden, günäniň agramyndan we öz ýazyklary bagyşlananlar, diňe şol ýerde bolup bilžekdigini aýdyň görkezýär.
Ýöne biz günäli adamlar bolup şol ažaýyp ýere nähili ýollar bilen ýetip bileris?

Ol gözel ýere diňe Alla tarapyn mukaddeslenen adamlar baryp bilerler. Isanyň bizler üçin nämäni taýynlap goýandygyny Gurhanda Alla Tagalla bize açýar, bütin adamzat üçin Isa, Meremiň Ogly mukaddes sowgadydyr.

«We Biz Ony adamlar üçin alamat ederis, we Biziň rehimdarlygymyz».                                                                                                                              Sura 19:19, 21
Asmanda we ýerde Alla Tagalla Isanyň adyny baş ýerde goýdy.

«Mesih atly Isa, Meremiň ogly, golaýdaky we indiki dünýälerde täsin, we ynanýanlardan».                                                                                                                                                                                                                                                                              Sura 3:45
Dowzah.
Dowzah – bu iň bir erbet žebir çekmek üçin niýetlenen ýerdir. Ol ýeriň düşen adamlary ömürlik žebir çekýärler, hatda olaryň eşikleri, ýassyk-düşekleri otdan edilen ýaly. Ýalyn olary bütünleýin gurşap dur. Ol ýerde baran ýeriňde garankylyk, ot bilen tüsseden doly. Şol elhenç ýere gözleri körelip, dilleri lal, we gulaklary ker. Ol ýerde diri žanlar öli ýaly. Ol ýeriň žebiriniň hem soňy ýok. Ilki ýaradylan adam Adam-atanyň wagtyndan bäri, Şeýtan ähli adamlary azdyryp, aldadyp gelýär. Olar şol sebäpli günäli bolup, şol ýerde bolmaga ikiuçsyz düşmelidirler.

«Siziň araňyzda oňa düşmežek ýokdyr, seniň Rebbiň üçin bu iş-bellenen zatdyr».                                                                                                                                                                                                                                                                         Sura 19:71

Al Syratul Mustakim
(Žennetiň göni ýoly)
Alla Tagallanyň Öz kelamyndan hemme açan we görkezýän zatlaryna ynanýanlary şol žennetiň göni ýolundadygyny biziň ählimiz bilýäris. Muňa goşmaça şol wagty-wagtyna ýerine ýetirilýän dogalar, berilýän sadakalar üçin kyýamat güninde öz sylaglaryny žennetde alarlar.

«Ýöne berk bilýänler, we ynanýanlar, şol saňa berilen zatlara ynanýanlar, hemde senden öň iberilen zatlara, we dogalary ýerine ýetirýänler, we päklenýänler, we Alla ynanýanlar we kyýamat günine – bulara Biz uly sylag bereris».                                                                                                                                                                                        Sura 4:162                                                                  

            Ýöne welin biziň näçämiz şol Allanyň açan aýdyň alamatlardyr-wakalaryň bizi şol göni ýolda saklap bilžekdigini bilýäris?
Egerde Alla tarapyn aýdyň hadyslar bolmasa, biz şol göni ýolyň hakyky göni ýoldygyny nädip bilip bileris? Hudaýyň açan alamatlaryny bilmesek, Alla Tagalla biziň olara ynanýandygymyzy nädip görer?         

Biz žennete barmak üçin bizde ýeterlik zatlaryň bardygyny näme bilen we nenen ölçäp bileris? Biz žennete düşmezden öňürti dini kanunlara nähili halda berk boýun bolup, olary ýerine ýetirmeli? Men žennete girmäge doly hakym bar diýip aýdyp biler ýaly ýerine ýetirilmeli dogalardyr sadakalaryň sany näçe? Bu sowallara diniň kanunlary bize aýdyň žogap berenok.

Hakykatdan hem biziň näçämiz Alla Tagallanyň şol žennet ýolundan äkidýän nusgalaryny doly beržaý edýäris? Biz žennete düşmegimizden öň, şol boýun bolmaly nusgalary, dogadyr sadakalary ýerine ýetirmäge biziň näçämizde güýç, we gaýrat bar? Netižede, köp adamlar, hatda žan çekip dogalar okap, sadaka sogap işlerini etselerde, olaryň ýan ýoldaşy şübhe bilen ýigrençdir. Asyrlar boýy, Alla Tagalla biz Oňa doga edip, şol Onuň biz üçin taýynlan pes-pällik, we mukaddes ýoluny, Onuň Özi bize görkezsin diýip soramalydygymyzy Ol bize aýdýar.

«Bizi göni ýoldan äkit».

                                                                                                                                          Sura 1:6                            

«Hemme ynanýanlar!  Alladan gorkyň, Oňa golaýlaşyň».             
                                                                                                                                          Sura 5:35                                      
Siz bu ýol hakynda bilýärdiňizmi?     

Iň Rehimdar we Rehimli
(Ar Rahman Rahym)
Sura 1:3
 Güdreti güýçli Hudaý iň rehimli we rehimdar bolanlygy sebäpli Ol bize gaýtadan Öz ýolbaşçylygy bilen Kurhanyň üsti bilen ýatladyp durýar. Geliň Kurhanyň we hadyslaryň  diýänlerine ser salalyň.

Aşakdaky ýazylşy ýaly:

Kurhanyň we hadyslardaky biz žennete barmak
üçin bar bolan ýolbaşçylyk.

  1. Yzyndan eýermek üçin göni ýol Isadyr!

«Hakykatdan hem Ol-wagtyň alamaty. Munyň şeýledigine şübhelenmäň, we Meniň yzyma düşüň! Bu – göni ýoldyr»                                                                                                                                                                                                                                                      Sura 43:61                                                                                                                  

  1. Boýun bolmak üçin şam-çyrag Isadyr.

« Haçanda Isa aýdyň alamatlar bilen gelende, Ol diýdi: Men size akyl bilen geldim, we siziň dawalaşýan zatlaryňyzy aýdyňlaşdyryp düşündirerin.»                                                                                                                                                           Sura 43:63

                                                                                                                       

  1. Isa dawalaryň arasynda hakykady sözleýär.

 «Bu Isadyr, Meremiň Ogly haka görä, we olar munyň şeýledigine  şübhelenýärler».                                                                                                                                                                                                                                                                                                Sura 19:34

  1. Isa Allanyň pygamberi we Onuň Sözüdir.

« Sebäbi Mesih, Isa Meremiň Ogly-Allanyň ibereni we Onyň sözi»                                                                                                                                                           Sura 4:171                                                                                                  

  1. Isa Hudaýyň Ruhy we Onuň Sözi.

«Isa hakykatdan hem Allanyň Ruhy we Sözidir».
                                                                                             (Hadis-Anna-s Bin Malik sah. 72)

  1. Isa Ymam Mahdidir.

   «Laa mahdian illa Isabnu Mariýam» «Meremiň Ogly Isadan başga Imam Mahdi ýokdyr
                                                                                                        (Hadis Ibnu Madžah)
 

  1. Isa adamyň islegi boýunça dogman, eýsem Hudaýyň Ruhydan doguldy.

 «We şol päkligini saklan… We Biz Oňa Ruhymyzdan berdik, we Ony we Onuň Ogluny dünýäler üçin alamat etdik».                                 

                                                                                                                                      Sura 21:91

  1. Isa doguldy, öldi we direldi.

«We şol gün mana parahatçylyk bolar, meniň dogulan günim, we ölžek günim, we ýenede direlžek günimde»                                                                                                                                                                                                                                                 Sura 19:33

  1. Isa ölenden soň täzeden direlip, baky ten alyp, ynamsyzlardan beýgeldilendir.

 « Alla Tagalla diýdi: Isa, Men Seniň žanyňy alaryn, we Seni Özümiň ýanyma alaryn. We Men Seni ynamsyzlardan aýryp goýaryn. We Seniň yzyňa eýerenleri ynanmaýanlardan beýikde goýaryn».                                                                                                                                                                                                       Sura 3:55

  1. Isa dürli pis kesellerden açyp, körleriň gözlerini açdy.

 «Men köriň gözüni açaryn, kesellini hem sagaldaryn, we ölüleri Allanyň rugsady bilen direlderin».                                        

                                                                                                                                        Sura 3:49             

  1. Isa ölüleri direldipdi.

«Sen ölüleri Meniň rugsadym bilen direldýärdiň».
                                                                                                                                     Sura 5:110                                                           

  1. Güdüretler we Mukatddes Ruh Alla tarapyn Isa berilipdi.

 «We Biz Isa Meremiň Oglyna aýdyň alamatlary berdik, we Ony mukaddes Ruh bilen güýçlendirdik».                                                                                                                                                                                                                                                     Sura 2:253                                                                      

  1. Alla Tagalla Isany, Allanyň pygamberini inkär edenleri «kapyr» hasap edýär.

 «Olaryň ynanmaýandyklary üçin, we Merem hakynda uly ýalan sözlediler».                                                                                                                                                                                                                                                                                    Sura 4:156

Ähli ýazgylardaky ruhanlar Isa ynanarlar.

 «Hakykatdan hem ýazgylardaky adamlardan Oňa ynanmažak hiç kim bolmaz, Onyň ölümine çenli we Onyň direlen güninde Ol olaryň ýalnyşlaryny görkezer».                                                                                                                                                                 Sura 4:159

  1. Kanun Kitabyny, ýagny Töwraty, we Inžili inkär edenler «dynsyz» ýagny kapyr höküminde Alla tarapyndan seredilžekdir.

  1. Isa Hudaýyň Sözi bolanlygy sebäpli, Ol Alla tarapyndan gelip biziň üçin Kitaby açýar.

«Ol Kitapdadyr, akylly we beýik»                                                                                                                                                                                                                                    Sura 43:4

      17. Zemin bilen asmanyň üstinden häkimiýetçilik Isadadyr.

 «Perişdeler diýdiler: Merem, Alla Seni şol söz hakyndaky habar bilen begendirýar, Onuň ady Mesih Isa, Meremiň Ogly, golaýdaky we indiki dünýälerde täsin we ynamdarly»                    
                                                                                                                                        Sura 3:45                                        
  Bu dünýäniň we gelžeki dünýäniň üstinden güýži, haky, we häkimiýeti Isada bardyr. Isa göni ýoldyr, kurhanyň bize ýatladyşy ýaly, Isanyň yzyna eýerýänler kapyrlardan beýikdedirler. Isa Alla Tagalla üçin şeýle wažyp bir adam bolupdyr welin, kurhanda Onuň ady 97 sapar ulanylypdyr.
 Ženneti uly owadan we täsin köşk bilen deňeşdirip bolar. Mysal üçin, egerde şol köşkdäki ýaşaýan prezident, ýada hožaýyn sizi şol köşge çagyran bolsa, sizde girip bilerin diýip şep-şübhe bolup bilmez, sebäbi ol adam şol ýeriň eýesi bolup, şol köşgde doly haky bar.

 Ýöne egerde men, ýönekeý bir şol ýerdäki hyzmatkär bolup, hiç hili hakym bolman sizi çagyrsam, siz elbetde şübhelenip başlarsyňyz: belki-de köp haražat, güýç sarp eden soň, şu ýoly geçip, indi hem köşge girmäge rugsat edilmese nätžek?

 Özüniň rehimdar bolanlygy sebäpli, Alla Tagalla Isany ýanky hökümdar höküminde goýdy. Onuň ruhy hemde alamaty bütin adamzady žennete eltmek üçin niýetlenendir. Isa Alla tarapyndan iberilip, bize Onuň gymmatly çagyryşyny getirdi. Isa Alla tarapyndan ýokardaky kitapdan geldi, we Allanyň sözi höküminde gelenligi sebäpli, Onuň sözi ýalňyşsyz we düzümi boýunça päkdir. Isa Hudaýyň Oňa tabşyran işini şowly, we gyşarnyksyz ýerine ýetirdi: kim-de kim Ony kabul etse, we Allanyň göni ýolyndan Onuň yzyna eýerse, şol adam dogruçyl ýaşap žennete baržakdygyny berk bilip biler. Şonuň üçin-de bolsa, Alla Tagalla kurhanda aýdyşy ýaly, Isa bu dünýede uly sylagdadyr we ähli Oňa boýun bolýanlar žennetde öz sylaglaryny alarlar. Muhammet pygamber öz ölüminiň öň ýanynda öz eden açyşlarynda kurhanda täsin habarlar beýan edýär.

Иň Beýik Ýan Ýoldaş.Muhammet pygamber ölüminiň öň ýanyndaky dogasy:
«Eý Hudaýym, meni bagyşla, maňa rehimiň gelsin we meni iň beýik Ýoldaş bilen bileleşdir».
                                                                                               (Hadis Şahi Bukari 1573)

 Soňra bolsa Muhammet pygamber elini ýokary galdyryp diýdi:
 «iň beýik ýoldaş»                                                                               (Hadis Şahi Bukari 1574)
 Soň elini göýberip, ötdi.
Şahy Bukarynyň hadysalalarynyň ýazgylaryna görä şol «ýoldaş» pygamberlerden we perişdelerden bolmaly. Ýöne welin perişdeler iň beýik diýip atlandyrylan ýeri ýok. Şeýlelik bilen, Muhammet pygamberiň in beýik ýan ýoldaşy perişde bolman eýsem pygamber bolan bolmaly.  Onda pygamberleriň haýsysy şol «iň beýik ýoldaş» diýen ada mynasyp bolupdyr?

1) Adam-Ata Şafiullah-Alla Tagallanyň päklän adamsy

2) Nuh Nažiullah- Nuh Allanyň halas eden adamsy.

3) Ybraýym Halyl- Ybraýym Allanyň halan adamsy.

4) Ysmaýyl Žabiullah- Alla gurban edilipdi.

5) Musa Kalimullah- Allanyň iberen adamsy.

6) Daut Kalimullah- Daua Allanyň yzyna eýeren adamsy.

Ýöne onuň özi şeýle diýärdi:

{Men Isa Meremiň Oglyna ýerde we asmanda iň ýakyndyryn. Ähli pygamberler bir maşgalaçylyga baglydyrlar. Atalary başga bolsada din birdir.}                                                                                                                            Hadys şahy bukary 1501 «Isa Meremiň Ogly, bu dünýäde sylagda bol, we soňra şol Alla ynanýanlardan.»                                                                                                                               Cura3:45  

                                                                                                                               
  {Men Hudaýdan ant içýärin, meniň žanym Onuň elinde. Hakykatdan hem wagt gelýär haçan Isa, Meremiň Ogly size gelip, Ol dogruçyl sud eder}                                                                                                                                                 Hadys şahih muslim 127Şeýlelik  bilen iň beýik ýoldaş Meremiň Ogly Isadan başga hiç kim däldir.

Bu iň beýik ýoldaş Alla tarapyndan şu sözleri diýer ýaly iberildi:

«Maňa boýun boluň- bu göni ýoldyr»                                                                   Sura 43: 63,64

«Olar ýaly bolmaň, olar diýärler: Biz eşitdik, ýöne olar diňlänoklar.»                                                                                                                                                                  Sura 8: 21,22                           

Şonuň üçin habardarlyk bilen Alla Tagallanyň aýatlaryny ýazyp alalyň. Olaryň diýenine boýun bolalyň, sebäbi olar Allanyň bize ýol görkeziži komposy ýalydyr.

Onuň diýenine boýun bolmagymyz üçin biz toba gelip, pälimizden gaýtmalydyrys.

Şol Allanyň bu görkezen ýazyp goýan göni ýolyndan gitmegimizi dowam edeliň.

Eýsem şol beýik ýoldaş Bize häzirki wagtda neneň kömek edip bilýär?
  Şol beýik ýoldaşyň aýdyň hadysalary we wakalary şol Syratul Mustakim (göni ýoly) hasda aýdyňlaşdyrýar.

 «Biz Isa, Meremiň Oglyna aýdyň almatlary berdik, we Ony mukaddes Ruh bilen
güýçlendirdik»                                                                                               Sura 2:253, 256

Belkide biz öz dinimize uýup, köplenç adamyň çykaryp düzen adat ýedilen ýollaryna eýerip, Alla Tagallanyň täsin ýollaryny unudýarys? Belki biz Nabi Muhammediň düşünip aňan zadyny

duşumyzdan geçirdik? Bize şol  Alla Tagalanyň beýik ýoldaşyň üsti bilen berilen aýdyň alamatlary gerek. Geliň şol ähli Allanyň kitapda ýok ýollarynyň hemmesini inkär edeliň.

 Onuň aýdyň alamatlary bize şeýtanyň aldawly ýollaryny görkezýär. Olar bizler üçin Alla Tagallanyň dogruçyl ýollaryny açýarlar. Isa aleýssalamyň  bize adamyň adat edilen ýollarynyň boşlugyny we ikiýuzliligini görkezýär.

Isanyň alamatlaryna boýun bolup başga ýollary inkär edenler, Allanyň ýolbaşçylygyndadyrlar. Olar elmydama ölüme-de, kyýamat güniniň gelmegine-de taýyndyrlar. Olarda žennete baržakdyklaryna çuňňur ynamlary bar,çüňki olar şol beýik ýoldaşyň päk mukaddesliginde özlerine pena tapandyrlar. Olar adamyň dürli adatlaryna eýermänlikleri üçin olaryň Hudaýyň öňünde hiç hili ýazyklary ýokdyr, we olaryň päk durmuşlary öz dogruçyl işlerine mätäç däldirler.
                                             Biz başga ýollary inkär  etdikmi? 

Biz biziň iň beýik ýoldaşymyzyň bize Alla Tagallanyň bizler boýun bolar ýaly täsin berilen sözlerine gulak goýarysmy?
Şol göni ýolda biziň beýik ýoldaşymyz bizi aman saklap, bize ýardym edýär.
Biz Alla Tagallany görüp, ýada bolsa elimizi oňa degirip bilmeýän bolsakda, biz şol göni ýoldan sag aman ýörär ýaly Ol bize Öz ynamdar ellerini uzadýar. Alla Tagallanyň Ruhy,we Isa Aleýssalam şu ýere(dünýä)adam şekilinde gelipdi
«Şol berk arka daýançdan ýapyşyň, ol hiç haçan bozulmaz»                                                                                                                                                                                                Sura 2:256                                                                  
Biz 2-nži suranyň 253 aýatyna garanymyzda, şol belli ul kursi aýaty biz üçin hasda düşünikli we aýdyň bolýar. Isanyň we pygamberleriň päk alamatlaryna ynanan wagtymyzda biziň daýanžymyz bar.
 

  • Berk ynamy diňe Allanyň Özi berip biler. Alla Tagallanyň Ruhyndan bolanlygy sebäpli, Isa dürli hapaçylygyň görnüşi bilen bozuk bolman, eýsem Ol hemme taraplaýyn päkdir. Diňe Onuň mukatdessliginde biziň Alla Tagalla bilen aragatnaşygymyz bolup biler, sebäbi Alla Tagalla mukatdesdir. Ruhdan- Ruh, Isa Alla Tagallanyň Ruhyndan bolany sebäpli Ol haýsydyr bir pis kesele elini degirip rehimillik bilen ol keselden Hudaýyň güýži bilen açýar.
  • Isa Al Hakdan geleni sebäpli, Ol şol beýik hakyň Özi bolup, bu ýalançy dünýäde iň ynamdarlydyr.
  • Onuň ynamdarlygy hiç haçan üýtgeme, sebäbi Ol synag edilip, Ol iň aňry çeti dürli kynçylyklary başdan geçiren wagty ýüreginiň we žanynyň asudaçylygyny saklap başardy.

        Ol diýdi                    

«We şol gün maňa parahatçylyk bolar, meniň dogulan günim, ölžek günimde, we ýenede direlžek günimde»                                                                                                                                                                                                                               Sura 19:33

Baky berk arka daýanç. Haçanda biz Alla Tagallanyň bize görkezen durmuşdyr ýada ölüme degişli bolan alamatlaryna berk ynansak, onda biziň hem kalbymyzyň asudalygy bolup biler. 3-nži suranyň 55-nži aýatynda kyýamat güniniň ýolbaşçysy bolan Alla Tagalla Isanyň žanyny alyp, Ony Öz ýanyna aldy. Alla Tagalla Isany ynamsyzlardan aýryp, we päkläp, we Isanyň gurban bolandygyna ynanýanlary sylažakdygy hakynda aýdylýar. Ýeniş Alla, biz Isanyň biziň günälerimiz üçin gurban bolandygyny kabul eden wagtymyz, Alla Tagalla bizi täsin päkläp, bizi Özüniň ýanyna alžakdygyny habar edýär.
Alhamdulyllah!
Hatda Muhammet pygamber öz güýžine garaşly bolman, eýsem bu dünýeden ötžek wagtynyň gelendigini duýanda, Ol şol iň beýik ýoldaşyň howupsyzlygyny kabul etdi. Şeýlede biz, has hem beter şol ynam ýolundan gitmelidiris.
 Doga.
▫ «Allahumma! (Eý güdüreti güýçli Hudaý!)
▫ Astafirullah! (Meniň günälerimi geç!)
Meni şu wagta çenli Seniň mukatddes ýoluňdan gitmänligim üçin bagyşla. Men başga meni halas edip bilžek ýollaryň ählisini inkär edip, men Sana ynanyp, we Isanyn gurban bolanlygynyn alamatyna, men kyýamat güninde halas bolmak üçin ynanýaryn. Men diňe Seniň ýoluňy kabul edýärin.

Meniň beýik Ýoldaşym meni Özüň şol göni ýoldan ynamdarly äkitmegini Senden soraýaryn.

Biz Allanyň ynamdarly ýelinde howupsyz dälmidiris eýsem?  

Goý Alla Tagalla bizi Öz güýži bilen şepa berip hemde bizi Al Siratul Mustakiim ýolynda gitmegimizde bize ak pata bersin! 

Wassalamu alaýkum wa rahmatulla wa barakatu!

Ýokarydaky Kurhan sanlary  1928-nži ýyldaky
 Kair magaryfyndan alynan.
 

45 thoughts on “Musulman Imamyň Isa Mesih Hakynda Şaýatlygy

  1. Bu salam Allahyn dogry yolundakylara bolsun!Men size wada beripdip Kuranda name ayatlar Isa aleyhisselamdan gurleyan bolsa getirip berjekdigime yone siz o sahypany ayirypsynyz bolyada goyaryaly munasyp yer bolmasa ol mukaddes ayetleri goymarysam yone shol ayatlaryn birini shu yerik yazmak isleyarin .We yenede siz yokarda ayatlar ulandynyz olary Kaira magaryfynden dalde Turkmenistandaky Kuranyn manasyny terjime edilen Kurana seredin we oz peydanyza dalde Allahyn acyklap berishi yaly ony ulanyn we-de Allahdan gorkun hemmamiz ona dalanjakdyrys! Bu yazjak ayatym Bakara suresinin 135,136,137ayatlaryndan ybaratdyr. Mahriban Rehimli Allahnyn ady bilen. 135.Yahudy ya-da hiristiyan bolun, hidayat taparsynyz ,,diydiler.Yagny yahudylar yahudy bolun diydi,hiristiyanlar hiristiyan bolun diydi .Ayt Ey Muhammet belki biz hak yoldan cykmadyk ,munkurlerden bolmadyk Ybrayimyn diyenine eyeryaris.Ybrayim aleyhisselam musrikde Allaha sarik gosyanlardanda we kafyrlardanam bolmady. 136.Aydyn EY muminler Allaha we bize hasyl edilen kitaba Kurana we Ybrayim,Ysmayil,Yshak,Yakuba we onun tohum-tijine hasyl edilen zatlara Musa we Isa berlen zatlara we ahli Pygambrlere Allah tarapyndan berlen zatlara ynandyk.Biz olardan birini hem ayryp goymarys we biz Allahu tealaga buyun synyjydyrys. 137.Eger olar yagny kitap eyeleri yahudy we hiristanlar we shuna menzesler sizin iman getiren zatlarynyza iman getirseler HAK yoly tapandyrlar.Eger yuz owurseler size kineler we dusmancylyklary bardyr.Haky talap etmeklerinde hic zat yokdyr.Olaryn yamanlygyndan sizi ey Muhammet Allah halas etyar .Ol esidiji ,bilijidir.Ine su ayatlary gapdalynyza bir cay alyp pikir edip gorun umyt edyarin sizin yureklerinizi Allah hidayat yoly bolan syratul mustekyma salar diyip.Sizi Allah dogry yola salsyn!!!

  2. Gadyrly dost, her bir ynsana dogrulyk yoluny arzuw edip yagshy nietlidigin uchin kop minnetdar!
    Yazan ayatlaryn hem Isa Mesihin yoluny ret edenok, men seni dine chagyrysh edemok. Ozunin yazan 136 ayatyn Towrat, Injil, Zebur hakynda yagshy zatlar yazyar, biz olara ynanyarys diyyar. Eger olary okamasan we olar bilen tanyshmasan sen nadip Gurhanyn bu ayatyny erine etirersin. Eger olary okanynda bolsa hakykata doly dushunersin.
    Mana dushuniksiz zat, senin Towrady, Zebury we beyleki pygamberlerin yazgylaryny we Injili okamakdan we olara ynanmakdan yuz dondermegin. Gurhan olary okama we ynanma diymeyar, yone bu gunki musulman alymlary bolsa olar uytgedilipdir diyen yalan bahana bilen, olary okamaly dal diyip owredyarler. Sheydip, siz hakykata dolylylygyna dushunman galyarsynyz! Eger Gurhandaky 136 ayata ynanyan bolsan, onda ol ayaty erine etirmek gerek! Hakyky ehudylar, yada hristianlar Hudayn boyun bolmaklykda dogry yola eyeryarler. Olaryn dogry yoldadygyny, Gurhan hem kabir ayatlarda aydyp gechyar. Yone her bir dinde, milletde bolshy yaly men dindar diyip nadogry yolda gezyanler bardyr, shol sebapli bolsa Gurhan hem onun yaly adamlary yazgaryar, bu diydigi olaryn hemmesinin sheyle erbet bolandygyny anlatmayar. Her bir pygamberin dowrunde hem, Isanyn dowrunde hem ozlerini dindar sayyp, hak yuzunde bolsa Hudaya boyun bolmanlaryn bolandygy anykdyr, Isa hem onun yaly adamlary pash edip geldi, yone Isa olara gelen kitaplary, kanunlary kabul etdi we olary ykrar etdi.
    Shonun uchin yahudylar, yada hristianlar hakynda edilen Gurhandaky negativ gurrunler, olaryn Kitaplarynyn we yolunyn nadogrydygyny anlatmayar-da, olaryn arasynda dogrylykda yashamayanlaryn bolandygyny we hakykaty oz peydasyna yoyyanlaryn bolandygyny gorkezyar. Beyle adamlar bolsa gynansakda bar we ahyrzamana chenli bolar.
    Hich bir pygamber sheyle diymandi, Isa sheyle diydi, “Men yol, hakykat we yashayshdyryn”!
    Dostym, eger Isanyn diyyanler dogry bolsa, onda men “hakykatda, dogry yolda we yashayshdadyryn!
    Sana-da ene bir gezek ozunin oylanyp gormegini we Injili (yagny Hosh Habary) okamagy we ona iman etmegini chagyryaryn!

  3. Indi men hic Allah tarapyndan gelen kytaby inkar edemok bunu etsem Kuranyn kabirlerine ynanyp kabirini ynanmadygym bolar buda uly byr zalymlykdyr we olary okamakdanam yuz donduremmok yone siz muny nerden dusundiginizem bilemok yone sizin Hakdan gelen Kurany hem dusunmeyanizi bilyarin.Yenede bu Kitap hic bir zady kemciliksiz acyklayar onsanan men acyklanyp berilip durka nadip bashga kitaplary okayin ki onin icinde kabir shekli zatlar aytyarlar ki akly taydanam nakly taydanam .Onsanam sheke yakynlashyp kabirler yaly yalnyshlyga giraymegim munkin.Yenede beyleki kitaplaryn icinde niresinde yazyk ELBETDE BIZ KURANY INDIRYANDIRIS WE BIZDE ONY GORAJAKDYRYS diyip haysy bashga kitaplarda geldi?Meselem Towrat,Injil we beyleki sahypalar yaly.Bu Kurany Mudammet ynsanlara we jynlara okayardy onsanam ol hicbir mugallymyn onunde oturmaduk we-de yazyp okap bilmeyardi shunluk bilende shol dowurlerde Araplaryn icinde hususanda Ol Kuranyn inen yerinde okamak yazmakdan yza galakdylar Araplar.Bunun ozude uly delildir ki bu Kuran Allah tarapyndan gelen gerek zadynam acyklap beryar eger bunun bilen yashap yorsek.Ahyrky sozumde sizleri Allah oz syratyl mustakymyna dushursun!!!

  4. Ilki bilen sen nadip Hudayn sozune shekli diyip Hudaydan gorkanok! Eger Towrat, Zebur, Injil shekli, uytgedilen, nadogry diyjek bolsan onda bu Hudaya dil etirmek bolmazmy eysem. Gurhany Hudayn sozi diyip kabul edip, ondan onki gelen Kitaplary okamasan nahili bolar. Eger olary okap gorsen, onda Gurhanyn olary doly achyklap bermeyandigine dushunersin. Yone gynansakda sen olary okamak islemeyarsin. Huday Towratda hem, Zeburda hem, Injilde hem sozunin bu dunyaden gechip gitmejegini aydyp gechdi! Sen bir sozunde men ol kitaplara Hudayn sozi hokmunde ynanyaryn diyyarsinde, bashga soz bilen hem olar shekli diyyarsin. Ol kitaplar Hudaydan bolsa onda Huday olary goramagy basharyandyr!
    Isa Mesih halasgardir, ol senin gunalerin uchin toleg toledi, seni dowzah odundan halas etmek isleyar we sana baky yashaysh bermek isleyar! Shonun uchin hem Isanyn dunya gelmegine, yashayshyna INJIL, Hosh Habar diyilyar!

  5. Ey men senin dusunjane gurban boyanla men hudayin sozune shekli diyemok yone ol shekli diyyan zadym nakyla we aklyma garsy cykanson yagny Kuran dogry bolanson we-de ol uytgedimejek diyip wada berilenden son madam seyle bolup durka ona garshy cykyan hemme zatlaryn shekli dalde onyn yalnysdygyna da ynan yaryn cunki Allah tagalanyn sozu byrdyr ol sozuni hic wagyt uytgemeyar ony oz nefsine uyup, maly dunyani soyup ,ol ikisine gul bolup yorenler uytgetyar, bolmasa Allahyn sozu shol Atamyz Adam bolan-dan barik byrdyr ol sozde Allaha shirk yetirman ybadat etmek Rablykda-da, Ilahlilikde-de.We onun iberen Pygamberleride onun gullarydyr we olaryn hic birem Hudaylyga yaramayandygyna cunki olar mahlukdyr mahlukda Huday bolmagam mahaldyr yagmy mumkinsizdir.Onsanam Isa ol mana hichili toleg tolemedi, olda biz yaly beserdi ,iyerdi icerdi ,bir adam beyleki adamyn gunasini kyyamat gununde soralmajakdyr, Isa menin eden zatlarymda we-de men de onun zatlaryndam hic bir zat soralmajakdyr.We-de men size yene aytyaryn men hichili kitaby okamaklykdan yuz ogurmeyarin diyip.Son sozde edyan zadynyza bir pikir edip goruna Isa huday tutyanyz.Huday byrdyr yeketakdir hic komekci we-de ogula matac daldir ol alemlerin rabbydyr edyanzatlarynyzdan toba edin kurany onat,yagsy dusunun Allahdan gorkyn hicbir adam olman galjak daldir we-de son diredilman.Hemmekisih onun hokuminin onunde durcakdyr !!!

  6. Gadyrly dost, senin hudayhon adamdygyna, Hudayn dogrulygynda yashamak islegi bilen hereket edyandigine shubhe edemok. Emma mana dushuniksiz zat, senin Towrat, Zebur, beyleki kone aht pygamberlerinin we Injildaki hakykatlardan habarsyzdygyn we olary okamayandygynda. Eger Gurhanyn diyyanleri shol kitaplaryn diyyanlerine gapma garshy gelse onda haysy birinji tutulmaly, menin pikirimche olar, chunki olar ilki gelen kitaplar, olaryda Huday gorjakdygyny soz berdi. Hawa elbetde hakykaty yoyjak adamlar tapylar, yone hakykatynda tarapyndaky adamlar hem kop. Shonun uchin hakyky kitaplar saklanyp galan we shu gunki gun hem bar. Munun uchin sen ol kitaplary okamaly we sonra hakykatyn nirededigini deneshdirip gormeli. Men sana bashga kitaplary aydamokda, Gurhanyn hem okap iman edin diyen kitaplary bolan Towrat, Zebur, Injili aydyaryn. Eger olary uytgedilen diyip ynansan onda muna sen delil getirmeli, ilki bilen sen olar uytgedilen diyjek bolsan onda sende uytgedilmedikleri bolaymaly, sholara esaslanyp sen olar uytgedilen diyip bilersin. Bolmasa bu dushunje nadogry bolar we Hudaya garshy chykmak bolar!
    Ege Isanyn ady yuze golay Gurhanda yatlanan bolsa, onda bu Atda ayratynlyk bar. Hich bir pygamber hakynda Isa hakynda aydylany yaly aydylmady.
    Hawa Isa bizin yaly ynsan bolup er yuzunde yashady, yone shol bir hatarda Isa Gokden Hudaydan chykyp ere geldi, ol dine erden bolman, Gokden gelendir hem. Shonun uchin Towrata , Zeburda, Injilde, hatda Gurhanda hem Isa Mesih, Hudayn Sozi, Hudayn Ruhy, Halasgar diyyarler. Ol Gokden gelendigi uchin ynsan bolup yashasada hich hili guna etmedi, ahli ynsanlar guna etdiler, emma Isa chirksizdir, shonun uchin hem Hudayn adamzadyn gunasi uchin berjek gurbanlyk Guzysy bolup bildi, Isa oz olumi bilen gunalerin muzdyny tolemeli edildi. Huday Isa arkaly adamzada gutulysh yoluny achdy! Chunki adamzat hich bir zat edip Hudayn onunde aklanyp bilmejekdi, shonun uchin Hudayn ozi gutulysh yoluny doretdi. Shonun uchin Isa “Men yol, hakykat we yashayshdyryn!” diydi. Huday Isa Mesihi gutulysh we yashaysh cheshmesi edip goydy! Bu bolsa Hudayn adamzat uchin merhemetidir, yagny gaznylyp bolmajak sogadydyr! Muny biz yone iman bilen kabul etmelidiris!
    Yone bir Isanyn erdaki durmushy, eden ishleri we taglymaty hakynda owrenip hem Onun hakykatda hem Hudayn yollan Halasgaridigini bilip bolyar. Shonun uchin hem Isa diymek “Halasgar” diymegi anladyar, Injil diymek bolsa “HOSH HABAR” diyip anlatyar. Ynsanyn janynyn dowzah odundan gutulmagy uchin doredilen yol, gutulyshdan bashga ynsan uchin beyik Hosh Habar bolup bilmez. Shol sebapli Isa Mesihin ere gelmegi, yashamagy, olmegi, uchunji guni direlmegi, Goge galyp Hudayn sagynda oturmagy, ene-de gaydyp geljegi we ahryzamanda Kazy hokmunde boljagy hakyndaky kitaba Injil, yagny Hosh habar diyilyar!
    Sen ondakylary kabul etmesen we iman etmesen onda baky jeza hokum edilersin! Diri Hudayn eline dushmek elhenchdir! Eger sen Hudayn sheyle beyik soygusini we merhemetini kabul etmesen onda Huday seni kabul etmez! Hudayn soygusi we merhemeti bolsa Isa Mesihde ahli ynsanlara elyeterlidir!
    Bu menin pikirlerim dal, bu Hudayn yazgylaryna esaslanan we taryha esaslanan taglymatdyr!
    Eger chyn yureginden hakykaty gozlesen, ony sana Biribar achar!

  7. Dost sena meni chalaja yilgyrtyanay.We ondansonam dost, men senden sorayaryn ,,sen name ucin Kurana dushunesin gelenok,, onda hemme zady acyklanyp berilda!!!Kurana ynanshym yaly beyleki kitaplarada ynanyaryn we-de olary okaryn.Hich munda shekin bolmasyn, yone sende birzat talap etsen, mende talap etmage hakym bardyr, sen bir gozel shekilde Kurany okasan we dushunsendin.We bu Kitabyn ozu guwa gecyar menin onumde we sonumda hic yalnysh gelmejekdiye.Gel ilki Kurany okaly hatda kone ahydam yagshy dusineris! We mumkin kone kitaplardan onurti taze gelen kitaby okasak kone kitaplary acyklap beryandir.Sen name ucin bu kitaby okamakdan yuz dondiryan.Senin hakykat diyyan zadyny ozu dogrulygyna guwa gecip duran kitapda taparsyn diyip umyt edyarin.Gel dost okali bu kitap ozunin byrynjy ayaty ,,oka,,diyip sezinde we meninde Alemlerin Rabby bolan Allahdan geldi, Jebrayilnyn getirmegi bilen Ol Muhammet yuregne ,olda dogry yola dushmek uchin Insanlara we Jynlara okady bunluk bilen bu Pygamber Aleme duyduryju hokmunde geldi.Son sozde yagshyja pikir edin we-de tejribe edip gorun,tejribe in gowy byr delildir!!!

  8. Men Kurhany okap dushunesim gelman duranok. Men ony okanymda dushunip okayaryn. Kurhanda gechen kitaplar barada we olardaky pygamberler hakynda kabir maglumatlar bar, yone dolulygyna dal. Shonun uchin bu yada bashga bir pygamber hakynda doly biljek bolsan onda, olar hakyndaky yazgylaryn ozuni okamaly, shonda hakykata doly dushunip bolyar. Shonun uchin Isa Mesihe dushunmek uchin ondan onki kitaplarda ol hakynda yazylanlary okamaly we Isa Mesihin durmushy barasynda bolan Injili (Hosh Habary) okamaly we iman getirmeli.
    Ene bir gyzykly zat, Huday hich bir pygamber hakynda onunde Isa Mesihe edilishi yaly pgaymberlik yada welilik edilmedi. Emma Isa Mesih hakynda yuzlerche Kone Aht welilikleri bar.
    Isa Yone bir pygamber bolman, ol pygamberden ulydyr hem we adamzat uchin “yol, hakykat we yashayshdyr”! Hemme pygamberler, “yol, hakykat we yashaysh” hakynda gurrun etdiler, Isa Mesih bolsa shol “yol, hakykat we yashayshyn” Ozidir!
    Hich bir pygamber ahyrzamanda Kazy hokmunde, patysha hokmunde geler diyilmeyar, emma Isa Mesih ahyrzamanda Kazy we patysha hokmunde ene-de er yuzune geler.
    Shonun uchin gutulysh aljak bolsan, hakykata, yola we baky yashaysha etjek bolsan onda Isany Mesih we Halasgar hokmunde kabul et! Ol bu gun hem diri, ol senin kalbynyn gapysyny kakyar, eger yuregini achsan onda Ol senin yuregine girmek isleyar!
    Eger islesen, skype usti bilen geplesheli!

  9. Dost men muny dinlap gordum. Adamlar bu dine yada ol dine gechmegi bu gunde bolup gechyan waka! Bir yada mun adamyn bu dinden bashgasyna gehcmegi, hakykaty dolylygyna gorkezmeyar. Men hem sana yuzlerche musulmanyn Isa mesihinin yzyna eyerishi hakyndaky shayatlyklary salgy berip bilerin. Yone hakykata dushunjek bolsak onda hakykatyn cheshmesi bolan Hudayn sozune seretmeli. Eger Isa Mesihe dushunjek bolsan onda Injili okamaly we ony iman bilen kabul etmeli! Isa Mesihin durmushy yaly, taglymaty, olumi we direlishi yaly we adamzat uchin hodurleyan yashayshy yaly hich kim bolup bilmedi! Bu sebapli we bashgada kop sebapli Isa Mesihin gelmegi bilen Hosh Habar dunya geldi!
    Eger islesen skype arkaly gurlesheli!

  10. Ata watanda goruship, chay bashynda gurrun etmage degerli zat bolmaz! Ol guni hem Huday etirer dien umytda. Yone shol bir hatarda, hayr ishi sona goyman, bu gunki internet tehnikasyndan peydalanyp sohbetdeshligi dowam etdirmsek hem erbet bolmazdy!

  11. Esselamu aleykum men ittebe alelhuda.

    Bismillahirrahmanirrahym.
    Hamyd alemlerin Rabby bolan dine Allaha hasdyr we salat we salam onun Rasuluna we ehli beytine we sahabalaryna we kiyamata chenli olaryn yzyna gowluk bilen dushenlere bolsun. We bundan son.
    Bu senden ya-da sizden kabir soraglary soran zat yeketak Allaha sheylebir Allah ki hich bir zada matach bolmadyk we bolmayan we-de bolmajak we dogulmadyk we dogurmadyk we hich menzeshi bolmayan beyiklerin beyigi we bundan bashga zada Hudaylyk we Rablylyk layik bolmayan Zada iman getirdi we Onun Rasuly Muhammede we Isa we Musa we bonlardan bashga Hak yola cgagyran pygamberlere,hich birini tafrika,uytgeshik gorman ynandy we dogry yola dushdi.Bu byr hak zatdyr hakdan sonra hem batyl bardyr.
    Indi men son sozumi aytyan Bu goryan shahsynyz sizbilendalde sizin we siz yalylaryn garshysynda boljakdyr.Siz sheyle bir zat diyyaniz ki asman yarylyp,zemin jayrylyp,daglar kul etjek zatlar.We asmanlar we yerler we bul ikisinin ichindaki zatlar dine has Allahynkydir.We Ol hemmezada kadyrdyr…

  12. Salam dost, komment galdyranyn uchin minnetdar!
    Senin Allah hakynda aydanlaryn hakykat, hich kim hem Allah bir zada matach, yada dogulan we doguran, ona menzesh biri bolan diyip gurrun edenok bu tayda! Allah hemme zady basharyandyr, eger adamz uchin gutulushy Isa Mesih arkaly bermegi Alla islese onda sen kim muna shubhe eder yaly! Allanyn yoluny, meylini bilmek hem Onun Sozi arkaly bolyandyr, Towrat, Zebur, we beyleki gadymy pygamberlerin yazgylary we Injil Allanyn yoluny bize ayan edyar. Sen oz pikirine dayanyp ol yada bu dogry yada nadogry diyip bilmersin! Eger senin diyyanlerin Hudayn sozune gapma garshy gelse sen Hudaya garshy gelyarsin!
    Isa Mesihin halasgardigini ahli Yazgylar ykrar edyar, sen bolsa muny ret edyarsin!
    Munun erine, pak yurekden gunalidigini boyun alyp, Allanyn Isa Mesihdaki gutulushyny shukur bilen kabul et, shonda sen Allah bilen yarashyp bilersin we Ol seni jennetine wagtyn gelende kabul eder!

  13. Watandash ildesh, bu sahypanyn maksady bu sahypada gorkezilen, eger sen Bash Sahypa barsan ol tayda gysgacha maksat dushundirilen! Maksat, Hudayn Oz rehimi we merhemeti arkaly bize etiren gutulush yoly Isa Mesihi kabul edip adamlaryn gunalerinden, gunanin netijesinde bolan dowzah ot jezadan, Sheytanyn guyjunden halas bolmak we shonda Hudaydan gelyan uytgewsiz shatlyga, dynchlyga, durmushyn manysyna eye bolup bu dunyade Hudayy hem adamlary soymage guych alyp yashamak!

  14. Abdulahad, Huday tekepbirlere garshydyr, pesgowunlilere bolsa merhemet edyandir! Gadyrly dost, sen menin garshymda bolanok-da, Hudayn Ozunin garshysynda, Onun Sozunin garshysynda bolyarsyn! Bu bolsa, gaty gorkunch zat, sen mana garshy bolup bilersin, yone Biribar Yaradyjy Hudaya welin garshy bolup bilmersin! Huday iyiji otdur hem! Mukaddes Yazgyda sheyle sozler bar: “Bu gun gutulysh guni, yureginizi gatatman, Huday yakynynyzda wagtynda Ona iman edin”

    Dost menin yada shu sahypa uchin jogapker ildeshlerimizin sana hich hili dushmanchylygy yada yamanlygy yok! Bizin bar isleyan zadymyz senin we bashgalaryn HOSH HABARA dushunmegin we bu arkaly bereketlenmegin!
    Her bir ynsan wagty gelende Hudayn onunde chozgudi uchin jogap beryar!

    Sana bolsa amanlyk we parahatchylyk arzuw edyarin!

  15. Sagbol hatynyza yone Isanyn (a.s.) gutulysh yoly name bolyar? Isa kim bolyar? Isa bilen Allahyn arasynda name tapawut bar? Yslam dinindaki Isa bilen Hristian dinindaki Isanyn tapawudy name? Musulmany Hristiandan tapawutlandyryan zatlar name?
    Gayrat edinde yone owadan sozleri aytman-da Mukaddes kitaplardan anyk deliller getirin! Hak yol bir bolmalydyr eger hak bolsa name uchin haklygyny dushundirin? Isa bu dunya name uchin gelyar maksady name dine delil bilen aydyn! Yagny Injilde deliller getirin elbetde bu barada aydylyandyr Injilde. delilsiz zat aytsanyz bu Isanyn getiren zadyna taze zat goshdugynyz bolar! Shonun uchin gayrat edinde delil bilen gurlan! Yogsan kanagatly bolmaz!

  16. Isanyn Ozi gutulush yolunyn ozudir! Injilin Yahya boluminin 14nji babynyn 6-njy ayatynda Isanyn Ozi sheyle diyyar: “Men Yol, Hakykat we Yashayshdyryn, hich kim Hudaya mensiz baryp bilmez!” Bu dine sozde dal, ish yuzunde hem Isanyn durmushynda erine etdi! Eger Injilin butinley okasan muna ozun hem goz etirersin! Isa gokden Hudayn ichinden chykyp gelen Halasgar, Mesihdir. Mesih diymek bolsa Hudayn halasgar bolmaga bellani diymekdir. Mesih baradaky pygamberliklerin yuzlerchesi Kone Aht yazgylarynda onunden aydylypdyr. Isa bilen Allanyn arasynda kop tapawut yok, chunki Olar birdirler. Yone Huday Ozi Isada er yuzune gelip adam keshbinde bolup bize gunalerden we dowzah odundan gutulush yoluny achdy. Shonun uchin Isa Injilde “kim meni kabul etse, Huday kabul edendir, kim meni gorse Huday gorendir” diyyar. Yahya 1:1-5 “Ozal-bashda Soz bardy,Soz Hudaydady, Soz Hudayn Ozudi.Ol ozal bashda Hudaydady. Hemme zady Ol yaratdy, yaradylan zatlaryn hich biri Onsuz yaradylmady. Onda ýaşaýyş bardy, ýaşaýyş bolsa ynsanlaryň nurudy. Bu nur garankylykda parlayandyr, garaňkylyk ony öçürip bilen däldir. Ol dunýadedi, dunýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dunýä Ony tanamady. Ol özüniňkilere geldi, özüniňkiler Ony kabul etmediler. Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolma hakyny berdi…”
    Bir tapawut, Isa yuz paýyz adam teninde hem ynsan bolup ýaşady. Isada hudaýlyk hasýet we ynsan hasiýetler bilelikde hereket edýärdi. Yslam dinindäki we Injildäki tapawut, ilki bilen Isany Yslam Halasgär we Mesih hökmünde kabul etmeýärler. Isanyň Hudaýlyk hasiýetlerini ret edýärler. Isanyň haçdaky adamzat uçin gurbanlyk guzy kimin öldürilendigini we üçunji güni direlendigini ret edýär. Hudaýyň Isa Mesihi ahli adamzat üçin Özüne gelmek üçin ýol, hakykat we yaşaýyş edendigini ret edýärler, ene bir in wajyp tapawut Hristiançylyk çäksiz we sebäpsiz söýmeklige esaslanan. Ýagny Isanyň “dushmanlaryňyzy hem söýüň, sizi yzarlaýanlar üçin haýr doga ediň, bir dullugyňa ursalar, beýlekisini hem tut, goňşyňy özüň ýaly söý” diýenlerine esaslanan söýgude ýaşamaga çalyşýarlar. Isanyň özi hem we onuň şägirtleri hem din hatyrasyna ýada başga zadyň hatyrasyna adam öldürmediler, munuň deregine Isanyň yzyna eýerip bu ýoluň hatyrasyna janlaryn pida etdiler!
    Musulmany Hristiany tapawutlandyrýan zat hem ýokarda aýdylanlar bilen baglanyşykly. Musulmanlar bilişiň ýaly, yslam parzlaryny erine etirmäge çalyşmak bilen Hudaýdan gutulyş almak isleýärler, Hristianlar bolsa Isa Mesihiň haçdaky getiren gurbanlygyna esaslanyp gutulyşy Hudaýan sowgat hökmünde alýarlar, ol sowgady alanlygy uçin hem Hudaýa gulluk edýärler we onuň parzlaryny erine etirýärler. Hristianlar, adam öz özüne gutuluş ýoluny ýasap bilmeýär we öz özüni halas edip bilmeýär, şonuň üçin Hudaý Halasgär iberdi we gutuluş ýoluny açdy diýip ynanýarlar. Bilşiň ýaly, Hristianlar, Kurhana çenli gelen ähli Mukaddes Ýazgylary okaýarlar we olarda ýazylanlara ynanýarlar,çünki Mukaddes Ýazgylar biri biriniň üstüni dolduryp Isanyň dünýä gelmegi bilen we ene-de gaýdyp geljekdiginiň buşlugy bilen tamamlanýar. Hristianlar, Kurhanyň gelmegine we enede bir pygamberiň Isadan soň gelmegine ynanmaýarlar, çünki bular hakynda Mukaddes Ýazgylardan pygamberlik, ýada başga delil görmeýärler.
    Men saňa aýdýan her bir pikirim we taglymatym Mukaddes Ýazgylara esaslanan. Olaryň her birini men bu koment ýazylýan erde ýazsam sen okamaga hem ýaltanarsyň. Şonuň üçin sen isleseň, radio gepleşikleri diňläp gör, makalalary okap gör, Injiliň audio ýazgysyny diňläp gör we şu website bar bolan kitaplary okap gör, şonda sen meniň aýdýanlaryma göz etirersiň!
    Saňa üstünli, parahatçylyk we şatlyk arzuw edýärin!

  17. Belki siz yaly tekebbirlere garshydyr ol,chunki siz hak zad aydylanda yuz donduripde ony kabullanman ondan son gelip haky kabul edene tekebbir diyyanizmi,asla we kella.Sizin tekebbir diyyan zabynyza bilemmok welin asly tekebbirlik mende dalde onon ozu sizde.We-de bilin sizin pesgowunlilik diymekliginiz adamlara aldadyjy pesgowunlilik bolupda arkasyndan gelyan ahlaksyzlyk bolaymasyn bundan Allaha sygynyaryn ya bolmasa pul etdiryar mika bularyn hemmesini bilmeriski. Allahyn onune baramyzda bunlaryn hemmesi acyk bulutsuz gundaki gurunen zatlar yaly OL gunde hemmelerin zatlary Allahyn hokumunin onunde bolup ol yerde hammezat acyga chykjakdyr.Onun insonky sozi bolsa Kurandyr Injil daldir buna garshylar olaryn ozleri bu alemin Rabby bolan Allaha gyrsydyr.Bu bolsa gorkync zad diyip meni gorkyzjak bolyan zadynyzdan ozuniz gorkyn ol gorkunc zatdyr dogrudanam.Huday hich ot daldir ol sheytan otdandyr ol bolsa sizi eyerlap minipdir weli onun diyan zatlaryndan ,onun suju sozunden kellaniz dumanlap hak yola dushup bilman yorsiniz yok yok hak yoldakanyz siz turkmenler chynyarnyz.Dogry aytyanyz Hak Huday insana dogry hidayat we-de nur diyip ugradan Hak oluna dushun yone ondan bashga huday tutunmazlyk bilen Isa hich wagyt Huday bolup bilmez ol dine hakdan azanlary dogry yolda bolmaklyk ucin duyduryjy Hak pygamberdir we shonun bilen birlikde Hak yola dushenlere bolsa Allahyn gurtulush yolyny bushlamak ucin iberlendir.Wede gutlayan menin yaly yene sizin garsynyzda durjak biri gelipdir oytyan olda siz bilen biraz sorag jogap edip hak yola dushmekliginizi islarsiniz diye.We gynanyan shu wagtky Remezan ayindaky kop sogaplar gazanman bashka diyn bilen gumra bolup yoreninize.Borda Allah hidayat etsin sizi…

  18. Sagbol hatynyza kop yazypsyn yone her sozun ustunde chunnur durup gechmesek kan dushup bolanok watandash. Menin birnache soraglarym bar:
    1)Senin yazanyn: Isanyn Ozi gutulush yolunyn ozudir! Injilin Yahya boluminin 14nji babynyn 6-njy ayatynda Isanyn Ozi sheyle diyyar: “Men Yol, Hakykat we Yashayshdyryn, hich kim Hudaya mensiz baryp bilmez!”
    Sorag: Bu sozlere nadip dushmeli? Men sana sorag berdim gutulush yol name diyip size bolsa Isa diyyan. Bu kanagatly dal. Adamlar Isanyn gutulush yoluna nadip baryandygyny nadip dushundirdi? Kitapdan delil getirin! Men yol nahili yol? Men Hakykat nahili hakykat we name uchin? Men Yashayyshdyryn o name diydigi? Hich kim Hudaya mensiz baryp bilmez muna nadip dushmeli biz Isa yabada etmeli yada bashga zatmy?
    2) Senin yazanyn: Isa bilen Allanyn arasynda kop tapawut yok, chunki Olar birdirler. Injilde aydylyarmy bir diyip ya sen aydyanmy?
    Soraglar: a) Bir bolyan zatlar 100% den bolmaly dalmi? Biraz tapawudyn bolan zatlara bir diyip bolyarmy?
    b) Olar den bolayan halynda onda adam ony Huday yaly gorup Isa hemme zady bilyar hemme ishimde Isanyn ady bilen bashlajak.
    Isa hemme zady bilyarmy?
    Isa ady bilen amalyny bashlasan bolyarmy?

    Shu gunlukche shu soraglar belki kanagatly jogap berersiniz oydyan yone kitapdan delil bilen gurlan!!!

    Poka

  19. Gadyrly dost, sabyrlylyk bilen beryan soraglaryna minnetdar!
    1. Isa “Yol, Hakykat we Yashaysh” dienine dushunmek uçin uly akyl gerek däl, muňa ýönekeýlik bilen ýüregi açyklyk gerek. Isa Men “yol” diýmegi, Hudaýyň Isa arkaly adamlar bilen ýaraşyk baglanmak üçin bir ýol ýasandygy, ýagny Isa Mesih adamzadyň günäsi üçin tölegi, haçdaky ölümi arkaly töledi, Isanyň gan dökmegi bilen günäniň muzdy tölendi. Muňa iman edenler bolsa günälerinden gutular diýip Hudaý wada berdi Injilde. Şonuň üçin Injilde Ýahýa pygamber şeýle diýýär: “Ol özüne tarap gelýän Isany görüp, ine Ol dünýäniň günäsini Öz üstüne aljak gurbanlyk guzusydyr” diýdi. Şonuň üçin hem Isa Ýoldur. Isanyň gutuluş ýoluna barmak üçin Isany ýüregiňe Halasgär hökmünde kabul edip, Onuň eden işlerine, taglymatyna iman getirmeli. Onuň gutuluş ýoly bolandygy üçin, Ol hakyndaky habara Hosh Habar, ýagny Injil diýilipdir!

    2. Men saňa oňki ýazanlarymda Injilden Isanyň Hudaý bilen birdigi hakynda aýatlara salgylanypdym. Isa bilen Hudaý birdir! Muny açykdan açyk Injil köp ýerlerde aýdýar. Isanyň Özi hem bir gezek ondan bize Hudaýy görkez diýenlerinde Ol, “Meni gören Huaýy görendir, Meni kabul eden Hudaýy kabul edendir!” diýdi. Mundan başgada kop aýatlar Injilde muny tassyklaýar.
    Isanyň hakykatlygy hakynda, Isa Men “hakykat” diýdi, çünki Ol hakykaty aýtdy we şol hakykaty ýaşap görkezdi! Çünki Onuň özi dünýäde hiç bir günä etmän ýaşap Hudaýyň talap eden hakykaty ýaşaýşynda ýaşap görkezdi! Şonuň bilen Ol hakykatyň Özi boldy!
    Indi bolsa, “ýaşaýyş hakynda” Isa ýaşaýşyň çeşmesi boldy, çünki Ol ölülere ýaşaýyş berdi we direltdi, Maňa iman edenlere hem ýaşaýyş bererin diýip wada etdi. Ondan başgada ölüp ölümden soň üçünji güni direldi, we özüniň ýaşaýyşdygyny subut etdi!
    Eger Isa Mesih, gunälerden gutulyş bolsa, hakykatyň Özi bolsa, ýaşaýyş bolsa onda kimdir biri Onsuz Hudaýa baryp bilermi, gunä bagyşlanmazdan Mukaddes Hudaýyň ýanyna baryp bilermi! Ýok! Şonuň üçin hem Isasyz gutulyş bolup bilmeýär. Isanyň şägirdi, şeýle ýazypdyr:”halas bolmak üçin Isadan başga gaýry at ýokdyr!” Biz Ol arkaly ruhy rowaçlyga etip bilýäris! Munuň üçin Ony ýüregiňe kabul etmeli we Onuň eden işlerine iman getirmeli!

    Isada 100% Hudaýyk we 100% ynsanlyk bardy. Eger Injiliň sözi bilen aýtsak, “Hudaý jan ten bolup aramyzda ýaşady”. Hudaýyň beýle etmeginiň sebäbi hem Onuň adamzada bolan belent söýgüsidir. Hudaýyň adam teninde ýer ýüzüne gelmegine adam aňy bilen doly düşünmek mumkin däl, ýöne Hudaý muny etdi. Meniň Isa bilen Hudaý birdir diýip aýdanym, Injiliň sözi meniň sözüm däl. Meniň saňa aýdýan zatlarymyň her biri hem Injile esaslanan we delilini ol erden tapýar. Injili kabul edýän bolsak onda onuň Isa we Hudaý hakyndaky taglymatyny hem kabul etmelidiris!
    Hawa Isanyň Özi injilde meniň adymdan dilaň size beriler diýdi. Şonuň üçin hem Onuň ady bilen Onuň şägirtleri jynlary kowdylar we kowýarlar, syrkawlary bejerýärler, ölileri direltdiler we köp gudratlar etdiler, hemmesini hem Isanyň ady bilen etdiler!
    Isanyň adynda günälerden gutulyş, gudrat we ýaşaýyş bar!
    Eger isleseň, skype, ýada yahoo messenger arkaly gurleşip bileris, şonda men saňa isleseň aýatlary hem okap bererin!
    gowy arzuwlar bilen! Poka

  20. Ay dost bar zady bulashdyryp tashladyn bagyshla, name diyyanini ozun bir bilyanmi? Entak sen Injili doly bilenoga watandash gozune doneyin!!!! Men sozum Injil diydin oturdyn bir degerli delil aytmadynla! Mana name yazyan bolsanam Injilin haysy kitabyndan haysy babyndan we haysy ayatyndan alyany bir aytsana. Skype we yahoo messanger bilen gurleshshek bolsan biraz name diyyani owrenmegini maslahat beryan!!!! Gadyrly watandash men sana diyen zatlaryndan dine kabir sorag berjek shony delilleshdirip bilsen molodes diyjek:
    1) Sen diydin Hawa Isanyň Özi injilde meniň adymdan dilaň size beriler diýdi. Şonuň üçin hem Onuň ady bilen Onuň şägirtleri jynlary kowdylar we kowýarlar, syrkawlary bejerýärler, ölileri direltdiler we köp gudratlar etdiler, hemmesini hem Isanyň ady bilen etdiler!
    a) Sorag onda Matfeyden bolan Injilde 7. bap 22-23 ayatda name uchin Isa sen diyyani tassyklanok?
    b) Isanyn oluleri direldyandigine hakynda ayatlar ayt!
    c) Isa bilen Hudayyn bir bolushyna delil hany. Sen dine shuny aytdyn (“Hudaý jan ten bolup aramyzda ýaşady” bu haysy ayat?) bu birligini tassyklayarmy name? Belki Allah hemme wagtam yanymyzdadyr komek edyandir diydigidir yogsam Isa bilen Allah birdir diyerdi?
    d) Isa Allah bolyan bolsa onda ol hemme zady bilmeli diyip dushunmeli dalmi?

    Hany shu soraglara jogap sonunam gorubereris Allah nesip etse!
    Allah sana dogry yola salsyn yone ozun dogry yola ymtylmasan Allaham senden bizardyr! Sen turkmen bolsan sen oz dinimizi owrenjek bol, shonda 2 dunye bagtly bendelerden bolarsyn! Hany bolyar watandash onda da ozun govy bilyan!

    Chau

  21. Watandash dost, men hich zady bulashdyramok!
    Men sana name diyen bolsam hemmesini hem ayatlar bilen getirip sana aydyp bilerin. Olara sen iman edip bilsen boldy, sonuda ay men Injilin hakykatdygyna ynanamok diyip durmasan boldy!
    Indi bolsa senin soragyna jogap:
    1)Mattadaky yazylana jogap bermezden on men sana Isanyn menin adymdan dilan size beriler dien ayadyn nirededigini sana aydayun. Eger islesen Yahya 14nji bap 1ayatdan 14-e chenli okay, yone esasan hem senin soragyna 13-14-i ayatlar jogap beryar: “Atam Ogulda şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin. Meniň adym bilen bir zat dileseňiz, berjaý ederin.” Ondan bashga ene-de Yahya 15:7 “Mende galsaňyz, Meniň sözlerim sizde galsa isläniňizi diläň, ol dilegiňiz biter…. 16-njy aýat “Siz Meni saýlamadyňyz, Men sizi saýladym, gidip miwe öndüriň we miwäňiz uzak galsyn diýip, sizi wezipä belledim. Şeýlelikde Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer.” Dostjan ine bular Injilden aýatlar!
    Indi bolsa Matta 7:22-23 barada gurrun edeli. Mattanyň 7-nji babyndaky aýatlara duşünmek üçin kontekste seretmek gaty wajypdyr, 22-23 aýatlardan öňki aýatlarda gürrüň näme hakynda gidýär, muny bilmek gaty wajypdyr. Şonuň üçin biz hökman 15nji aýatdan okap bashlamaly, Isa şeýle diýýär: “Ýalan pygamberlerden äge bolusň, olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma içi ýyrtyjy möjekdirler. Siz olary miwelerinden tnarsyňyz. Tikenden üzüm ýa gyzgandan injir ýygylýarmy? Şonuň ýalyda her bir oňat agaç oňat miwe berýändir, erbet agaç bolsa erbet miwe berýändir. Oňat agaç erbet miwe berip bilmez, erbet agaçda oňat miwe berip bilmez. Oňat miwe bermeýän her bir agaç kesilip, oda taşlanýandyr. Şeýlelik bilen, ýalan pygamberleri miwelerinden tanarsyňyz. Maňa,’Ýa Reb, ýa Reb dien her adam Gökleriň Patyşalygyna girmez, diňe göklerdäki Atamyň islegini berjaý eden girer. Şol günde köpleri Maňa: “Ýa Reb, ýa Reb, biz seniň adyň bilen welilik etmedikmi? Seniň adyň bilen jynlary kowmadykmy? Seniň adyň bilen köp mugyjyzalar etmedikmi? diýerler. Şonda Men olara: “Eý betkärler, Men sizi asla tanamaýaryn, ýanymdan aýrylyň!” diýip, açyk aýdaryn. Şeýlelikde, Men bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän kişini öýüni gaýanyň üstünde salan akylly adama meňzedýärin…” Ilki bilen butin tekst boýunça Isa Özüne Reb diýilmegini ret etmeýärde, Oňa ynanan bolup, gudrat görkezen bolup, dürli işler edip, özleri bolsa betkärlik, ýagny kanunsyzlyk edip ýaşaýanlara duýduryş hökmünde aýdýar. Eger Isa Reb diýip hem günäde ýaşasak, erbetlik etsek onda Gökdäki patyşalyga girip bolmaýar. Şonuň üçin her bir Isa Reb diýýän adam çyn ýürekden dogry ýaşaýyşda yaşamaga çalyşmaly. 21-23 aýatlardan öňki aýatlar, Hudaýyň adyndan geljek ýalan pygamberler, “hudaýhon” adamlaryň geljekdigini ýöne olary miwelerinden tanamalydygyny aýdýar, bu bolsa Isanyň soňky aýdanlaryny esaslandyrýar. Bilşimiz ýaly dürli pygamberler dürli alamatlar hem görkezipdirler, ýöne kop ýalan pygamberler hem şeýtanyň güýji bilen alamatlar görkezipdirler. Ýöne ýalan pygamberleri, gudrat görkezselerde, miwelerinden tanapdyrlar. Isanňy hem yzyna eýerýänleri miwelerinden tanap bolýar. Dost gowyja uns berseň, Isa bu aýatda “Şol günde köpleri Maňa Ýa Reb, Ýa Reb, biz seniň adyň bilen welilik etmedikmi?…”Isa bu taýda Özüne Reb diýilendigini ret edip gürlemeýärde, olaryň Onuň ady bilen birzatlar edendigini aýdypda, dogrulykda ýaşamandygyny görkezýär. Ondan başga ene-de bir iň wajyp hakykat, Isanyň “şol günde” ýagny “şol gün” bu soňky gün ahyrzamandaky höküm gününde, Isanyň Kazy hökmünde boljakdygy we hemmeleriň Adyl Kazynyň öňünde durmaly güni hakynda gürrüň gidýär. Onda bu aýat Isanyň iň soňky günde Adyl Kazy boljakdygyny görkezýär we her bir adam onuň öňünde jogap berjekdigini görkezýär. Bilşiň ýaly Injil we beýleki Ýazgylar Isanyň Kazy hökmünde geljekdigini aýdýarlar. “Şol günde” adamlar oňa ýa Reb diýerler, muny bolsa Isa ret etmeýär we olary siz maňa ýa Reb diýdiňiz şonuň üçin sizi men kabul etmeýärin diýmeýär, olary betkärlikde, iman eden bolup kanunsyzlykda ýaşandyklary üçin ýanyndan kowýar. Bilşiň ýaly dost Hudaý, Hudaý diýip, iş ýüzünde bolsa kanunsyzlykda ýaşaýanlaryň bolsa köpdügi bu günler hem anyk! Şonuň üçin ynsan ýüregine, ýaşaýşyna dykgat etmeli we çyn ýürekden aýdýanlaryny ýaşamaga çalyşmaly!
    b) Isanyň ölüleri direldişi, Luka 8:40-56 aýatlar, uç gün gabyrda ýatan ölüni hem direltdi: Yahýa 11:17-44 we ene-de Luka 7:11-17. Yahýa 19:19-29.
    c)Isa bilen Hudaýyň birdigi hakyndaky aýatlar: Yahýa 1:1-5,9,10,14,18; 8:12-30 munda esasy aýatlaryň biri 25-nji aýat “Isa olara diýdi:’Ozal-başdan size näme aýdan bolsam Şol Bar bolandyryn” “Bar bolan” bu erde Köne Ähtdäki Hudaýyň ilkinji özüniň aýan eden atlarynyň biri hökmünde gelýär. Soňrak ene-de 8-nji bap 58-59 aýatlarda Isa şeýle diýýär:”Hakykatdan size dogrusyny aýdýaryn, Men Ybraýym dogmazyndan öň-de Bardyryn. Şonda Oňa atmak üçin daş aldylar…” Ony daşlmak isleýändikleriniň sebäbi hem Onuň Özüne Hudaý diýýändigi üçin boldy. Iň agyr günä edilende, iň esasy hem Hudaýa dil etirilende Ehudylar daşlap öldürýärdiler. Yahýa 14 bap 6-14.Ene-de bir er Yahýa 20:24-31 aýatlar. Esasan hem ine bu aýada uns ber: “Tomas Oňa jogap berip diýdi:”Rebbim, Hudaýym! diýdi. Isa oňa diýdi: “Sen Meni göreniň üçin iman etdiň; görmän iman edenler nähili bagtly!”
    Bulardan bashgada Isanyň eden işleri we aýdan sözleri Onuň Hudaýlyk häsiýetlerini subut edýär. Mysal üçin, “men ýaşaýyşdyryn, ýaşaýyş çöregi, dirilik suwy, ýaşaýyş ojagy, günäleri bagyşlamak,Oňat Çopan, Gökler üçin Gapy, direliş-de ýaşýyşda Mendirin diýmegi,Alfa we Omega, başlangyç we Soň, Adyl Kazy bularyň hemmesi Onuň Hudaý bilen Birdiginiň subutnamasydyr. Ol geplände Hudaý ýaly gepledi, Hudaý ýaly hereket etdi,Hudaýy edip biljek gudratlaryny erine etirdi! Bulardan başgada onlarça aýatlar Isanňy şägirtleriniň ýazan hatlarynda getirilen.
    Hudaý Gudratygüýçlidir, eger Ol Isada Özüni aýan etmek islän bolsa we gudrat bilen Hudaýyň SÖZI bolan Isa ere gelip aramyzda “jan-ten” bolup ýaşan bolsa, onda biz muňa garşy durman begenip kabul etmeli dälmi eýsem! Isa Mesihe Reb diýmek bilen biz ikinji Hudaýyň bardygyny aýtmaýar-da, şol Bar bolan Hudaýyň Özüniň bize Isa Mesihde aýan edendigini aýdýar. Isanyň Hudaýyň içinden çykyp gelişi kimin, yzyna hem erine etirmeli işini berjaý edenden soň, ene-de gaýdyp bardy, we ene-de ahyrzamanda Adyl Kazy hökmünde geler!
    Sen şol aýatlary okap olara düşünmäge çalyş we soragyň bolsa ene-de gürrüňi dowam etdiribereris!
    Isa “Yol, Hakyakt we Ýaşaýyş” bolsa, onda men hakyky ýoldadyryn! Türkmen musulman, buddist, ýada hristian bolup dogulmaýar-da, bulara düşünip soňy bilen aň etirende kabul etmeli we iman etmelidir. Şonuň üçin Turkmeniň hökmany suratda Yslam diýen dini bolmaly diýip düşünmeklik nädogry bolýar. Islamyň bolsa haçan we nädip Orta Aziada ýaýrandygyny taryhdan owrenip bilersiň. Munuň üçin soňky aýdan zatlaryňy aýdyp oturma!
    Bolyar watandash saňa sag amanlyk dilegler edip,
    Sagbol!

  22. Sagbol hatyna gaty kop yazypsynla, menin shu wagt kan wagtym yok son wagtym bolanda inshallah men sana kop yazaryn yone kichirak sorag berjek:
    Sen diydin:
    Isanyň ölüleri direldişi, Luka 8:40-56 aýatlar, uç gün gabyrda ýatan ölüni hem direltdi: Yahýa 11:17-44 we ene-de Luka 7:11-17. Yahýa 19:19-29.

    Yahya 11:17-44 alsak
    Eger ol Allah bolyan bolsan name uchin 35-nji ayatynda Isa aglady diyilip gechyar.
    Yeke tak Beyik Allaham bir aglarmy? Ya senin Allahyn aglayarmy? Ya Allaham bashga birinden aglap sorayarmy? Beyle boljak bolsa Isanyn ozi Allah dalde aglap yuzlenyan Zady Allah bolmaga mynasyp dalmi? Yogsam men hazir jan bererin diymezmi name uchin aglayar eger Allah bilen Isa bir bolyan bolsa?

    Watandash arman wagtym azda hemme yazan zadyny govy elden gechirerin sen arkayyn bol ginirak jogap yazylar!!!

    Eger Allah kimdir birini dogry yola salsa ony dogry butun adamlar yushubem azashdyryp bilmezler, eger Allah kimdir birini azashdyrsa ony butun adamlar yushubem dogry yola salyp bilmezler.

    Watandash towfyk hidayat Allahdandyr. Hemme zat oz elinde agam garada!

    PS: men 1 hepdelik sana kabir sebaplere gora jogap yazyp bilmerin. Inshallah son yazaryn!

    Sagbol

  23. Salam watandash,

    Hudayn gynanjakdygy, begenjekdigi, gaharlanjakdygy we aglajakdygy hakynda Mukaddes Yazgylar aydyarlar. Shonun uchin Huday muny yada ony edip bilermi diyip sorag bermek dogry dalmike diyyarin!

    Ilki bilen bir zady yatdan chykarma, Isa Mesih 100% ynsandy hem 100% hudaylyk hasietdedi hem. Shonun uchin Isa yer yuzunde yashanda Ol ynsan yaly bolyp yashady, iydi, ichdi, aglady, guldi we sh.m. emma welin Isa Mesih guna etmedi. Chunki Ol gokden gelipdi. Yokarda aydylanlar sebapli we Yazga esaslanyp, Isa ynsan we Huday bolup aglady we bu gun hem adamlaryn oz dushunjelerine dayanyp Hudayn “YOlyny, hakykatyny we Yashayshyny” ret edyanlere gynanyar!
    Isanyn Atadan dileg edip sorayandygy, Ata diyip yuzlenyandiginin sebabi Onun Ynsan bolup yashandygy uchindir.Isanyn bolsa doga edeni bolsa, senin Onun gokden gelendigine iman etmegin ucindigini, Onun Ozi aydyar. Huday Ozuni uchbirlikde, yagny ATa, Ogul, Mukaddes Ruhda ayan etdi. Olar bir Hudaydyr, shol bir hatarda ayrydyrlar hem. Bu diyildigi Uch Huday bar diyildigi daldir, we hich hachan hem hristianlar, uch Huday bar diyip ynanmadylar. Mesihilerde bu Uchbirlik dushunje Hudayn Sozi bolan Mukaddes Kitaba esaslanyar. Muna dolylygyna dushunmage bizde chaklenen anymyz bar, Hudayn her bir ruhy zatlaryna dushunmekde biz chaklenendiris. Shonun uchin Yazgylarda uchbirligin adamzat uchin kabir derejede syr hem bolup duryandygy aydylan. Bu sebapden Isa kim meni gorse Atamy gorendir, Atam we Men birdiris we sh.m diyyar. Shonun uchin hatda Gurhanda hem, azda kemde bolsa hem Isa hakynda gaty uly zatlar yazylan, yagny Isa Hudayn Ruhy, RuhAllah, HUdayn Sozi, Kelam Allah diyilen. Hudayn Ruhy Hudaydyr, Onda Isa hem Hudaydyr we Hudayn Ruhynyn Huday bilen bir bolshy yaly Isa hem Huday bilen birdir!

    Sag bol!

  24. Siz Kurana Allahyn kitaby diyip inanyanyzmy Towrata,Injile we-de Zebura ynanshynyzya yaly?Uzyn jogap islammok hawa ya-da yok?

  25. Men Kurana Hudaydan gelen doly we hakykat kitap hokmunde ynanmayaryn! Bu menin shahsy pikirim, yone Kurana men taryhy kitap we ichinde Hudaydan gelen hakyky Mukaddes Kitaplar bolan Towrat, Zebur we Injil, we beyleki pygamberlerin yazan kitaplaryna layk gelyan zatlar bar diyip dushunyarin! Onun Hudaydan gelendigine mende heniz Mukaddes Yazgylardan we taryhy we yuridiki subutnama we delil yok!

  26. Shahsy pikirin bolsa onda sen ol shahsy pikirin bilen Injilede doly we hakykat kitaby hokmunde ynanmayan bolmaly.Buna name diyip jogaplayan?Eger delil islesen bu Kuranyn ozu aytdyp dur bunun doly kemchiliksiz we-de kemeldip ya artdyrmaksyzlygy hakynda.

  27. Dostjan, men shahsy pikirim diymek bilen hemmeler uchin jogap bermejegimi aytdym, kimdir birinde bashga pikir bolup biler! Bu yada ol pikirin dogry yada daldigini bolsa, on hem aydyp gechishim yaly Hudayn Hakykat Sozi bolan Mukaddes Kitaplar tassyklayar. Menin Gurhan baradaky pikirimi bolsa Mukaddes Kitaplar doly tassyklayar. Injile ynanmazlyga mende delil yok, olar Hudayn Hak kitaplarydyr we ol hakynda Injilden onki gelen kitaplar hem tassyklayar!

  28. Isanyn Mesihin geljekdigini pygamberlerin kopusi yazgylarynda onunden pygamberlik edipdirler. Isanyn gelmegi bolsa Injildir, Injil diymek Hosh Habar diymekdir. Isa Mesihin bu dunya gelmegi, taglymaty, yashayshy, olumi we direlishi we ahyrzamanda geljekdiginin hemmesi Hosh Habar, yagny Injil bolyar! Geljek sonky zatlary onki pygamberler hemishede aydyp gechipdir we muny Mukaddes Yazgylarda tassyklayarlar. Kuran hakynda we Muhammet hakynda bolsa hich bir yazgy tassyklamayar. Isa Mesih hem gelmeli bolan pygamber hakynda aytmayar. Chunki Isa Mesihin gelmegi bilen ene bir bashga bir Habaryn yada Kitabyn, yada pygamberin gelmegi gerek daldi! Ene-de bir kitap yada yol gorkezjek pygamber gelse onda Isa Mesihin dunya gelmeginin manysy bolmayar we gerek dal bolup chykyar, chunki Huday Isa Mesihi ahli nesiller we milletler uchin gutulush yoly edip berdi!

  29. Onda Kurana Allahyn kitaby diyip ynanmayanyzda ony biri yazdy diyip ynanyanyzda beyleki kitaplardan gorup?

  30. Men Kurana Hudayn kitaby diyip ynanmayaryn we ony biri yazdy diyip bilyarin, munun sebabi ol Hudayn onki gelen kitaplaryna gapma garshy gelyar!

  31. Kuran Injil hakynda doly maglumat bermeyar, Injilin esasy taglymaty bolan Isanyn gokden gelip Hudayn Ogly diyilishini, yagny Isanyn Hudaylyk hasietini, adamzadyn gunasi uchin hachdaky olumini we uchunji guni direlishini we shagirtlerine ozuni ayan edishini we goge gidishini ret edyar. Isanyn butin adamzadyn Halasgaridigini tassyklamayar.
    Mundan bashgada eger Injil Hosh Habar bolyan bolsa, yagny adamzadyn dowzah odundan, gunalerden we baky hokumden gutulush hakyndaky Hosh Habar bolsa onda bashga bir kitabyn gelmegi gerek dal. Sebabi Isa hemme zady berjay etdi!
    Ine men sana bir mysal Kone Ahtdaki faktlary Kuran nadogry aydyp gechyandiginin listini bereyin:(eger Enlish dushunmesen, men sana terjime edip bererin)
    Other contradictions in comparison to the Bible:

    Introductory remark
    # Did God teach Adam the names of the animals?
    # Were Believers Really Called Muslims Before the Time of Muhammad?
    # The Quran’s Mistakes regarding the Biblical Patriarchs
    # Who Adopted Moses: Pharaoh’s Daughter or Pharaoh’s Wife?
    # A Flood in the time of Moses?
    # The Quran, Moses and the Tablets of Stone
    # Solomon Working with Demons
    # Israel’s Response to the Covenant: ‘We Obey’ or ‘We Disobey’?
    # Where is the Blood?
    # Animal sacrifices for Christians?
    # How many messengers at Noah’s time?
    # Why did the Queen of Sheba come to Solomon?
    # Ezra the Son of God?
    # Jesus reached old age?
    # Did the golden calf say ‘Moo’?
    # Did disobedience result in extra commandments?
    # How many messengers were sent to Noah’s people?
    # The Progeny of Abraham?
    # Two young men?

  32. Pingback: link
  33. Gadyrdan ildeshim,
    Yazyp giden komentin üçin minnetdarlyk bildirýän!

    Sen özüňe musulman diýýän bolsaň, musulman sözüniň manysyny alanyňda erbet däl, emma musulman bolup sen näme ynanýandygyň seniň hak ýoldamy ýada däldigiňi tassyklaýar. Eger sen Isa Mesihe öz Halasgäriň hökmünde iman eden musulman bolsaň onda sen dogry ýoldasyň! Eger sen hem kop sanly men musulman diýipde, Hudaýyň “Men Ýol, Hakykat we Ýaşaýyşdyr” diýip muny subut eden Isa Mesihi ret etseň onda sen nädogry ýoldasyň!

  34. Priwet

    Sagbola jogaba.

    Yslam dininde Isa as bir pygamber diyip gechyar we dine Allah halasgar bolyara. Ona Isa as halasgar diysen musulman bolanoga. Duybunden hristian bolyan. Sizin diyyaniniz bolmayar. Mena entak Isa as halasgar hokmunde iman eden musulman gormedim. Bu zatlary men bilyan. Sorag ol dal. Menin diyjek bolyan zadym:

    Musulmanchylyk yalnyshmy yada sizin aydyan hristianchylykmy yalnyshmy? Haysy dogry we subutlar? Hakykat bir bolmala!

  35. Isa halagär hökmünde iman eden musulmanlar gaty köp! Olaryň köpüsi hatda muňa delilleri Kurhandan we Muhammediň aýdanlaryndan esaslanyp aýdýarlar. Şu ýokardaky makalany ýazan hem Isa Mesihe halasgär hökmünde iman eden bir uly Imamyň ýazanlarydyr.
    Eger Musulmançylyk Injildäki hakykatlary ret edýän bolsa onda musulmançylyk ýalňyşdyr. Sebäbi Isa Mesihe ynanýanlar ähli kitaplara ýagny Töwratdan başlap, köne pygamberleriň ýazgylaryna, Zebura we Injile iman edýärler we özleriniň taglymatlaryna şolara esaslandyrýarlar. Emma Islam bolsa ol kitaplara ynanýas diýipde, olardaky taglymatlary ret edýär we täze bir ýol hödürleýär. Bu beýle bolup bilmeýär. Injil bilen Hudaýyň gutulyş plany erine etýär, ondan soň kitap ýada kimdir biri men Hudaýdan diýip gelse diňe Injile salgylanmalydyr we Isa Mesihiň adamzat üçin gutulyş ýoludygyny tassyklamalydyr! Injil-Hoş Habar bolsa onda ondan başga habar bolmaly däldir!
    Özüň dogry aýtdyň iki sany hakykat bolup bilmeýär, diňe bir hakykat bolýar. Ol hakykat hem Injildedir!Isa Mesih aýdýar: “Men Ýol, Hakykat we Ýaşaýyşdyryn” Hudaýyň hakykaty Isa Mesihde dünýä aýan edildi! Şonuň üçin hem Isa Mesih hakyndaky kitaba Injil, ýagny Hosh Habar diýilýär!
    Gadymy kitaplar bolan Töwrat, pygamberleriň ýazgylary, Zebur Isa Mesih hakynda birnäçe ýüzlerçe pygamberlikler edipdirler we şol Halasgär Mesihiň gelmegine garaşypdyrlar, Injiliň döwründe hem ol pygamberlikler ýerine etipdir! Hudaý ynsanyň günäden,, dowzahdan we şeýtanyň güýjünden gutulmagy üçin ähli zady Isa Mesihde ýerine ýetirdi, mundan soň ene bir zat etmek gerek däl bolup galýar! Hiç bir gadymy ýazgylarda, we Injilde täze bir diniň dörejekdigi hakynda we Muhammet hakynda aýdylan zat ýokdyr.
    Bular hem Injiliň ýolunyň hakykatdygynyň subutnamasydyr!

  36. Salam gadyrdan dostlar. Men internetde birzat gözlap yördim welin bu sayta duşdym. Hakykatdanam gowy tayyarlanypdyr. Beyle saytyn bolup biljegi aklymada gelmandi. Yokardaky yazyşmalarynyzdan uzak wagt gecipdir. Yone yenede menem bir pikirimi yazayin belki jogap berjek birileri bardyr. Ilki bilen özüm hakda aydayin. Men birnaçe yildan bari dini ynançlar hakynda gözleg işlerini geçiryan. Yagny bizi yokdan bar eden bir Yaradanyn bardygyna ynanyaryn yöne dünyadaki dinlerin ahlisinde diyen yaly bu ynanç bar. Men özüm üçin bir din saylasym gelip köp pikirlendim. We şeyle karara geldim: “Ahli dinler hakynda umumy maglumat edineyin we adamzat düşünjesine we durmuşyna hiç hili ters gelmeyan dini saylayin. Bu maglumatlary edinyan wagtym adamlaryn yaşayşyna göra dal, Yaradanyn nahili yaşamalydygyny bize bildirişine göra maglumat edineyin – diydim”. Meselem bir yewreyin dünyade gyrgynçylyk çykarmasy, adam öldürmesi(hakykatdanam yewreyler öldüryarmi yada başga birilerimi, munyda pikirlenmek gerek.) ol yewreyin dininde barmy yada ol dinini doly yaşap bilenokmy? Bir hiristiyanyn arkayin alkogolly içgi içip gezmesi, dini hökümlerinde barmy? yada ol dinini bilman hiristiyanlyk adyna gara getiryarmi? Hakykatdanam Yslam dinine ynanyanlar(musulmanlar) teroristmi, eger seyle bolyan bolsa adam öldürmegi, dini hökümüne görami yada teroristlere musulman diyyarlermi? Bu soraglar dowam edip gityar…
    Bu dinlerin kitaplaryny okamaga başladym. Gurhany we Injili okadym. Töwraty gözleyan, tapyp bilsem ony da okamakçy. Iikisinde de düşünmedik yerlerim bar. Kabir yazgylar öz arasynda onuşanok. Bir höküm beryar we sonky sahypalarda başka birzat diyyar. Bu terslikler bolan kitap ya üytgedilendir yada Hudayin iberen kitaby daldir. Ya da bu dinlere ynanyanlaryn aytyan zatlary bilen kitaplaryndakylaryn bagdaşmayan yerleri hem bar. Bulary çözüp bilmegim üçin dinlerini hakyky yaşayan adamlary tapmagym gerek. Birnacesi bilen duşdymam, yöne mana hiç biri kanagatlanarly jogap berip bilmedi.
    Umuman men seyle pikir etyan, we dogry yoly tapyancam gözlemage dowam etmekçi….

  37. Gadyrly Azr ildeshim, bu websitymyza dush gelendigiňize we bu taýdan özüňiz üçin peýdaly maglumatlar tapandygyňyza biz hem begendik!
    Siziň hakykatyň gözlegine çykmagyňyz, bu gözlegide ýöne bir ýüzleýlik bilen geçirmän, dürli dinleri öwrenmek, öwrenende-de dindar adamlaryň ýaşaýşyna seretmän, şol dinleriň esasy bolan kitaplary okap öwrenmegiňiz gaty akylly we ýerlikli ýoldadygyňyzyň subutnamasydyr. Bu üçin size gaty gowy baha berýäris. Biziň alyp barýan gürrüňlerimizde hem biz gürrüňdeşlerimize şeýle çemeleşmäni maslahat berýäris, ýöne gynansakda gürrüňdeşlerimiziň aglabasy birtaraplaýyn çemeleşýärler.
    Biziň bu saýtymyzy açmagymyzyň bir esasy maksady hem Türkmen ildeşlerimize Hudaýyň adamzat üçin üpjün eden Isa Mesihdäki Hoş Habary ýagny Injili barada hakyky taryhy gürrüň bermek! Bilşimiz ýaly, biziň halkymyz, regiondaky birnäçe bagşa halklar ýaly Hoş Habaryň original taryhy baradaky gürrüňleri diňlemekden we öwrenmekden birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda mahrum edilen we şu wagt hem käbir derejede doly mumkinçilik döredilmän gelýär. Bu sebäpden hem, ildeşlerimiziň Isa Mesih baradaky duşünjeleri diňe Islam dininiň gözýetiminden gelip çykan gürrüňlere esaslanan.
    Siziň çyn kalbyňyzdan bolan gözlegiňizde ýardam bermegi Biribardan dileg edip, sizi biziň websitymyza hoş geldiňiz diýmek isleýäris we siziň bilen gürrüňdeşligi dowam etmäge arzuw edip, siziň soraglaryňyza we gürrüňleriňize garaşýarys!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *