TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Ýa, Hudaýym Diregimsiň

15th June 2007

Ýa, Hudaýym Diregimsiň

Ýa, Hudaýym, diregimsiň,

Tä ölýänçäm, umydymsyň.

Agtaryp, kän entedim,

Indi Sen meniň Rebbimsiň.

Men gözledim, Sen tapdyň,

Baky durmuşyňy berdiň.

Meniň günälerim üçin

Ýalňyz Ogluňy berdiň

Isa meniň guwanjym,

Hem begenjim, buýsanjym.

Oňa iman edemsoň,

Tapandyryn daýanjym

Isa berdi aramy

Halas etdi janymy

Ýeňip haçda şeýtany-

Berjaý etdi Wadany

Indi bilýän – ölüm ýok!

Agyrymy duýamok.

Isa eltýär ýaşaýşa,

Şondan başga hiç ýol ýok.

Düşeniňde bu ýola,

Ýykylsaň-da ençe ýola-

ýene galyp ýöreýäň,

Ataň bardygyny bilýäň.

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

  • Gundelik Yazgy

  • "Ähli ygtyýar erde-gökde Maňa berildi. Şonuň üçin gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň. Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn. Omyn"
  • Isa Mesih