Isa al-Mesih hakynda Gurhandan Aýatlar

 quran5.jpg

Isa Al-Mesih hakynda Gurhandaky Aýatlar

Isa al-Mesih Merýem ogly Süre 2:87, 253; 3:45

 Isa al-Mesih Mesihdir (al-Mesih) Süre 3:45; 4:157,171

Isa al-Mesih Allanyň Hyzmatkäridir Süre 4:172; 19:30

 Isa al-Mesih Pygamberdir Süre 19:30

Isa al-Mesih Allanyň Resulydyr Süre 4:157,171; 5:75

Isa al-Mesih Allanyň Sözüdir Süre 3:45; 4:171

 Isa al-Mesih Hakykat Sözüdir Süre 19:34

Isa al-Mesih Allanyň Ruhydyr Süre 66:12

Isa al-Mesih (ähli ynsanlar üçin) Alamatdyr Süre 19:21, 21:91

Isa al-Mesih Şaýatlykdyr Süre 4:159; 5:117

Isa al-Mesih Allahdan gelen Rehimdir Süre 19:21

Isa al-Mesih Beýikdir Süre 3:45

Isa al-Mesih dogrydyr Süre 3:46; 6:85

 Isa al-Mesih bereketlenen we bereketdir Süre 19:31; 43:59

Isa al-Mesih mugjyzalar etdi Süre 2:87

 Isa al-Mesih Mukaddes Ruh bilen ideklendi Süre 2:253

Isa al-Mesih päk gyzdan doguldy Süre 3:47;19:20-21

Isa al-Mesih ynsanlary hakykata eltýär Süre 3:49

Isa al-Mesih adamlara şypa berdi Süre 3:49

Isa al-Mesih ölüleri direltdi Süre 3:49

Isa al-Mesih öler we ölümden direler Süre 3:55; 19:33; 5:117

Isa al-Mesih ölüp direlmeginden soňra Göge galdyryldy Süre 3:55

Isa al-Mesih ýaşaýyş beriji Süre 5:110

Isa al-Mesih mukaddes Süre 19:19

 Isa al-Mesih ene-de gelýär Süre 43:61

Isa al-Mesih geljegi bilýär Süre 43:61, 63

Isa al-Mesihe boýun bolmaly/yzyna eýermeli Süre 43:63

32 thoughts on “Isa al-Mesih hakynda Gurhandan Aýatlar

  1. siz Gurhanada iman etyarsingizmi? tasin onda nadip Hristiyan bolup bilyangiz. İsanynyg Hz Muhammeti buşlamak üçin dunya gelenine hem ynanyrsynyzdyr onda ha? baaa tasin din adamlary

  2. Eger Gürhany gowyja okasaň onda Gürhan Isa Mesih hakynda gürrüň edýär. Isa Mesihiň Halasgärdigini hem aýan edýär. Töwrat, Zebur we beýleki pygamberleriň kitaplary, Injil Isa Mesih hakynda gürrüň berýär. Hatda Gürhan hem doly bolmasada, ol gürrüňleri tassyklaýar. Şonuň üçin hem Isa Mesihe Halasgär hökmünde iman etmek gaty wajypdyr! Biz hristian dinini wagyz edemizok-da, Isa Mesihi wagyz edýäris! Çünki günälerden gutulyş we baky ýaşaýyş sowgadyny Hudaý Isa Mesih arkally ähli adamzada berýär!

  3. elbetde biz hem İsa Mesihe iman etyeris we ol hakda aydylanlara Gurhanyng usti bilen ynanyarys. Siz İsany bizden has gowy tanayansyngyz. İnjilleri hem has gowy bilyanasingiz. Siz İsanyng Hz. Muhammedi buşlmak üçin gelendigi hakynda yazylan maglumatlary hem okansyngyz.(men okadym). Bular hakynda name pikir etyarsingiz. Onsong hem ol asyl halasgar dal. Asyl Halasgar dinge Biribar diyip ynananyarys biz. Elbetde ozunden song gelyan pygambere yagny Hz Muhammede İman etmegi sargyt edenligi hakynda hem pikirleringiz bardyr. belki bu yerde dowam ederis. Belki mailime yazarsyngyz.aslymarly@hotmail.com

  4. Kur’anin niresinde bar Isa halasgar diyip??????
    yone her pygamber gelip oz kowmuny halas edyar aslynda pygamberler shol sebapden iberilyar
    (Çünki günälerden gutulyş we baky ýaşaýyş sowgadyny Hudaý Isa Mesih arkally ähli adamzada berýär!)diyip nirede baray?????

  5. men sana 100 de 100 aydayyn kyyamat guni Alla tagalan yanyna mesihylar geleninde Isa (A.S) sholaryn jahenneme girmeklerine razy bolya chunki Isa (A.S) gitmeginden on oz kowmuna hachanda Muhammet (S.A.V) diyip pygamber gelse shona iman getirin ve yzyna dushun diyip vesyet edipdi ve pygamberin sypatlaryny aydypdy.
    yenede shubhesiz zatlaryn biri Isa (A.S) kyyamatdan on gelip hemme kresleri ve keniseleri ozi tekizlap gidya

  6. Isanyn halasgardigi ilki bilen Towrat, Zebur we beyleki pygamberlerin kitabynda onunden yazylan, sonra hem in esasysy Isa Alehsalamyn halasgardigi hakynda Injilde yazylan, galybersede Gurhanda hem doly bolmasa-da, Isa Mesihin ynsanlar uchin Hudayun rehimidigini (Sure 19:21), Mesihdigini, yagny mesih diymegin bashga bir manysy “Halasgar” diymegi anladyar (Sure 3:45) we bashgada kop erlerde Isany Gurhan Mesih diyip atlandyryar, ondan bashgada yokarda sanalyp gechilen shayatlyklar Isanyn Halasgar we yashayush berijidigini tassyklayar. In esasy zat Injilde Isanyn hakykatda kimdigi doly beyan edilen, galan tassyklamalar munun ustune goshant bolyar. Isa Mesih gokden gelenden son ol bakyyete chenli dowam edyar, Isa Mesih dunyanin sonuna chenli boljakdygyny Injilde aydyp gechdi. Isa olup direldi we goge galdy, shonun uchin hem onun wagty tamamlanmady we shu gunler hem dowam edyar. Shonun uchin ol hemmelerin Halasgari bolup bilyar. Ahli pygamberler olduler, shonun uchin olaryn getiren habary aradan ayryldy.

  7. Isanyn yzyna eyerenlerin bereketlenjekdigini we Allanyn yanynda hem gowy durmush gorejekdigini ilki bilen Injil tassyklayar, galyberse-de Gurhan hem aydyp gechyar, Sure 3:55, Huday Isanyn yzyna eyerenleri yokary tutjakdygyny aydyp gechyar.
    Ondan bashga Isa Mesih hich erde Muhammet geler diyip aytmady, Isanyn Mukaddes Ruh hakynda geler diyip aydanlaryny siz Muhammet hakynda aytdy diyip aydyarsynyz emma bu duybunden yalnysh. Eger ozun Injili okap gorsende munun Muhammet hakynda daldigini bilersin. Isa Mesihe chyndan iman edenler hacha ynananok yada bir jaya ynananoklar olar Isa Mesihe Hudayun saylany we halasgari hokmunde ynanyarlar. Isanyn gelip hachy yada keliseleri tekizlejegini Injil we bashga kitaplar aydanok, tekizlesede Isa iman edenler uchin parhy bolmaz. Krest we salynan jay parh etmez. Hach simwol hokmunde, yagny Isanyn adamzat uchin getiren gurbanlygyny yatladyar, ondan bashga onun hich hili manysy yok! Isa ahyrzamanda gelip ozune garshy chykanlary, yagny Injile iman etmedikleri we Isany peseltjek bolanlary, antichristi, yagny Mesihe garshy goreshijileri yok eder, bu bolsa kopler uchin gaty elhench yagday bolar!

  8. (Isa ahyrzamanda gelip ozune garshy chykanlary, yagny Injile iman etmedikleri we Isany peseltjek bolanlary, antichristi, yagny Mesihe garshy goreshijileri yok eder) haysy injilde yazyk????

  9. Gowy arzuw edyandigin uchin kop sag bol! Yone men ozumin dogry, hakykat yolundadygymy bilyarin we menin bu ynamym Hudayun Mukaddes Kitabyna esaslanyar. Isa aytdy, ” Men yol, hakykat we yashayshdyryn” Isa Mesihin yolundaky her bir ynsan dogry yoldadyr!
    Isa Mesihin ikinji gezek gelip etjek zatlary hakynda Injilin in sonky kitaby bolan Ylham kitabynda jikme jik yazylan ondan bashgada Injilin bashga erinde hem kan aydylyp gechilyar. Eger islesen men sana jikme jik durli ayatlaryn sanawyny bereyin!

  10. Ey menin Turkmen gardeslerim men dunya bakdym herkim oz gidip baryan yoluna hak(dogry) diyyarler indi doganlar kimin dogry yagny Musa,Dawut, Mesih,Muhammet ya bolmasa butculuk,sygyrcylyk ya dinsiz (din taslamak)bolmaklyk bularyn haysynyn dgrudygyny sabitlap berin?

  11. Salam dost, jogap gaytaranyna sagbol!Senem hak we dogry yoldadygyny aytmak we bizenem o yolda bolmagymyzy isleyarsin .Yone, bu yazdygyn menin icimde yene bir zat oyandyrdy sendiyarsin > gayrat edip diyilyan zadam acyklap bermekligini isleyarin?

  12. Gadyrly Abdulahad, bu websitymyzda koment yazyp galdyranyna minnetdarlyk bildiryaris!
    Eger yaradyjy Biribar bar bolsa onda Onun adamzat uchin bir yoly hem bardyr. Towrat, Zebur we beyleki Isa Mesihe chenli pygamberler arkaly, Injilde Isa Mesih arkaly Huday adamzada hak yoluny gorkezdi. Hakyna seretsen Injil in sonky kitap bolyar.
    Eger Huday yok hasaplasan onda name edeninde hem name ynanynda hem tapawudy yok. Emma Huday yok diyenin bilen Onun Barlygy aradan ayrylmayar we her bir ynsanyn Onun onunde durup jogap bermelidigi aradan ayrylmayar. Shonun uchin hakykaty gozlemeli, Huday bolsa hakykaty gozleyanleri sylaglayandyr!
    Eger bashgada soragynyz bar bolsa bize bildiring!

  13. Dustum we dostlarym sagbolyn bu edyan isinize yone yene menin sorum bar.
    Hak diydiniz indi mana hak sozuni dusundirip berseniz cunki hak yola dusmegimiz ucin hak sozuni dusunmek gerekligi menin yanymda mohumrak bolup dur hatta biz bir amal etmegimizden on dusunsek yagsy bolar diyip caklayaryn.

  14. Gadyrdan Abdulahad,
    Hak dien sozun manysy ahli dogry bolan, adalatly bolan, owulmage mynasyp bolan zatlar we dushunje bolyar. Yone hakyn namedigine dushunmek uchin ilki bilen hakyn cheshmesi bolan we Hakyn ozi bolan Huday hakynda bilmeli, Onun sozuni Towratda, Zeburda, Injilde we beyleki pygamberlerin yazgylarynda owrenmek bilen bilip bolyar. In esasy zat Isa Mesih “Men yol, hakykat we yashayshdyryn” diyipdi. Munun uchin Isa Mesihi yakyndan tanap hakykaty bilip bolyar. Ondan bashgada hakykat dien zat yaman we yagshy bilen hem baglanyshyar, yagny yagshy zatlar bu hakykata degishli zatlar.
    Azda bolsa size bu dushunikli bolandyr diyip umyt edyarin!

  15. Menin yanymda mertebesi bolan ey gadyrly dost!Beren jogabyndan kanagatlandym yone bu sozleri diymek bilen yene taze zat oyardynyz oda Hak dien sozun manysy ahli dogry bolan,adalatly bolan, owulmage mynasyp bolan zatlar we dushunje bolyar ,diyen sozundir.Bu zatlara yagsyny yagsy bilen we yamany yaman bilen insan diyilen zadda bolan akyl yetmezmi?Hatta biz o zatlara yetip bilsek .We yenede diydiniz zatlar mence hak diylen zat yeke tak we galanyda batyl bolmaly . Zatlar diydiginem acyklap bersen!

  16. Hormat gorekzyaniniz uchin minnetdarlyk bildiryarin!

    Haka degishli zatlar ilki bilen Hudaya degishli hasietler, Biribaryn eden ahli gowylyklary, bu bolsa dunyani, adamzady yaratmakdan bashlap shu gune chenli eden we gorkezen yagshylyklary, we birek birege bolan dogry we yagshy yashaysh uchin Hudayn buyuran etmeli we etmeli dal ishleri hak bolyar. Ondan sonra bolsa adam tarapyndan edilen, gorkezilen gowylyklar, owulmage mynasyp bolan herketler, sozler, yashaysh. Ondan bashgada gowylyk uchin nietlenip yasalan we doredilen jansyz zatlar (muna mysal, shu gunki gun adamzadyn yagshylygy uchin hyzmat edyan her bir doredilen zat bolup biler, uchar, araba we shu m.) hem hak yada hakykata degishli bolup biler. Yone bashda aydyp gechishim yaly, Hudayn Sozi bize namenin hakykat we namenin hem hakykat daldigini, namanin gowydygy we namanin hem gowy daldigini owredyar. We biz olardan Hakyn Ozi bolan Biribar hakynda owrenip bilyaris! Hakyn Ozuni tanamak bilen hakykatyn namedigini hem bilip bilyaris!

  17. Sagbol dost HAKY tanadanynyza !Indi dost Biribary tanatsanyz OL Biribar deyenini doly byr sekilde bilmek isleyarin?Hem onun atlaryny we etyan islerini …we-de bu ic gysgync soraglarymdanam darykman jogap bermeginizi isleyarin…?

  18. Yaradyjy Biribary tanamak uchin ilki bilen uzaga gitmek hem gerek dal, dash toweregimize goz aylanymyzda, bu ajayyp tebigata, janly jandarlara, ozumize seredenimizde hem Biribaryn nahilidigini bilip bilyaris. Yagny sheyle owadanlyklary, gudratly daglardyr, suwlary, tokaylarydyr, gulleri gorenimizde hem Onun ajayp bir yaradyjy Biribardygyny bilip bilyaris. Injilde sheyle sozler bar: “Huday hakdaky malim zatlar adamlara bellidir; muny Huday olara belli edendir. Chunki olar otunchsiz bolar yaly, Onun goze gorunmeyan zatlary, yagny, ebedi gudraty, Hudaylygy dunya doredilenden bari yaradylan zatlar bilen dushunilyar, gorulyar.”
    Mundan sonra Hudayn bize Ozunin ayan eden zatlarynyn usti bilen Onun kimdigini we nahilidigini, yagny hasietlerini bilip bilyaris. Huday Ozuni taryhyn sahypalarynda ayry ayry shahsyetler bilen, saylap alan bir halky bilen, sonra bolsa gokden ere Isa Mesihde inmek bilen Onda Ozuni bize ayan etdi. Huday Ozuni ilkinji yaradan adamy Adam atadan bashlap asyrlaryn dowamynda ynsanlar bilen shahsy aragatnashykda bolup Ozuni ayan edip geldi. In gowy tarapy hem Huday bularyn taryhy yazgysyny bizin dowrumize chenli saklap gelip Mukaddes Yazgylarda muny beyan edyar. Shonun uchin eger Biribary tanamak islesen onda sen Mukaddes Yazgylary okamalysyn, yada olara esaslanyp tayyarlanan bu websitymyzdaky materiallar bilen tanyshmalysyn. Shonda sen ol hakynda koprak bilip bilersin. In esasy zat hem, Biribar bilen shahsy gatnashyk emele gelen yagdaynda, sen Ony oz durmush tejribande tanarsyn! Ony tanamak gozleginde, Ol sana Ozuni tanadar diyip ynanyaryn we sana ustunlikler arzuw edyarin! Munda menin hem sana yardamym deger diyip umyt edyarin!

  19. Sogbol dost yazan we beren jogabyna .Bgyslarsynda 1.Gokden ere Isa Mesihde inmek bilen Onda Ozuni bize ayan etdi ,buny deydiginize dusunmedim Isa indimi ya bolmasa injekmi ?Bu sorag dostum, ayan etdi ,diyeninden dusunusmeyan yagdayda boldum yagny siz oten zamanynda bolan isligi ulandynyz buda bir zadyn bolandygyny anlatyar yone men Isa dusmedigini bilyarin 2.we-de Isa eneden dogmadymy we kakasy yokmydymy beyleki pygamberler yaly.3.We yenede Injil diydiniz bu name kitapmy ya bolmasa Isan basga adymy .4.We Isa Biribar bilen yuzbe yuzmi sozlesipmy ya bolmasa aracy barmydy.5.We mesih name diymek bolyar?

  20. 1.Hawa, Isa Mesih 2000 yul mundan ozal dunya gokden inip geldi we er yuzunde yashady, oldi we direldi, sonra bolsa ene-de goge gitdi. Yazgylara gora, ol ahyrzamanda ene-de gaydyp gelyar!
    2. Isa Mesih pak gyzdan hich hili jynsy gatnashyk bolman yagdayda, Hudayn Ruhy arkaly gelip dunya inyar. Shonun uchin onyn dogulmagy, yashamagy, olumi we direlmegi, goge gitmeginin ahlisi beylekilerden tapawutly. Ol gokden gelen, galan ahli pygamberler erden. Injil diymek, bu kitabyn ady, onun turkmenche manysy HOsh Habar bolyar. Bu kitap Isa Mesih hakynda gurrun edyar. Isanyn dunya gelmegi bolsa adamzat uchin HOsh Habar. chunki Isa adamzadyn gunaleri uchin jezanyn tolegini tolemek we adamlary dowzha odundan halas etmek uchin Hudaydan geldi. Ol Halasgardir. Mesih diymek, Halasgar, Gutulysh beriji manysynda, yagny shol ishe bellenen biri diymegi anladyar! Isa Biribar bilen yuzbe yuz gepleshdi, chunki Ol Hudayn yanyndan, ichinden chykyp gelen yaly geldi. Bashgacha Isa Mesihe, ene-de Hudayn Ruhy, Hudayn Sozi hem diyyarler. Hudayn sozi jan ten bolup erde yashapdyr. Muna elbetde dolylygyna dushunmek kyn, emma bu Hudayn gudraty we merhemeti! Shonun uchin Isa arachy gerek daldi. Bu sebapden Onun ozi goni gepleyardi, hemishede ” Men size diyyarin” diyip gurrun beryardi. Yagny ygtyarly biri hokmunde gepleyardi. Ol biz bilen Biribaryn arasynda Arachymyz bolup duryar! Ol bu wezipe bellenen!
    Soraglarynyza jogap berendirin diyip umyt edyarin! Ene-de soragynyz bar bolsa berip bilersiniz!

  21. Salam dost kop sorag beryanimi bagyslarsynyzda Sorag byr nygmatdyr bunyn bilen kop bilmeyanzatlary bilyaris hany aydypdyrlara Ylymbyr hazynalardyr olaryn acarlary soragdyr diyip.Buna esaslanyp yene soraglar bermek isleyarin dost 1.Isa gokden ahyrzamanda inyar diydiniz Ol name isleri etyar ahyrzaman yakyn gelende inip? 2.Ol pak ayal diydiginiz kim haysy zamanlarda we kimin dowrunde yasap gecipdir? 3.Ruh name bolyar? 4.Bizin icimizde-de ruhbar ol ruh kiminki ? 5. Insan diyilyan zadyn atasy bolan Atamyz Adam bolan, onun ruhy namanin ruhy?6.Bunun yaradylsyndanam gurlayseniz nameden yaradyldy we nameler bolup gecdi o zamanda yagny adam yaradylmak zamanynda? 7.Isa adamzadyn gunaleri uchin jezanyn tolegini tolemek diydiniz men su dunyade goryarin her adam oz jezasyny cekyar meselam byr adam bir adamyny oldurse 25-s yil turmede oturyar mesele bu oldurmegi ozu sebep bolup ozem jezasyny goryar amma Isa adamzadyn gunalerinin tolegini berjek bolsa onda Isa basga adamyn gunasini ucin hicbir guna etmezden turma giren yalak bolar we-de patchanyn zulum etdigi bolar ol patcada zulum etdi diymekde zulum bolar bu zatda mence hic makul dal.We bir nakylda bar goyunam ,gecem oz ayagyndan asylyar .Bu diydiginizi acyklap berayseniz? 8.Isa halasgar, buna men Allah tagalanyn jehenneminden halas etyar we jennete salyar diyip dusumyarin indi biz taryha we beyleki pygamberlerde goz gezdirsek oz kowmyny, oz mlletini halas etmage galdilar name ucin bu halasgarlikde Isa has bolup duryar? 9.Isa Mesihe, ene-de Hudayin Ruhy, Hudayn Sozi hem diyyarler.. bu dimek bilen yokardaky Isa admzadyn gunaleri ucin tolegeni tolemek diyeninize dosunmedim?Dost bu saraglara jogap berseniz kop ygsy bolar …sagbolun.

  22. Aleýkum salam! Sorag bereniňiz bu gowy zat. Siziň bilmek isläp sorag berýändigiňiz gaty gowy, käbir adamlar soraman, açyklaman edilýän gürrüňi ret edýärler.
    Siziň açyk diskusia alyp barýandygyňyzy hormatlaýaryn!

    1. Isa Mesih ahyrzamanda gelende ilkinji etjek zady, Oňa çyn ýürekden iman edenleri ýanyna alýar. Injilde, oňa iman edenleriň tenleriniň göz açyp ýumasy salymda gökdäki ýaly tene üýtgäp Isa Mesihe asmanlarda bileşjekdigini we Ol bilen aşak er ýüzüne injekdigini aýdýar. Emma Isa gelmänke ölen imanlylaryň teni Isa gelende direlýär we Ol bilen howada bulutlarda duşuşýar we aşak inýär. Isa Mesih ere gelende ilki bilen ”mesihe garşy göreşijini” ýagny oňa ”antikrist” Islamda bolsa ”Deçjal” diýýärler, şony öldürýär we onuň tarapyndakylaryň hemmesiniň üstünden üstün çykýar. Şeýtany muň ýyla baglaýar. Soňra Isa Mesih Ýazgylara görä müň ýyl erde Patyşalyk sürýär. Şol döwürde iň adalatly we parahatçylykly ýaşaýyş er ýüzüne bolup geçýär. Soňra müň ýyldan soňra Isa Mesih ähli adamlaryň üstünden Kazylyk edip adyl höküm çykarar.
    2. Isanyň ejesi bibi Merýem Isanyň döwründe ýaşap geçen şahsyet. Päk gyz düşünjesi bu onuň Hudaýa ynanýan we ondan gorkýan ayal bolandygy we özüniň gyzlyk borjuny arassa saklandygy göz öňünde tutulyp aýdylýar. Merýemiň päk gyz bolandygy Gurhanda hem öz beýanyny tapýar.
    3. Ruh diýen düşünjä düşünmekden öň. Hudaýyň Ruhynyň ynsan ruhyndan tapawulydygyny aýtmak isledim. Adamdaky ruh bu Hudaýyň adama beren demi ýaly, ýagny Hudaýlyk zatlara düşünmegi üçin ruh beripdir. Ynsan özündäki ruhy bilen hem Hudaýa degişli zatlara, ýagny ruhy zatlara düşünip bilýär, şol ruh arkaly hem adam Hudaýy gözleýär, ymtylýar. Ynsany haýwandan tapawutlandyrýanyň bir hem şoldyr. Hudaýyň Özi hem Ruhdyr. Isa Mesih Ruhy el bilen deňeşdiripdir, ýagny Ruhy görüp bolmaýar, emma eden işlerini görüp bolýar. Adam aňy bilen “ruha” anyk düşündiriş bermek kyn.
    4. Ýöne iň wajyp zat Hudaýyň Ruhy bilen ynsandaky ruh tapawutly. Hudaý adamzady ýaradanda, ony Öz keşbinde ýagny ruh berendigi üçin Özümize meňzeş edip ýaradarys, diýipdi. Özümizdäki bar bolan ruh bilen biz ruhy zatlara düşünip bilýäris. Emma özümizde ruh bolandygy üçin biz Hudaý bolmaýarys, çünki biz ýaradylandyrys we Hudaýyň Özi Ruhdyr, biz Ruh däldiris.
    5. 6 Hudaý Adam atany toprakdan ýasady we burnuna ýaşaýyş demini ufledi. Şonda Adam ýaşaýan barlyk boldy. Şol ýaşaýyş demi, Hudaýyň adama beren ruhydyr. Adam ata özünde ruh bolandygy üçin Hudaý bilen şahsy gatnaşykda bolup bildi we Hudaýyň diýýänlerine düşünip bildi. Adam atanyň ruhy Hudaýyň ruhyndan tapawulydyr. Soňra Adam ata Hudaýa boýun bolman, “gadagan edilen agajyň miwesinden iýdi” we şol günden başlap Adam ata bilen Hudaýyň aragatnaşygy bozuldy. Olar erem bagyndan kowuldylar. Olaryň ähli nesilleri-de günäli tebigata eýe boldylar. Günä etmek her bir adamyň tebigatyna mahsus boldy, ýagny çirklendi. Adam ata we onuň nesillerine nameleriň bolandygyny bilmek isleseňiz biziň “Dogrulyk Ýoly” atly radio gepleşiklerimizi diňläň. Olarda biz yzygiderli, ýaradylyşdan başlap tä Isa Mesihe çenli Ýazgylardan düşündiriş berip geçýäris.
    6. Her bir adamyň öz günäsi üçin töleg tölemeli boljakdygyna gep ýok. Bu dünýäde hem geljek dünýäde hem her kim öz edenine jogap bermeli bolar. Bu erde düşünilmeli zat günä bar erde jezanyň bardygy hem anykdyr. Adalatly bolan Hudaý, merhemetli Hudaýdyr hem. Hudaý adalatlylygyny erine etirmek üçin günä jeza bermelidir, günäniň jezasy bolsa ölüm, ýagny dowzahdyr. Hemmeler günäli bolandygy üçin we özlerini dowzahdan halas edip bilmeýändigi üçin Hudaý merhemetli bolandygy üçin adamzada gutulyş ýoluny hem döretdi. Şol gutulyş ýoly hem Hudaýyň adalatlylygyny we merhemetini şübhe salmaly däldi, ýagny Hudaý hökman günäniň tölegini tölemelidi, ýagny biri ölüp ölüler diýarynda bolmalydy, gan dökmelidi, muny etmek üçin bize çirksiz, günäsiz Biri gerekdi, adamzat arasynda beýle biri ýokdy, çünki hemmeler günäli, şonuň üçin Hudaý şol Birini özi upjün etdi, ýagny günäsiz bolan, gökde bolan Isa Mesih ere geldi, we şol günaniň jezasyny töledi. Munuň bilen Hudaýyň merhemeti hem erine etdi. Hudaýyň özi bize gutulyşy upjün etdi, ol ynsan üçin sowgat we mugtdyr, ýöne Hudaýyň özi ol sowgadyň tölegini töledi. Bu Hudaýyň ynsana bolan çäksiz söýgüsidir. Şonuň üçin Isa Mesihiň dünýä gelmegine Hosh Habar hem diýilýär.
    7. Pygamberleriň hiç biri hem özini Isa Mesih bilen deňeşdirmediler, munuň deregine Isa Mesih hakynda olar gürrüň etdiler we Onuň gelmegine umyt bilen uzakdan ruhlarynda görüp garaşdylar. Pygamberleriň hiç biri hem Isa ýaly dogulmady, ýaşamady, Isanyň eden işlerini etmedi, ölüp direlmedi we Hudaýyň sagynda otyrmadylar. Olaryň hiç biri “men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn” diýmedi, çünki olar “ýol, hakykat we ýaşaýyş” däldiler-de, şol “ýoly, hakykaty we ýaşaýşa” salgy berýänlerdi. Isa “dirilik suwy” pygamberler bolsa şol “dirilik suwyny” içiň diýip salgy berenler. Isa ölüp direlendigi üçin we bu günki hem diridigi üçin ahli adamlary, ahli döwürlerde halas edip bilýär. Isadan başga hiç kim adamzat üçin Hudaýyň gurbanlyk guzysy hökmünde ölmedi. Şu sebäpli we Onuň bu gün hem diridigi üçin Ol Halasgärdir.
    8. Isanyň Hudaýyň Ruhy we Hudaýyň Sözi diýildigi, Onuň Biribar Ýaradyjy bilen birdigini aýdýar. Isanyň doly Hudaýlyk häsiýetini görkezýär. Onuň ýöne pygamber bolmandygyny görkezýär. Eger Ol şol Biribar bilen bir bolsa we ere gelen bolsa Onda Hudaýyň Özi ere adamzady halas etmek üçin gelendigi bolýar. Bu bolsa Hudaýyň söýgüsiniň şeýle beýik bolandygy üçin Hudaý ere ynsan keşbinde gelip gutulyş ýoluny Özüniň üpjün edendigi bolýar. Muňa doly adam aňy bilen düşünmek kyn, ýöne bu Hudaýyň adamzada görkezen gudraty, söýgüsi we merhemetidir.
    Injilde adam bu zatlara ruh bilen düşünýändir diýýär. Meniň Biribardan dilegim Ol seniň ruhy gqzlerini açsyn we saňa düşünje bersin. Soraglaryňyz bar bolsa ene-de beriň, hiç bir zat size hakykata düşünmekde päsgel bermesin! Menin size beren jogaplarym, menin oz dushunjame dayanman, Hudayn Mukaddes Kitabynda yazylanlara esaslanyandyr!

  23. Dostum salam men indi ahyrky soraglarymy berjek unus ber! 1.Isa onki gecen pygamberlerin kabir hokumlerini yatyrdymy?Mysal Towratdaky we Zeburdaky hokumler we shm…2.Islam dini name dini bolyar? 3.Gurhan name? 4.Bunun basynda bir pygamber barmy? 5.Bu pygamber Isadan on gecenmi?

  24. Aleykum salam! Senin soraglaryn in sonkysy bolmasyn diyip umyt edyarin! Ynsan hemishede bir zatlar owrenip yashayar, shonun uchin hem sorag yuze chykyp duryar.
    Sen hem hakykata dushunmek uchin kop soraglaryn yuze chykmagy mumkin.
    1.Isa Mesih gechen pygamberlerin aydanlaryny, hokumlerini aradan ayrmaga dalde erine etirmage geldim diyyar. Shonun uchin ozal bashdan Hudayn aydyp gelenlerini erine etirdi. Huday onden pygamberlere wada edip gelenlerini Isa Mesihde erine etirdi. Isa hemme zadyn bashlangyjy we sony boldy. Shonun uchin Ol ene ahyrzamanda geler!
    2. Islam diymek arab dilinde “boyun bolmak” diyip manylandyrylyar. Islam altynjy asyrda din hokmunde emele gelipdir. Yone Islam dien dinin dorejekdigi we Muhammet hakynda Towratda, Zeburda, Injilde aydylmayar.
    3. Towrat, Zebur, Injil Gurhan dien kitabyn geljekdigini aytmandyrlar. Yone Gurhan Towrat, Zebur, Injil hakynda aydyp gechyar we ondaky taryhlardan kabir boleklerini gurrun beryar. 4. Islamda Muhammet pygamber hasaplanyar we Gurhanyn ona berilendigi aydylyar. Emma geljek pygamberler hakynda gechenleri tassyklayshy yaly, Muhammet hakynda Isa yada beyleki pygamberler tassyklamandyrlar. Isa adamzat uchin Hudayn Halasgari bolsa we ahli nesillere her zamanda gutulysh beryan bolsa, Ondan son bir pygamberin gelmegi zerur dal, eger gelaysede dine Isa Mesihe tarap gorkezmeli, Isanyn Hosh Habaryny wagyz etmeli, ona hich bir zat goshmaly dal!
    Gurhanda bolsa Kone Ahte degishli kanunlaryn kabiri gaytalanyar we kanun ishleri one surulyar, Isa gelende bolsa kanunlary berjay edip, merhemeti getirdi. Indi kanun guyjuni yitirdi.
    5. Muhammet Isadan on gechmedik we yatlanmadyk.
    Mysal hokmunde aytsak, Towrat, Zebur, Pygamberlerin yazgylary, Inil Hudayn Sozunin 99% ozunde saklayan bolsa, belki Gurhan Hudayn Sozunin 1% hakynda gurrun edyar!
    Shonun uchin eger sen hakykaty biljek bolsan onda Towrady, Zebury, pygamberlerin yazgylaryn, Injili owrenmelisin, sonra Gurhana hem seredip namanin namadigini bilip bilersin!
    Eger muny etmesen onda garankylykda galmagyn mumkin! Men on dine Gurhan bize degishli diyip dushunyardim, emma ol kitaplary okanymda hakykata dushundim!
    Eger islesen gurrunimizi dowam etdireris, belkide chat yada messenger arkaly sesli gurrun hem edip bileris!

  25. Isa ve injil Muhammedin geljegini aytdy yone Ahmet diyip atlandyrdy
    yone sen ve senyaly injili bozanlar ozlerine gora yazyp bozanlar ony inkar edyaler
    onsonam Gurhanyn yekeje harpam utgemedik injilin bolsa gornushunin sany sajagy yok diymek hudayyn sozi dal
    sen ozun aydypsyn injil son jikme jik yazyldy diyip onda onki injiller gumurtuk bolyada???
    yenede kabir mesihi dal adamlar isa A.S byrnache yyl son uly poplardan sorap muhammedin yzyna dushmelidigini bildiler
    men yenede byr gezek gaytalap aydyan eger shu yolunuzy dowam etseniz Kuran we Muhammedin diyen zatlaryny etmeseniz hemmaniz jahenneme giryaniz otayda Isa size komek etmeya biz oz Kuranymyza ynanyas sebabi hemmesi Alla tagalan sozleri

  26. Isa we Injil Muhammet hakynda hich zat aytmayar. Kabir musulman alymlarynyn Injilde Isanyn Mukaddes Ruh, Gowunlik Beriji Ruh hakynda gurrun edenlerini Muhammede degishli edyarler. Emma Isanyn shol sozleri aydan erini okap goren bashinji klas chagada, munun Muhammet hakynda dalde Mukaddes Ruh hakynda gurrun edilyandigini bilyar!
    Sen Injil uytgedilen diymek bilen Hudaya dil etiryarsin, Huday oz sozuni goramagy basharyandyr. Injilin uytgedilendigini sen subut edip biljekmi, sen ony subut etmegin uchin bolsa sende uytgedilmedik Injil bolaymalyda. Injilin originaly, in gadymkysy bu gunki gun hem saklanyp gelyar. Injil bir onun terjimeleri bolsa kop dillerde.
    Bu diyildigi, Injil kop diyildigi daldir!
    Eger sen hakykatdan Gurhana ynanyan bolsan onda senin kitabyn hem Injili okalmalydygyny we iman etmelidigini aydyar. Ondan bashgada, Isa Mesihe ynananlaryn hak yoldadygyny aydyar. Eger sen bilsedin name uchin jahenneme gidiljekdigin, Isa Aleyhsalam ahyrzamanda geler we ozune garshy chykanlara jahenneme yollar. Isa iman etmedigin jahenneme gitjegini Huday anyk aydyar.
    Isa Aleyhsalam diydi, “Men yol, hakykat we yashayshdyryn”! Eger Isa Mesih yashaysh bolsa, ozem ahyrzamanda Kazy hokmunde gelyan bolsa, onda sen gowyja pikirlenip gor!
    Deedaty dinlap gordum, onun diyyanlerinde hakykatdan nam nyshan hem yok! Mana Hudayn Mukaddes Yazgylarynyn, yagny Towrat, Zebur, Injilin aydanlary has hem anykdyr. Men Hudayn Sozune shubhe edemok, men olary yuregim bilen kabul edyarin! Sana-da muny etmegi maslahat beryarin!

  27. injilin utgedilmedigine sen delilin barmy Gurhanyn utgedilmedigine we hich hachan hich kimin utgetmejegine men delilim bar
    Deedatyn diyyanlerinde nam nyshan yok diyyan sana sheyledir sebabi sizin yalnysh yoldadygynyzy her hili deliller bn ozem sizin kitabynyz bn sizi her gepinizde ochurup otyr shon uchin siz ony halamayanyz

    (Eger sen hakykatdan Gurhana ynanyan bolsan onda senin kitabyn hem Injili okalmalydygyny we iman etmelidigini aydyar. Ondan bashgada, Isa Mesihe ynananlaryn hak yoldadygyny aydyar. Eger sen bilsedin name uchin jahenneme gidiljekdigin, Isa Aleyhsalam ahyrzamanda geler we ozune garshy chykanlara jahenneme yollar. Isa iman etmedigin jahenneme gitjegini Huday anyk aydyar)Gurhanyn haysy ayatynda yazyk????????????
    byram sen soraglara doly jogap berenok sho byr yazan zatlaryny yazyan biz nameler sorayas sen nameler jogap beryan shonada uns bersen

  28. Injilin uytgedilmandigine mende gaty kop delil bar! Birinji delil, bu Hudayn Oz sozuni hemishe gorajakdygydyr. Eger muna shubhe edyan bolsan onda Hudaya bolan iman bolmayar! Ikinjiden, Injilin in gadymy golyazmalary, yagny original dildaki yazgylary muzeylerde, alymlar merkezlerinde saklanyp gelyar. Eger original dili, gadymy aramey we grek dilini bilyan bolsan onda sen olary okap owrenip bilersin. Bug gunki bar bolan terjimeler hem shol originallar bilen deneshdirilip olardan terjime edilen. Injilin Gurhanyn dowrune chenli uytgedilmandigine, Gurhanyn ozi guwa gechyar. Yagny Gurhanyn Injili okan diyyar, eger hakykata dushunmeseniz, Injili okayan we ynanyanlardan soran diyyar. Eger Gurhan birnache erde Injili, Towrady, Zebury okap iman edin diyyan bolsa, onda Gurhanyn dowrune chenli olaryn uytgedilmandigine senin Gurhanynyn ozi guwa gechip dur. Yone bu esasy guwalik dal. Ahli shu gunki bar bolan Injilin golyazmalary, uytgedilmandigini subut edip dur. Deedat ozunin diyyanlerine garshy gepleyar, onda Injilden, Towratdna we Zeburdan hich hili hem bilimi yok, yone bir kop geplemek onyn dogrudygyny gorkezmeyar! Ozun oylanyp, owrenip namenin dogrydygyny chyn yurekden gozlesen bilip bilersin!
    Dost Isanyn kimdigi hakynda yuze golay ayat Gurhanda yazylan, ona iman edenlerin bolsa bereketlenen adamlardygyny Gurhan aydyp gecyar.
    Emma Isa hakynda doly biljek bolsan onda Injili okamaly, chunki Injil Isa Mesihin durmushyny ahli eden ishlerini beyan edyar. Gurhandan Isa hakynda yada bashga pygamberler hakynda doly maglumat alyp bilmeyarsin. Chunki Gurhan olar hakynda doly geplemeyar.
    Injilde bolsa Isa iman etmediklere name boljakdygy jikme jik yazylan!

  29. Bu baryan salam Allahnyn dogry yolundakylara bolsun.Men sizden kop soraglar sorapdym sizde kabir jogaplar berdiniz ki men o jogaplaryn serhoshlygyndan acylyp bilman suwagta cenli hic yazmadym .Indi men size Kurandaky gelyan Isa aleyhisselam hakda gelen bar ayatlary tefsiri bilen size yazjak sheydip men Allahyn onundaki borjymy yerine yetirdigim bolar we bundan son ozuniz akyl aylap goryaniz Isa aleyhisselam kim…

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *