Eden Gunäň Seni Tapar

 clouds.jpg

Eden günäň seni tapar
 

     Tomus gijeleriniň birinde, Demirgazyk Amerikanyň giň sährasynda ýalňyz sygyr çopan, ýagny kowboý atyny ýüzün salyp barýardy. Ol garaňky galtaşmanka, düşelgä ýetmek isleýärdi. Ine, birden hem ol ýaňyja parçalanan ikiýaşar öküzçäniň maslygynyň üstünden bardy. Öküzçäniň ýyrtylan garny, oňa panteranyň hüjüm edendigini görkezýärdi. Onuň entek ýylysy hem gitmändi. Pantera janly-jandarlara diňe açlygyndan däl-de, ýyrtyjy bolandygy üçin topulýardy.
     Atly biraz säginenden soň, ýene düşelgä tarap öňe okduryldy. Gün batyp, iňrik garalansoň, ol birden panteranyň haýbatly arryldysyny eşitdi. Gorkudan ýaňa kowboýyň ýüregi agzyndan çykara geldi. Ýadaw at hem ylgawyny batlandyrdy. Birazdan soň elhenç sesler edil golaýjykdan eşidilen ýaly boldy. Kowboý atyny gyssady. Minutlar sagatlara döndi. Ahyrsoňy düşelgede ýanýan oduň ýagtysy göründi we ýyrtyjy kowgyny bes etdi.
     Mümkin, sizi hiç wagt gana suwsan ýyrtyjy kowalan däldir, şonuň üçin hem howp salýan ölüm duýgusyny başdan geçiren dälsiňiz. Emma siz her birimiziň yzymyzdan mundanam has elhenç ýyrtyjynyň dyngysyz kowup gelýändigine ynanmalysyňyz. Ol — günä we onuň üçin beriljek jezadyr.
      Injil islendik günäniň höküm edilmelidigini aýdýar, onuň üçin töleg bolsa — ölümdir. Günäniň paş edilmegi — bu Ýaradanyň Hudaýlyk özboluşlylygy bolup, Onuň mukaddesliginiň we dogrulygynyň düzümli bölegidir. Günäniň üsti açylmalydyr we höküm edilip jezalandyrylmalydyr. Günäniň seni tapmagy — bu edil Hudaýyň bardygy ýaly jedelsizdir.
      Durmuş hökmany zatlardan doludyr. Onda kesgitli kanunlar bardyr, bize olary bilmek zerurdyr. Mysal üçin, eger sen ýüzmäni bilmeýän bolsaň, belentden suwa bökseň gark bolarsyň. Bu kanundyr. Eger sen günä etseň we muňa toba etmeseň, sen heläkçilikden gutulyp bilmersiň. Bu hem kanundyr.
      Hudaýyň Sözi bizi toba edilmedik günäniň elhenç yzalarynyň boljakdygy hakda yzygider duýdurýar. «Kanunsyzyň ýoly bolsa rehimsizlikdir» (Süleýmanyň tymsallary 13:15). «Aldanmaň, Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir! Adam näme ekse, şony orar» (Galt. 6:7). «Sebäbi günäniň muzdy — ölüm» (Rimliler 6:23). «Ýöne toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şeýle heläk bolarsyňyz» (Luka 13:3). «Toba etmeseň, ýanyňa gelip, şemdanyňy duran ýerinden gozgaryn» (Ylham 2:5). «Sebäbi bir günäden bolan höküm iş kesmekdir» (Riml 5:16). «Ýagşy bolsun, ýaman bolsun, her gizlin iş bilen bilelikde ähli işi Hudaý höküme getirer» (Wagyzçy 12:14). Ajy tejribede biz bu hakykata köp duş gelýäris: günä derrew daşymyzy gurşaýandyr.
      Jenaýatçylar şu wagta çenli ýekeje jenaýatyň hem, hatda bölekleýin bolsa-da üsti açylman galanynyň ýokdugyny aýdýarlar. Dogry, käbir ýagdaýlarda jenaýat doly aýdyň bolman galýar, sebäbi bu kanun gullukçylarynyň sapaklaryndaky kesgitli ýetmezçilikdir. Olar işi soňuna çenli alyp gitmäge ukypsyzdyrlar. Nähili-de bolsa, käbir subutnamalar akylly- paýhasly ulanylanda, hemişe jenaýatyň üstüniň açylşyna getirýändir. Bular, barmaklaryň yzy, aýan bolmadyk şaýat, duýdansyz öwrenilmedik subutnama bolup biler.
      Günä özüni jenaýatçy ýaly alyp barýar. Ol yz galdyrmak ýa-da ýanyklar ýaly parhlandyryjy bellikler bilen özüni özi tutdurýar. Günäniň tebigaty şeýle, ol hiç hili görnüşde-de gizlenip bilýän däldir. Günäniň öz bedeniňden tapylmagyna düşünmek üçin, aýratyn subutnamlar talap edilmese gerek. Adam näme ekse, şony hem orar. Meselem, alkogol içgilerini ulanmak bagyr we iç kesellerini döredip, organizmiň dürli kesellere garşy durma ukybyny peseldýär. Jyns ahlaksyzlygy hökmany suratda weneriki kesellere getirýär ýa-da  jyns gatnaşygyny kuwwatdan gaçyrýar. Hatda gahar-gazaply, merhemetsiz, iňňirdili ýagdaý hem aşgazanyň bozulmagyna getirýändir. Netijede bolsa  — her hili aşgazan kesellerini döredýär. Günäň üçin tölemekden gaçmaga edilen synanyşyk bidereklikdir.
      Günä diňe bir bedende hereket etmän, ol ynsan barlygynyň bir böleginde hem saklanýar. Meselem, humarly oýunlara ýykgyn edýän adamlarda erbet häsiýetler döräp başlaýar. Olar gaharjaň, talap ediji, ulumsy, aldawlyk ýollary bilen hemişe birinji bolmagy halaýarlar.
      Ýaradanymyz her bir adamda Hudaýyň odynyň uçgunyny ýakdy. Bu uçgunyň ady — wyždandyr. Onuň wezipesi — ýagşy işlere ymtylyp, dogry ýola gönükdirmekdir. Adam günä edende, wyždan ony paş edýär, duýduryş signallaryny berýär. Emma adamlarda onuň sesine bolan garaýyş dürli-dürli bolýar. Birileri gulak asýar we günä etmelerini goýýar, başga birileri bolsa gazaplanýar, wyždany basyp ýatyrýar, şeýdip ahyrsoňy, wyždan olary paş etmegini bes edýär.
      Günäniň üstünden edilen höküm birbada berjaý edilmeýär. Käwagt berilmeli jeza örän uzaga çekýär. Mundan peýdalanyp, şeýtan adamy azdyrýar, onuň günäsini hiç kim hiç wagt bilmejekdigi hakda aýdýar. Şeýlelikde, ol nobatdaky öz gurbanyny özüne tabyn edýär. Kim gadymy ýalança ynanýan bolsa, elhenç ýalňyşlyk edýändir.
   Elbetde, durmuşda hemme günäleriň üsti açylýan däldir. Adamyň eden käbir jenaýatlary bu ýeriň üstünde höküm edilmez. Emma beýle diýildigi, günäniň hiç haçan tapylmajagyny we jezalandyrylmajagyny aňlatmaýar. Mümkin günä seniň ýüzüňde görner, häsiýetiňde ýüze çykar, hiç bolmanda, seniň çagalaryňda peýda bolar. Jeza seniň yzyňdan ýeter, mümkin soňurak, öleniňden soň tapylar.
 

    Injil her bir işi, ähli gizlin — gowy ýa-da erbet işleri Hudaýyň höküm etjekdigini aýdýar. Ol ýerde, ak tagtda, dogruçyl Kazy her bir adamyň işine görä baha keser. Ähli murdarlyklar, toba edilmedik we bagyşlanmadyk günäler mekany bolan dowzaha duçar bolarlar. Hawa, günäň seni dowzahda, sönmeýän otda-da tapar.
    Eger ähli zada akyl ýetirýän Hudaýyň söýgisi bolmadyk bolsa, dowzah hemme adamlaryň kysmaty bolardy. Reb çykalga tapdy, adyl jezadan günäkäri halas etmegiň mümkinçiligini tapdy.
Ol, bu zemine Özüniň ýeke-täk Ogluny iberdi, Ol bütin dünýäniň günäsi üçin öldi. Isa Mesih Hudaýyň adyl jezasyny Özüne meýletin kabul etdi. Munuň bilen bagly ejirleri we hasraty çekip, ölümi kabul etdi we ýeňiş bilen direldi. Indi Ol islendik Isa Mesihe iman edene aklanma we erkinlik berýär. Häzirki durmuşdaky günälerden halas bolmak we geljekdäki jezalardan gaçmak üçin, Hudaýyň huzurynda özüňiň günälidigiňi boýun almak zerurdyr. Ondan günäňiziň bagyşlamagyny soramak we Isa Mesihiň ganynyň islendik günäni arassalaýandygyna ynanmak gerekdir.
 

Goragçymy ýa-da kazy?
 

    Işaýa pygamberiň kitabynda şeýle diýilýär: «Ählimiz goýun kimin azaşdyk; her birimiz öz ýoluna sowuldy; Reb bolsa ählimiziň günäsini Onuň üstüne ýükledi» (Işaýa 53:6).
   Köp ýyllar mundan öň, garry, patriarhal görnüşli, hormatlanýan adam bolan doktor Bedeker, daşary ýurtdan Orsyýete geldi. Ol Sibir boýunça köp syýahat etdi we sürgün edilenleriň arasynda köp işledi. Bir gezek ol, Amurda bäş müň tussagdan ybarat bolan märekä, şu mowzukdan gürrüň açmaly boldy: «Biziň hemmämiz goýunlar ýaly azaşdyk». Gürrüňini gutarandan soň, ol öz diňleýjilerine: ganhorlara, ogrylara we beýleki jenaýatçylara şeýle ýüzlendi:
    Şu dogrumy, doganlar?
Olar başlaryny silkip, zynjyrlaryny jaňňyrdadyp, şeýle diýdiler:
    Dogry, tagsyr, dogry!
 Indiki gezek ol, bu hakda on müň tussagdan ybarat bolan märekede çykyş etmeli boldy. Bu gezek hem ol birinji gezekdäki ýaly öz diňleýjilerine ýüzlenip, şeýle diýdi:
    Şu dogrumy?
Bu betbagtlar hem başlaryny silkip, gandallaryny şakyrdadyp:
    Dogry, tagsyr, dogry! – diýdiler.
   Dostlar! Siz — sürgünde dälsiňiz, siziň elleriňizde we aýaklaryňyzda demir gandallaryňyz ýokdur, emma siziň kalbyňyz mundan hem has elhenç gandallarda — günä zynjyrynda ýerleşýär. Merkezi türmeden has uly jenaýat eden adam gaçanda, ony täzeden tutdular we elini-aýagyny daňyp, ýeke saklanýan kamerada oturtdylar. Emma, bilýäňizmi näme, biz has gorkunç jenaýatçydyrys. Bu,  betbagtlyk dälmi eýsem?! Ol, haýsy hem bolsa bir adamy öldürdi, biz bolsa Hudaý adamyny, Hudaýyň günäsiz Ogluny öldürdik. Biz — Pilatyň howlusynda Onuň ölümini talap eden märekediris. Biziň edýän her bir günämiz, biziň döredýän her bir adalatsyzlygymyz — bu täze sesdir: “Ony haça çüýle, haça çüýle!”.
     «Günä etmek gadagan!» — goý, bu biziň şygarymyz bolsun. «Günä etmek gadagan!» — goý, bu biziň her birimiziň wyždanymyza almaz bilen oýulyp ýazylsyn. «Günä etmek gadagan!», «Günä etmek gadagan!» — goý, bu ýaşaýan öýüňde, işleýän edaraňda, meşgullanýan ussahanaňda ýaňlanyp dursun.
     Isa Mesihi haça çüýlemäge äkidenlerinde, aýallar Onuň yzyna düşüp aglaşdylar. Isa olara: «Eý, Iýerusalimiň gyzlary! Maňa aglamaň, özüňiz we çagalaryňyz babatda aglaň, çünki şeýle bir günler geler… “daglara üstümize ýykyl!”, düzlüklere “biziň üstümizi büresene!” diýip aýdyp başlarsyňyz. Hatda kiçijik bir belentlik üstüňe gaçaýsa-da, sen diri galmarsyň. Emma pikir edip gör, bu ýerde DAGLAR hakda gürrüň edilýär! Alp daglary 4-5 kilometr belentlikdedir, ondan soň belentligi 7 km Ewerest depesi bilen Gimalaý daglary, soňra Kordileri, Skandinaw daglary we başgalar gelýändir! «Daglar, biziň üstümize ýykylyp, tagtda Oturanyň ýüzünden we Guzynyň gaharyndan bizi ýumrup taşla!» — ine, Hoş Habara boýun egmek islemedik, toba  etmedik günäliler şeýle diýip gygyrşarlar. Olar Mesih bilen duşuşanlarynda şeýle elhençlik bolar: «Wah, bu gözler! Bular gorkunç, günäsiz hem ýanýan gözler! Olar işilen dürre, içiňden parran geçýän zatdyr! Wah, bu nazardan sypmak üçin üstümize daglar ýykylsady!».
     Emma daglar ýykylmaz, sen Isa Mesihiň nazary bilen duşuşmaly bolarsyň. Sen Oňa süýji gimn owazynda, öwüt-ündewiň mähirli we söýgüli sözlerinde duşuşmarsyň. Ýok! Seniň öňüňde gazaply Kazy bolar. Onuň gany bilen indi öz günäleriňi ýuwup bilmersiň. Sen Ony tanaýarsyň: bu, hut şol Mesihiň Özi bolar, Ol bir wagt sabyrlylyk bilen seniň ýüregiňiň gapysyny kakyp, seniň halas bolmagyňy kabul etmäge yrypdy. Bu, hut şol Hudaýyň mylaýym Guzusy bolan, Ol seniň günäleriňi Öz üstüne alypdy, emma sen Ondan ýüz öwürdiň, indi bolsa — Ol seniň Kazyňdyr.
     Ölümden soň halas bolmak, eýýäm mümkin däldir; mazaryň içinde Isa Mesihiň Gany täsir etmeýär, çünki şeýle ýazylandyr: «Bir gezek ölüp hem ondan soň höküm edilmek ynsanlaryň ýazgydynda nähili bar bolsa, şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini götermek üçin, bir gezek gurban edildi» (Ýewr. 9:27).
     Bir ýurtda şeýle waka bolup geçdi: bir ýaş jenaýatçyny tutdular, ol höküme garaşyp, ýekelikde tussaglykda oturanda, onuň ýanyna bir jenap gelip, şeýle diýdi:
    Ýaş ýigit, men size gynanýaryn. Men siziň işiňizi derňedim we höküm edilende siz aklanmarsyňyz öýdip gorkýaryn. Men kanunlary bilýärin, men siziň durmuşyňyzyň howp astyndadygyny bilýärin. Men sizi goramagy öz üstüme alýaryn, ýöne siz maňa ähli zady çyn ýürekden gürrüň beriň we öz günäňizi boýun alyň.
Ýaş ýigit muňa diňe güldi we şeýle diýdi:
     Hawa, ýöne bu iş gaty çynlakaý däl. Maňa goragçy gerek däl diýip pikir edýärin, meniň özüm baş alyp çykaryn.
    Mähirli aklawçy ony yrmagyny dowam etdirdi, emma bary biderek boldy. Mundan soň ol her gün onuň ýanyna türmä gelip, onuň işini özüne tabşyrmagyny sorady. Emma, ýaş ýigit öz eden jenaýatyny boýun almak islemän, ondan tutanýerlilik bilen ýüz öwürdi.
    Ahyrsoňy, höküm güni gelip ýetdi. Jenaýatkäri zala getirip, höküm edilýän oturgyçda oturdanlarynda, ol baş kazyny görmek üçin başyny galdyrdy. — Wah, nähili elhençlik! — ol hut şol mähirli hem ýüregi ýuka goragçyny gördi. Ol hemişe işini özüne tabşyrmaga yrypdy, emma ol ondan ýüz öwüripdi. Bu ony halas etmek islän mähirli dostudy, emma indi bu dost gazaply adamyň we daşýürek kazynyň rehimsiz ýüzüni edinipdi.
     Dostum, seniň bilen hem şeýle bolar! Sen erkek bol, aýal bol, ýaş ýigit ýa-da gyz bol, tapawudy ýok. Seniň bilen hem şeýle bolar! Isa saňa belki, “Günäň seni tapar” atly hatjagazyň üsti bilen ýa-da belki haýsydyr bir zadyň üsti bilen aýan bolandyr. Kimdir biri saňa geplän bolmaly, emma sen biperwaýlyk edip: “Wiý, bular Hoş Habarçylar!» diýen bolmagyň mümkin. Emma, sen Hoş Habarçylaryň ýygnaklarynda Dost sesini duýduň. Ol seniň Özüni goragçyň hem aklawçyň edip kabul etmegiňi soraýar. Onuň işi goramakda hiç haçan güýçsiz bolan wagty ýokdur. Haçda garakçy Oňa öz işini tabşyrdy we häzir ol Onuň bilen bile jennetdedir. Başga-da köp adamlar bilen şeýle bolupdy.
       Wagt geçýär, hemmeleriň soňky sagady daşda däldir. Men höküm gününi görýärin, beýik ak tagt we onuň üstünde Kazy otyr, Onuň ýüzünden ýer we asman gaçýar. Tagtyň öňünde ägirt uly märeke dur, sen hem şol ýerde bolarsyň. Sen Kazynyň, şol Mesihiň ýüzüni görersiň. Ol saňa Hoş Habarlaryň we wagyzlaryň, dilegleriň we gimnleriň üsti bilen gepledi. Ol Şol öňküsi ýaly bolar, ýöne Ol indi goragçy däldir. Sen: «Meniň ýanymdan aýrylyň, näletlenenler, baky oda ýanyň!» diýlenini eşidersiň. Seniň işiň ýapylar, höküm mälim ediler. Indi ýokary suda ýa-da beýleki hukuk goraýan edaralara kömek sorap ýüzlenmek mümkin däldir. Bu, elmydama, baky gorkunç bolup ýaňlanar: «Meniň ýanymdan aýrylyň!». Hudaýdan hemişelik hem baky aýrylmak! Elbetde, bu seniň bilen beýle bolmaz! Indi sen Mesihi kabul et, şonda sen köp halas bolanlar bilen birlikde: «Atamyň ýalkanlary, geliň, dünýä ýaradylany bäri siziň üçin taýýarlanan Patyşalygy miras alyň: çünki Men ajyganymda, Meni naharladyňyz, suwsanymda, teşneligimi gandyrdyňyz, bir keseki syýahatçy bolanymda, siz Meni kabul etdiňiz…..».
      «Saňa bir Syýahatçy gelip, gapyňy kakýar: aç! aç!».
 

2 thoughts on “Eden Gunäň Seni Tapar

  1. Salam ildeshim! Bizing websaytymyza myhman bolanyng uchin gaty shat! Yone agzyny hapalap ozune yene-de jogap berip bilmejek gunalering ustune guna goshandygynga gynanyan!
    Sana agzyny hapadan doldurmagy we adamlara hapa sozi aytmagy “musulmanchylyk” owredyan bolsa, onda men beyle dine ynanymdan ynanmanym gowydyr. Chunki bizing iman getiren Hudayymyz we yolumyz adamlara hapa soz aytmazlygy, sabyrly bolmagy, soymegi we yagshy dilegde bolmagy owredyar! Bu sebapden sana bagyshalanmagyny, bagyshlamagya, soymegi we bereketlemegi owredip biljek Hak Hudaya bolan imana chagyryan!

    yaghy dilegler bilen,
    admin

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *