“Umytly Aýallar” bölümümize hoş geldiňiz! Aýallar adamzat jemgyýetiniň wajyp bölegi bolup durýandyr. Olar durmuşymyzyň her böleginde iň wajyp rol oýnaýarlar. Haçanda kynçylyklar ýuze çykanda aýallar birinji bolup şolara gynalýarlar we elinde baryny etmäge çalyşýarlar. Şonuň uçin bu “Umytly Aýallar” radio gepleşikleri, gadyrdan aýallara dürli temalarda durmuş üçin gerek bolan praktiki maslahatlary berýär. Munuň üstesinede Hudaýyň olara berýän ruhy baýlygy, rowaçlygy, dynçlygy we ýaşaýşy hakynda gurruň edýär. Gadyrdan enelerimiz, uýalarymyz biz size Rebbimizdäki ähli ruhy rowaçlygy arzuw edýäris we bu “Umytly Aýallar” atly radio gepleşiklerimiz arkaly bereketlenersiňiz diýip umyt edýäris! “Umytly Aýallar”1“Umytly Aýallar”2
Bu bölümde biz size “Hudaýyň Ýoly” diýilip at berilen radio gepleşiklerimizi hödürleýaris. Ony biziň ildeşimiz taýýarlap size hödürleýär. Olar arkaly gunäler üçin toba etmeklige, gunälerden gutulyşa we munuň netijesinde Biribar Ýaradyjy bilen baky parahatçylyga eýe bolarsyňyz diýip umyt edýäris! Diňlap ruhyňyz rowaçlansyn!
Hudaýyň Ýoly01Hudaýyň Ýoly02Hudaýyň Ýoly03Hudaýyň Ýoly04Hudaýyň Ýoly05Hudaýyň Ýoly06Hudaýyň Ýoly07Hudaýyň Ýoly08
süýji ukyny däl-de, ýatylýan otag üçin garnitury; akyly däl-de, kitaplary; işdäni däl-de, iýmiti; owadanlygy däl-de, şaý-sepleri; maşgala ojagyny däl-de, yaşaýyş jaýyny; saglygy däl-de, dermanlary; bagty däl-de, birinji derejeli zerur bolmadyk zatlary; halas boluşy däl-de, kumüş hajy; göklerde däl-de,dünýäde eri SATYN ALÝARLAR..
Isa Mesih seniň ýürek taryňy kakýar we pula satyn alyp bilmejek zatlaryňy saňa sylag bermek isleýär.
"Hiç kim Göge çykan däldir; oňa diňe Gökden inen we Gökde bolan Ynsan Ogly çykandyr. Musanyň çölde ýylany ýokaryk galdyryşy ýaly, Ynsan Ogly-da ýokaryk galdyrylmalydyr (haçda çüýlenmelidir). Şeýlelikde, Oňa ynanýanlaryň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowşar."