TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Dört Ruhy Hakykatlar

6th February 2007

Dört Ruhy Hakykatlar

DÖRT RUHY HAKYKATLAR

Siz olar hakda eşitdiňizmi?

Ýaradyjy Biribar Hudaýy şahsy tanamak isleýärmisiň? 

Mälim bolşy ýaly, älemde tebigatyň fiziki kanunlary hereket edýär. Şonuň ýaly-da ruhy hakykatlaryň bardygyndan habaryňyz barmy? Bu hakykatlar Hudaý bilen biziň aramyzdaky gatnaşyklary kesgitleýärler! Geliň olara seredip geçeliň. 


1 HUDAÝ SIZI SÖÝÝÄR WE ÝAŞAMAGYŇYZ ÜÇIN AJAÝYP BIR MAKSADY BAR HUDAÝYŇ SÖÝGÜSI
Hudaý söýgüdir, kim söýgüde galýan bolsa, ol Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr.” (1Ýahýa 4:16)

HUDAÝYŇ MAKSADY
Hezreti Isa şeýle diýýär, “Men ynsanlarda ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim.”(Ýahýa 10:10)
Näme üçin onda köp adamlar bu gurply ýaşaýşa eýe bolanoklar?
                                                                                                                  SEBÄBI…
 2  IKINJI HAKYKAT

 YNSAN GÜNÄLIDIR WE HUDAÝDAN AÝRY DÜŞENDIR. INE ŞOl SEBÄPLI HUDAÝYŇ SÖÝGÜSINI WE ÝAŞAÝYŞ ÜÇIN BOLAN MAKSADYNY BILMEÝÄR WE DÜŞÜNMEÝÄR.
 YNSAN GÜNÄLIDIR
“Sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy.” (Rim.3:23)
 
Adam Hudaý bilen içgin gatnaşykdaky ýaşaýyş uçin ýaradylypdy, emma ol kesirlik bilen özbaşdak ýoluny saýlap aldy. Şonuň netijesinde adamyň Hudaý bilen gatnaşygy kesildi. Hudaýa boýun bolmaýan ýa-da Oňa ýöne biperwaý garaýan özbaşdaklyga Injilde günä diýilýär.

HUDAÝ MUKADDESDIR
“Mukaddes boluň, çünki Men Mukaddesdirin.” (1Petrus1:16)
 YNSAN AÝRALYGA DUŞDI
“Sebäbi günäniň tölegi ölümdir…” (Rim. 3:23) 
Adam aýra düşüpdir.
“Sebäbi günäniň jezasy ölümdir” (Hudaýdan ruhy aýra düşmekdir). 
Bu surat Hudaýyň mukaddesdigini, adamyň bolsa günälidigini görkezýär. Olaryň arasynda uly uçut ýatyr. Adam öz güýji bilen, meselem, gowy işler arkaly, filosofiýa ýa-da dinler arkaly mydama Hudaýa we “gurply ýaşaýşa” ýetmek isleýär. Emma günä sebäpli bu mumkin däl.
Üçünji hakykat bu çykgynsyz ýagdaýdan ýalňyz çykalagany görkezýär. 

 3    ÜÇÜNJI HAKYKAT
 ISA MESIH-ADAM GÜNÄSINDEN GUTULMAK ÜÇIN HUDAÝ TARAPYNDAN BERLEN EKE-TÄK ÝOLDUR. ONUŇ ÜSTI BILEN SIZ HUDAÝYŇ SÖÝGÜSINI DUÝUP WE BILIP BILERSIŇIZ.

Ol biziň üçin öldi                                                                                                                                                                                              
“Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entäk günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi” (Rimliler 5:8) 

Ol ölülerden direldi
“…Mesih ýazgylara görä, biziň günälerimiz üçin öldi, jaýlanyp, Ýazgylara görä hem üçünji güni direldi. Onsoň Kifasa, soň-da Onkilere göründi. Ondan soň bäş ýuzden köp dogana birden göründi…”(1Korin.15:3-6)

Ol—Hudaýa bolan eke-täk ýoldur.
“Isa oňa diýdi: “Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn; Mensiz hiç kim Hudaýa baryp bilmez”(Ýahýa 14:6)
guzy.jpgSuratda görşüňiz ýaly, Hudaý Isa Mesihi biziň günälerimiziň jezasyny çekmäge ölüme iberip, bizi we Özüni bölýän uçudyň üstünden köpri gurdy. Isa Alehsalam edil şu guzy ýaly biziň günälerimiz üçin öldi.                                                                            
Bu üç hakykaty ýöne bir bilmek eterlik däldir…

 4   DÖRDÜNJI HAKYKAT
 BIZIŇ HER BIRIMIZIŇ ISA MESIHI HALASGÄR WE TAŇRY HÖKMÜNDE KABUL ETMEGIMIZ GEREK. DIŇE ŞONDAN SOŇ BIZ HUDAÝYŇ SÖÝGÜSINI DUÝUP WE ONUŇ NIETINI BILIP BILERIS
 

Bize Isa Mesihi kabul etmek gerek.
          “Emma Ol özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň ogullary bolmak hakyny berdi” (Ýahýa 1:12)
Biz Isany ynam bilen kabul edýäris.
          “Siz iman arkaly merhemet bilen gutuldyňyz. Bu siziň tagallaňyz däl, Hudaýyň sylagydyr. Hiç kim magtanmaz ýaly oňat işlere-de bagly däldir” (Efesliler 2:8-9).
Isany kabul edip, biz täzeden dogulýarys.
Adamyň bu ikinji, ruhy dogluşyna “ýokardan dogluş” diýilýär. (seret: Ýahýa 3:1-8). 

Biz Ony kalbymyza çagyran wagty şeýle bolup geçýär.
Isa diýdi: “Ine Men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin” (Ylham 3:20)
Ýokardan dogulmak, toba etmek, Isany kabul etmek, günälerden gutulşa eýe bolmak, mesihi bolmak—bularyň hemmesi hem şol bir wakany suratlandyrýar. Bu çyn ýürekden özüňiň günälidigiňi boýun alyp, günäli ýaşaýyşdan ýüz döndermegi; Hudaýa dogada ýüzlenip, günäleriňi bagyşlamagyny soramagy aňladýar. Şonda isa Mesihiň siziň kalbyňyza girjekdigine we siziň ähli günäleriňizi bagyşlap, sizi Hudaýyň island adamy etjekdigine ynanmaly. Gurrüň bu zatlara diňe bir paýhas bilen ýa-da duýgy arkaly akyl etirmek barada däl. Esasy Isa bolan ynam we Onuň yzyna eýermek baradaky karardyr. 

BU IKI TÖWEREK IKI HILI DURMUŞY ŞEKILLENDIRÝÄR:

Adamyň özi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän durmuş
towerek-1.jpg

M- Tagtda –adamdaky “MEN” I- Isa –durmuşyň daşynda

  • -Isleg-arzuwlar adamyň özünden gelýär. Olar ahyrsoňy lapykeçlige getirýär.

 


Isa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän durmuştowerek2.jpg 

M- “MEN” erini Isa berdi.  I- Mesih ýüregiň merkezinde

  • -Islegler Isa tarapyndan Hudaýyň nieti boýunça gönükdirilýär.

Şu töwerekleriň haýsy siziň durmuşyňyzy aňladýar?
Olaryň haýsy boýunça ýaşasam diýýärsiňiz?
Isany nädip kabul edip boljakdygyny bilesiňiz gelýärmi… 

Siz häziriň özünde doga arkaly ýüzlenip, Isany ynam bilen kabul edip bilersiňiz.
          (Doga—bu Hudaý bilen geplşikdir)
Hudaý adamyň ýüregini gowy bilýär. Şol sebäpli Oňa sözleriňiz däl-de, ýüregiňiziň islegi zerurdyr. Siziň dogaňyz şeýleräk bolup biler:
“Rebbim Isa, Sen maňa gerek. Meniň günälerim üçin haçdaky ölümiňe men minnetdar. Meniň günälerimi bagyşla! Men ýüregimiň gapysyny Seniň üçin açýaryn we oňa girmegiňi soraýaryn. Meniň Halasgärim we Rebbim bol. Meniň durmuşyma ýolbaşçylyk edip, meni Öz islan adamyň edip etişdir. Meniň günälerimi geçenligiň üçin we maňa baky ýaşaýşy berenligiň üçin men Saňa minnetdar. Omyn.”
Şeýle doga siziň ýorek islegiňizi aňladýarmy? Aňladýan bolsa, onda häziriň özünde şu doga bilen Hudaýa ýüzleniň. Şonda Isa Mesih wada edişi ýaly siziň ýüregiňize girer. 

Isa siziň kalbyňyza girdimi, ony nädip bilmeli
          Siz Mesihden ýüregiňize girmegini soradyňyzmy? Onuň Ylham 3:20-däki wadasyna laýyklykda Ol inid s ize görä nirede? Isa siziň gapyňyza girmegi wada edipdi. Ol sizi aldap bilermi? Hudaý dogama jogap berdi dien ynamyňyz name esaslanýar? Hudaýyň aýdan Sözüne, Hudaý we Onuň Sözi ynama mynasyp.
Injil Isany kabul edenleriň ählisine baky (ebedi) ýaşaýyş wada edýär.
“Hudaý bize ebedi ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýyş Onuň oglundadyr. Kimde ogul bar bolsa, onda şaýaşyş hem bardyr, kimde Hudaýyň Ogly ýok bolsa, onda ýaşaýyş hem ýokdur. Men muny size—Hudaýyň Oglunyň adyna iman edenleriň adyna ýazdym. Şeýle, siz Hudaýyň Oglunyň adyna iman edenler ebedi ýaşaýşyňyz barlygyny biliň” (1Ýahýa 5:11-13).
          Isanyň elmydama siziň bilen boljakdygyna we sizi hiç haçan taşlap gitmejekdigine Oňa hemişe minnetdarlyk bildiriň. (Ewreýlere13:5,6) Ony kabul eden günüňizden başlap, Isanyň sizde ýaşaýandygyny we özüňiziň ebedi ýaşaýşa eyedigiňizi Onuň beren wadalary boýunça bilip bilersiňiz…
Ýatda saklamaly zerur zat…
 DUÝGULARYŇYZA ESASLANMAŇ
Biziň ynamymyzyň esasy – biziň duýgularymyz däl-de, Injilde ýazylan Hudaýyň wadalarydyr. Isany kabul eden adam Hudaýyň Özüne we Onuň Sözüne bil baglaýar. Aşakdaky otlynyň suraty mesihilik durmuşy şekillendirýär. Ol fakt bolan Hudaýyň Sözi bilen biziň oňa ynamymyzyň we ynamyň netijesi – duýgumyzyň arasyndaky baglanyşygy görkezýär.

otly-1.jpg
Parawozyň wagonsyz hem ýöräp biljekdigi düşünikli zat. Emma wagon bilen parawozy ýöretmäge synanyşyk biderek bolardy. Şunuň ýaly biz, mesihiler hem, öz duýgularymyza esaslanmaly däldiris, gaýtam biz öz ynamymyzy Hudaýyň we Onuň Sözüniň mizemez abraýyna esaslandyrýarys. 

ISANY KABUL EDENIŇIZDEN SOŇ

Siz ynam bilen Isany kabul edeniňizde köp zatlar bolup geçdi:
1.     Isa siziň durmuşyňyza aralaşdy. (Ylham3:20, Kol.1::27)
2.     Siziň günäleriňiz geçildi (Kol.1:14, Efes 1:8)
3.     Siz Hudaýyň perzendi bolduňyz (Ýahýa 1:12)
4.     Siz ebedi ýaşaýşa eýe bolduňyz (1Ýahýa 5:11-13, Ýahýa 5:24)
5.     Hudaýyň sizi ýaratmak bilen baglanyşykly bolan beýik maksadyna tarap ýola gadam urduňyz Ýahýa 10:10, 2Kor. 5:17, 1Sel5:18)
Siz özüňiz üçin Isa Meishi kabul etmekden başga-da ajaýyp zady heý bir göz öňüne getirip bilýäňizmi? Hudaýyň siz üçin eden ähli işlerine häziriň özünde minnetdarlyk bildirmek isleýäňizmi? Hudaýa minnetdarlyk bildirmek bilen siz Oňa bolan ynamyňyzy beýan edýärsiňiz. Siziň Isadaky täze ýaşaýşyňyz doly mazmunly bolmagy üçin siz ruhy ösmelisiňiz…


  RUHY ÖSÜŞ ÜÇIN NÄMÄLERI BILMEK GEREK
 Ruhy ösüş biziň Isa Mesihe bil baglap ýaşaýşymyza (ynamymyza) bagly. “Dogry adam iman bilen ýaşar” (Galtlylar 3:11) Ynam bilen ýaşaýyş size her bir uly bolmadyk zatda hem Hudaýa bil baglap ýaşamaga hem-de aş aşakdakylary amal etmäge kömek eder:
1.     Her doga bilen Hudaýa ýüzlenmeli.( Ýahýa 15:7)
2.     Her gün Hudaýyň Sözi —Injili okamaly (Res. Iş.17:11) Ýahýanyň Hoş Habaryndan başlaň
3.     Ähli zatda Hudaýa boýun bolmaly (Ýahýa 14:21).
4.     Söz we iş bilen bütin ýaşaýşyň bilen adamlary Mesih hakda güwälik etmeli. (Matta 4:19, Ýahýa 15:8)
5.     Gündelik durmuşyňyzda we Isa hakdaky güwälikleriňizde Öz güýji bilen doldurmaga hem-de ýolbaşçylyk etmäge Mukaddes Ruha mumkinçilik bermeli (Galatlýalylar 5:16, Res. Işl. 1:8)

IMANLYLAR ÝYGNAGYNDA OLAR BILEN GATNAŞYK
 
Hudaýyň Sözi imanlylara “ýygnanyşmagy goýmazlygy” maslahat berýär (Ewreýler 10:25)
 Odunlar üýşürililgi bolsa ot gowy ýanar, emma ekelikde olar tiz söner. Imanlylar bilen hem edil şeýle bolýar. Eger siz entek mesihiler ýygnagyna barmaýan bolsaňyz, onda ol ere çagyrýançalar garaüyp oturmaň. Ýaşaýan eriňizde Isa tagzym edilýän we Onuň Sözi wagyz edlýän er-mesihiler ýygnagyny tapyň. Bu siziň ruhy durmuşyňyz üçin örän wajypdyr.
 
 
 
     

 

This entry was posted on Tuesday, February 6th, 2007 at 5:29 pm and is filed under Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык. You can follow any responses to this entry through the RSS 2.0 feed. You can leave a response, or trackback from your own site.

There are currently 19 responses to “Dört Ruhy Hakykatlar”

Bu barada özüňiň komentiňi galdyryp bize pikiriňi bildir! Seniň pikiriň biziň üçin wajyp, bu sebäpden bol...näme pikir edýän bolsaň bize bildir.

  1. 1 On March 29th, 2007, SSSSSSS said:

    SSSS

  2. 2 On April 1st, 2007, turkmen said:

    boyle yalnysh zatlar bn adamlaryng aklyny garyshdyrmang!!
    Isa peygamberdir, yone Hudayıng oglu daldir…

  3. 3 On April 1st, 2007, Turkmen said:

    “4 DÖRDÜNJI HAKYKAT
    BIZIŇ HER BIRIMIZIŇ ISA MESIHI HALASGÄR WE TAŇRY HÖKMÜNDE KABUL ETMEGIMIZ GEREK.”
    Dostlar Hz Isa Alla daldir. Allanyng ogluda daldir. Ol bir pygamberdir.

  4. 4 On April 2nd, 2007, messenger said:

    Gadyrly Turkmen ildesh! Hz Isa gökden inen Halasgärdir, muny Hudaýyň Öz Sözi tassyklaýar. Men we sen Hudaýyň bu hakykatyna garşy çykar ýaly kim? Eger Hudaý Isa Mesih hakynda şeýle güwä geçýän bolsa onda Hudaýyň hakykatyny ret eder ýaly biz kim. Injilde şeýle sözler bar. Injil: “Biz adamlaryň güwäligini kabul edýän bolsak, Hudaýyň güwäligi ondan uludyr, çünki bu Hudaýyň Isa Mesih hakynda beren güwäligidir. Hudaýyň Isa Mesihine iman edýände Hudaýyň güwäligi bardyr. Hudaýa iman etmeýän bolsa, Ony ýalançy edendir, çünki Hudaýyň Öz Isa Mesihi hakda beren güwäligine iman eden däldir. Bu güwälik bolsa şudur: Hudaý bize ebedi ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýyş Isa Mesihdedir. Kimde Isa Mesih bar bolsa, onda ýaşaýyş hem bardyr, kimde Hudaýyň Isa Mesihi ýok bolsa onda ýaşaýyş hem ýokdur.” Isa Mesih hakykaty çyn ýürekden gözläň, hakykaty taparsyňyz” diýýär.

  5. 5 On April 5th, 2007, TUrkmen said:

    Mâide(*) Sûresinin 75 . Ayetinde
    Meryem oğlu Mesih sadece bir peygamberdir. Ondan önce de nice peygamberler geldi geçti. Onun annesi de dosdoğru bir kadındır. (Nasıl ilah olabilirler?) İkisi de yemek yerlerdi. Bak, onlara âyetlerimizi nasıl açıklıyoruz. Sonra bak ki, nasıl da (haktan) çevriliyorlar.

  6. 6 On April 5th, 2007, TUrkmen said:

    tevbe(*) Sûresinin 31 . Ayetinde
    (Yahudiler) Allah’ı bırakıp, hahamlarını; (hırıstiyanlar ise) rahiplerini ve Meryem oğlu Mesih’i rab edindiler. Oysa, bunlar da ancak, bir olan Allah’a ibadet etmekle emrolunmuşlardır. Ondan başka hiçbir ilah yoktur. O, onların ortak koştukları her şeyden uzaktır.

  7. 7 On April 5th, 2007, TUrkmen said:

    Nisâ(*) Sûresinin 156,157 . Ayetinde
    Bir de inkarlarından ve Meryem’e büyük bir iftira atmalarından ve “Biz Allah’ın peygamberi Meryemoğlu İsa Mesih’i öldürdük” demelerinden dolayı kalplerini mühürledik. Oysa onu öldürmediler ve asmadılar. Fakat onlara öyle gibi gösterildi. Onun hakkında anlaşmazlığa düşenler, bu konuda kesin bir şüphe içindedirler. O hususta hiçbir bilgileri yoktur. Sadece zanna uyuyorlar. Onu kesin olarak öldürmediler.

  8. 8 On April 5th, 2007, TUrkmen said:

    Bakara(*) Sûresinin 163 . Ayetinde
    Sizin ilahınız bir tek ilahtır. Ondan başka ilah yoktur. O Rahmân’dır, Rahîm’dir.37

  9. 9 On April 5th, 2007, TUrkmen said:

    Nisâ(*) Sûresinin 171 . Ayetinde
    Ey Kitab ehli! Dininizde sınırları aşmayın ve Allah hakkında ancak hakkı söyleyin. Meryemoğlu İsa Mesih, ancak Allah’ın peygamberi, Meryem’e ulaştırdığı (emriyle onda var ettiği) kelimesi ve kendisinden bir ruhtur. Öyleyse Allah’a ve peygamberlerine iman edin, “(Allah) üçtür” demeyin.33 Kendi iyiliğiniz için buna son verin. Allah ancak bir tek ilahtır. O çocuk sahibi olmaktan uzaktır. Göklerdeki her şey, yerdeki her şey onundur. Vekil olarak Allah yeter.

  10. 10 On April 5th, 2007, TUrkmen said:

    Nahl Sûresinin 51 . Ayetinde
    Allah şöyle dedi: “İki ilah edinmeyin. O, ancak tek ilahtır. O halde yalnız benden korkun.”

  11. 11 On April 5th, 2007, TUrkmen said:

    Gurhanda Meryem suresinem okap gor

  12. 12 On April 6th, 2007, messenger said:

    Isa Mesihe Halasgär we Reb hökmünde iman eden, biz Allah uçdur diýmedik yada başgada hudaýlar bardyr hem diýmedik. Allah özüni adamzada uç hasýetde ýagny tebigatda aýan etdi. Senin getirýän Gurhandaky aýatlaryň bolsa Merýeme Hudaýdyr diýen nädogry düşünen adamlara degişlidir. Isa Mesihe hakykatda iman edenler, Merýemi hudaý diýip hiç haçan aýtmaýarlar. Injilde hem Merýem hudaýdyr diýip aýdylan eri ýok. Şonuň üçin Gurhandaky aýatlar öz özünden nädogry bolup galýar. Isa Mesihiň gökden gelendigini Gurhan hem tassyklaýar. Nisse suresinde aýdyşyň ýaly Isa Mesih Hudaýyň kelamydyr we ruhydyr. Şol aýat hem Isanyň gökden Hudaýdan gelip Hudaý bilen birdigini aýdýar. Hudaý bilen Isa Mesih birdi. Ýagny Isa Mesih Hudaýyň içinden çykyp ere geldi. Ol ozal başda hem Hudaýdady. Bir mysal aýdaýyn: suw üç görnüşde bolup bilşi ýaly, ýagny suwuklyk, bug we buz görnüşde bolşy ýaly, Hudaý hem üç tebigatda adamzada özüni asyrlar boýy aýan edip geldi. Hudaý Ruhda, Tende we Ýaradyjy hökmünde adamzada özüni aýan etdi. Muny kabul etmez ýaly we munuň garşysyna gider ýaly biz kim?
    Biz Onuň bize aýan edenini kabul etmelidiris we gutuluş ýoly uçhin minnetdar bolmalydyrys!

  13. 13 On April 6th, 2007, messenger said:

    Isa Mesih er ýüzüne ölmek üçin gelipdi, Onuň ejir çekjegi, öljegi we üçünji güni direljegi we ahyrzamanda hem geljegi Hudaý tarapyndan gadymky pygamberler arkaly öňünden aýdylypdy. Olaryň sözi erine etmese onda Hudaý ýalaçy ýaly bolmalydy. Ýöne Hudaý hemişe hem wadasyny we aýdan zatlaryny erine etirendir we erine etirer. Şonuň üçin hem Gurhana esaslanyp Isany ölmedi diýsek onda Hudaýyň sözüni ýalançy edýäris we hatda taryhy faktlara hem nädogry diýýäris. Isanyň ölendigi wer direlendigi taryhy-ýuridiki faktlara hem esaslanýandyr. Şu websitdaky “Diňe bir agaç ussasy däldiir” diýen kitaby okap gör!

  14. 14 On April 7th, 2007, Turkmen said:

    son pygamber Hz Muhammetdir. Hz Muhammeding geljegini Hz. Isa’da habar berdi.

  15. 15 On April 7th, 2007, Turkmen said:

    Sen mana hakyky injili görkezip biljekmi? Şu wagt dünyada 4 injil bar. Olaryng biri beylekisini tassyklanok. Olaryng haysysyna ynanmaly???

  16. 16 On April 7th, 2007, messenger said:

    Hakyky Injil bar we men saňa ony görkezip biljek! Injil Hudaýyň Sözi bolsa onda Hudaý ony goraýandyr. Injil Isa Mesihiň durmuşy hakynda bolup ol Isanyň şägirtleri tarapyndan ýazyldy. Olaryň dördüsi hem şol Isa Mesihiň dünýä gelişi, eden işleri, taglymatyny we adamlaryň günäsi üçin çeken ejirlerini, ölümini, ölümden direlişini we dünýäniň soňunda ene geljekdigini tassyklaýarlar. Olar biri biriniň üstüni doldurýarlar we biri birine gapma garşy gelmeýärler.
    Sen olaryň dördüsini hem okap gördüňmi. Eger okap görseň meniň aýdanlaryma hakdygyny bilersiň. Şu wagt olaryň hemmesi bir kitap görnüşde Turkmen dilinde bar. Isleseň men saňa tapmaga kömek ederin!

  17. 17 On April 7th, 2007, messenger said:

    Muhammediň geljegini Isa Mesih hiç haçan hiç erde aýtmady we tassyklamady. Dünýä Halasgär bolup gelenden soňra ene-de bir pygamberiň gelmegi we ýoly görkezmegi gerek däl bolup çykýar. Ýol, Hakykat we Ýaşaýyş bolan Isa Mesih dünýä geldi, indi ýol görkezmäge biri Hudaý üçin resul bolup gelmegi zerur däldi. Ýöne kimde kim Isadan soňra men Hudaýdan diýip gelse onda olaryň bary Isa Mesih hakynda güwä geçip Isa Mesihi Halasgär hökmünde görkezmeli. Kimde kim Isanyň Mesihdigine we Halasgärdigine garşy çyksa, Injile garşy çyksa onda ol şeýtanyň tarapyndadyr! Sen şuňa gaty gowy düşün. Isa Mesih ahyrzamanda gelip özüne garşy göreşenleri ýok eder we jähenneme ýollar!

  18. 18 On May 13th, 2007, Mergen said:

    Mana shol “hakyky Injil” diyyanin gerek “Hudayin gorap saklany”, nireden tapyp bolarka ?? Internetde barmy ??

    Katolikler ya-da protestanlar’yn haysy’synyn Injil’ini sen kabul edyan t.e. apocriphy edilen 7 injil’i sen kabul edyanmi Huday’in sozi diyip ??

  19. 19 On May 14th, 2007, messenger said:

    Hakyky Injil bar, shu gunki bar bolan Turkmen dilindaki Injil hem hakyky Injiling bir nusgasydyr. Eger Enlis dilinde islesen onda Inlis dilinde in gadymysy KJV of Bible bolyar. Original gadymy golyazmalar, muzeylerde, gadymy ybadathanalarda saklanyar. Menin kabul edyanim Protestantlaryn Bibliyasyny kabul edyarin, elbetde Apokrypha kitaplaryny hem okayaryn, olarda kabir gapma garshylyklar bolsada okamak uchin peydaly. Olar Biblianyn owredyanlerining esasy taglymatyna doly garshy gelmeyarler. Name uchin kabir kitaplaryn Biblia goshulmandygynyn sebabini ine shu erden okap bilersin:http://www.jesus-is-lord.com/apocryph.htm

Pikirini yaz