Dört Ruhy Hakykatlar

DÖRT RUHY HAKYKATLAR

Siz olar hakda eşitdiňizmi?

Ýaradyjy Biribar Hudaýy şahsy tanamak isleýärmisiň? 

Mälim bolşy ýaly, älemde tebigatyň fiziki kanunlary hereket edýär. Şonuň ýaly-da ruhy hakykatlaryň bardygyndan habaryňyz barmy? Bu hakykatlar Hudaý bilen biziň aramyzdaky gatnaşyklary kesgitleýärler! Geliň olara seredip geçeliň. 


1 HUDAÝ SIZI SÖÝÝÄR WE ÝAŞAMAGYŇYZ ÜÇIN AJAÝYP BIR MAKSADY BAR HUDAÝYŇ SÖÝGÜSI
Hudaý söýgüdir, kim söýgüde galýan bolsa, ol Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr.” (1Ýahýa 4:16)

HUDAÝYŇ MAKSADY
Hezreti Isa şeýle diýýär, “Men ynsanlarda ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim.”(Ýahýa 10:10)
Näme üçin onda köp adamlar bu gurply ýaşaýşa eýe bolanoklar?
                                                                                                                  SEBÄBI…
 2  IKINJI HAKYKAT

 YNSAN GÜNÄLIDIR WE HUDAÝDAN AÝRY DÜŞENDIR. INE ŞOl SEBÄPLI HUDAÝYŇ SÖÝGÜSINI WE ÝAŞAÝYŞ ÜÇIN BOLAN MAKSADYNY BILMEÝÄR WE DÜŞÜNMEÝÄR.
 YNSAN GÜNÄLIDIR
“Sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy.” (Rim.3:23)
 
Adam Hudaý bilen içgin gatnaşykdaky ýaşaýyş uçin ýaradylypdy, emma ol kesirlik bilen özbaşdak ýoluny saýlap aldy. Şonuň netijesinde adamyň Hudaý bilen gatnaşygy kesildi. Hudaýa boýun bolmaýan ýa-da Oňa ýöne biperwaý garaýan özbaşdaklyga Injilde günä diýilýär.

HUDAÝ MUKADDESDIR
“Mukaddes boluň, çünki Men Mukaddesdirin.” (1Petrus1:16)
 YNSAN AÝRALYGA DUŞDI
“Sebäbi günäniň tölegi ölümdir…” (Rim. 3:23) 
Adam aýra düşüpdir.
“Sebäbi günäniň jezasy ölümdir” (Hudaýdan ruhy aýra düşmekdir). 
Bu surat Hudaýyň mukaddesdigini, adamyň bolsa günälidigini görkezýär. Olaryň arasynda uly uçut ýatyr. Adam öz güýji bilen, meselem, gowy işler arkaly, filosofiýa ýa-da dinler arkaly mydama Hudaýa we “gurply ýaşaýşa” ýetmek isleýär. Emma günä sebäpli bu mumkin däl.
Üçünji hakykat bu çykgynsyz ýagdaýdan ýalňyz çykalagany görkezýär. 

 3    ÜÇÜNJI HAKYKAT
 ISA MESIH-ADAM GÜNÄSINDEN GUTULMAK ÜÇIN HUDAÝ TARAPYNDAN BERLEN EKE-TÄK ÝOLDUR. ONUŇ ÜSTI BILEN SIZ HUDAÝYŇ SÖÝGÜSINI DUÝUP WE BILIP BILERSIŇIZ.

Ol biziň üçin öldi                                                                                                                                                                                              
“Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entäk günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi” (Rimliler 5:8) 

Ol ölülerden direldi
“…Mesih ýazgylara görä, biziň günälerimiz üçin öldi, jaýlanyp, Ýazgylara görä hem üçünji güni direldi. Onsoň Kifasa, soň-da Onkilere göründi. Ondan soň bäş ýuzden köp dogana birden göründi…”(1Korin.15:3-6)

Ol—Hudaýa bolan eke-täk ýoldur.
“Isa oňa diýdi: “Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn; Mensiz hiç kim Hudaýa baryp bilmez”(Ýahýa 14:6)
guzy.jpgSuratda görşüňiz ýaly, Hudaý Isa Mesihi biziň günälerimiziň jezasyny çekmäge ölüme iberip, bizi we Özüni bölýän uçudyň üstünden köpri gurdy. Isa Alehsalam edil şu guzy ýaly biziň günälerimiz üçin öldi.                                                                            
Bu üç hakykaty ýöne bir bilmek eterlik däldir…

 4   DÖRDÜNJI HAKYKAT
 BIZIŇ HER BIRIMIZIŇ ISA MESIHI HALASGÄR WE TAŇRY HÖKMÜNDE KABUL ETMEGIMIZ GEREK. DIŇE ŞONDAN SOŇ BIZ HUDAÝYŇ SÖÝGÜSINI DUÝUP WE ONUŇ NIETINI BILIP BILERIS
 

Bize Isa Mesihi kabul etmek gerek.
          “Emma Ol özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň ogullary bolmak hakyny berdi” (Ýahýa 1:12)
Biz Isany ynam bilen kabul edýäris.
          “Siz iman arkaly merhemet bilen gutuldyňyz. Bu siziň tagallaňyz däl, Hudaýyň sylagydyr. Hiç kim magtanmaz ýaly oňat işlere-de bagly däldir” (Efesliler 2:8-9).
Isany kabul edip, biz täzeden dogulýarys.
Adamyň bu ikinji, ruhy dogluşyna “ýokardan dogluş” diýilýär. (seret: Ýahýa 3:1-8). 

Biz Ony kalbymyza çagyran wagty şeýle bolup geçýär.
Isa diýdi: “Ine Men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin” (Ylham 3:20)
Ýokardan dogulmak, toba etmek, Isany kabul etmek, günälerden gutulşa eýe bolmak, mesihi bolmak—bularyň hemmesi hem şol bir wakany suratlandyrýar. Bu çyn ýürekden özüňiň günälidigiňi boýun alyp, günäli ýaşaýyşdan ýüz döndermegi; Hudaýa dogada ýüzlenip, günäleriňi bagyşlamagyny soramagy aňladýar. Şonda isa Mesihiň siziň kalbyňyza girjekdigine we siziň ähli günäleriňizi bagyşlap, sizi Hudaýyň island adamy etjekdigine ynanmaly. Gurrüň bu zatlara diňe bir paýhas bilen ýa-da duýgy arkaly akyl etirmek barada däl. Esasy Isa bolan ynam we Onuň yzyna eýermek baradaky karardyr. 

BU IKI TÖWEREK IKI HILI DURMUŞY ŞEKILLENDIRÝÄR:

Adamyň özi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän durmuş
towerek-1.jpg

M- Tagtda –adamdaky “MEN” I- Isa –durmuşyň daşynda

  • -Isleg-arzuwlar adamyň özünden gelýär. Olar ahyrsoňy lapykeçlige getirýär.

 


Isa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän durmuştowerek2.jpg 

M- “MEN” erini Isa berdi.  I- Mesih ýüregiň merkezinde

  • -Islegler Isa tarapyndan Hudaýyň nieti boýunça gönükdirilýär.

Şu töwerekleriň haýsy siziň durmuşyňyzy aňladýar?
Olaryň haýsy boýunça ýaşasam diýýärsiňiz?
Isany nädip kabul edip boljakdygyny bilesiňiz gelýärmi… 

Siz häziriň özünde doga arkaly ýüzlenip, Isany ynam bilen kabul edip bilersiňiz.
          (Doga—bu Hudaý bilen geplşikdir)
Hudaý adamyň ýüregini gowy bilýär. Şol sebäpli Oňa sözleriňiz däl-de, ýüregiňiziň islegi zerurdyr. Siziň dogaňyz şeýleräk bolup biler:
“Rebbim Isa, Sen maňa gerek. Meniň günälerim üçin haçdaky ölümiňe men minnetdar. Meniň günälerimi bagyşla! Men ýüregimiň gapysyny Seniň üçin açýaryn we oňa girmegiňi soraýaryn. Meniň Halasgärim we Rebbim bol. Meniň durmuşyma ýolbaşçylyk edip, meni Öz islan adamyň edip etişdir. Meniň günälerimi geçenligiň üçin we maňa baky ýaşaýşy berenligiň üçin men Saňa minnetdar. Omyn.”
Şeýle doga siziň ýorek islegiňizi aňladýarmy? Aňladýan bolsa, onda häziriň özünde şu doga bilen Hudaýa ýüzleniň. Şonda Isa Mesih wada edişi ýaly siziň ýüregiňize girer. 

Isa siziň kalbyňyza girdimi, ony nädip bilmeli
          Siz Mesihden ýüregiňize girmegini soradyňyzmy? Onuň Ylham 3:20-däki wadasyna laýyklykda Ol inid s ize görä nirede? Isa siziň gapyňyza girmegi wada edipdi. Ol sizi aldap bilermi? Hudaý dogama jogap berdi dien ynamyňyz name esaslanýar? Hudaýyň aýdan Sözüne, Hudaý we Onuň Sözi ynama mynasyp.
Injil Isany kabul edenleriň ählisine baky (ebedi) ýaşaýyş wada edýär.
“Hudaý bize ebedi ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýyş Onuň oglundadyr. Kimde ogul bar bolsa, onda şaýaşyş hem bardyr, kimde Hudaýyň Ogly ýok bolsa, onda ýaşaýyş hem ýokdur. Men muny size—Hudaýyň Oglunyň adyna iman edenleriň adyna ýazdym. Şeýle, siz Hudaýyň Oglunyň adyna iman edenler ebedi ýaşaýşyňyz barlygyny biliň” (1Ýahýa 5:11-13).
          Isanyň elmydama siziň bilen boljakdygyna we sizi hiç haçan taşlap gitmejekdigine Oňa hemişe minnetdarlyk bildiriň. (Ewreýlere13:5,6) Ony kabul eden günüňizden başlap, Isanyň sizde ýaşaýandygyny we özüňiziň ebedi ýaşaýşa eyedigiňizi Onuň beren wadalary boýunça bilip bilersiňiz…
Ýatda saklamaly zerur zat…
 DUÝGULARYŇYZA ESASLANMAŇ
Biziň ynamymyzyň esasy – biziň duýgularymyz däl-de, Injilde ýazylan Hudaýyň wadalarydyr. Isany kabul eden adam Hudaýyň Özüne we Onuň Sözüne bil baglaýar. Aşakdaky otlynyň suraty mesihilik durmuşy şekillendirýär. Ol fakt bolan Hudaýyň Sözi bilen biziň oňa ynamymyzyň we ynamyň netijesi – duýgumyzyň arasyndaky baglanyşygy görkezýär.

otly-1.jpg
Parawozyň wagonsyz hem ýöräp biljekdigi düşünikli zat. Emma wagon bilen parawozy ýöretmäge synanyşyk biderek bolardy. Şunuň ýaly biz, mesihiler hem, öz duýgularymyza esaslanmaly däldiris, gaýtam biz öz ynamymyzy Hudaýyň we Onuň Sözüniň mizemez abraýyna esaslandyrýarys. 

ISANY KABUL EDENIŇIZDEN SOŇ

Siz ynam bilen Isany kabul edeniňizde köp zatlar bolup geçdi:
1.     Isa siziň durmuşyňyza aralaşdy. (Ylham3:20, Kol.1::27)
2.     Siziň günäleriňiz geçildi (Kol.1:14, Efes 1:8)
3.     Siz Hudaýyň perzendi bolduňyz (Ýahýa 1:12)
4.     Siz ebedi ýaşaýşa eýe bolduňyz (1Ýahýa 5:11-13, Ýahýa 5:24)
5.     Hudaýyň sizi ýaratmak bilen baglanyşykly bolan beýik maksadyna tarap ýola gadam urduňyz Ýahýa 10:10, 2Kor. 5:17, 1Sel5:18)
Siz özüňiz üçin Isa Meishi kabul etmekden başga-da ajaýyp zady heý bir göz öňüne getirip bilýäňizmi? Hudaýyň siz üçin eden ähli işlerine häziriň özünde minnetdarlyk bildirmek isleýäňizmi? Hudaýa minnetdarlyk bildirmek bilen siz Oňa bolan ynamyňyzy beýan edýärsiňiz. Siziň Isadaky täze ýaşaýşyňyz doly mazmunly bolmagy üçin siz ruhy ösmelisiňiz…


  RUHY ÖSÜŞ ÜÇIN NÄMÄLERI BILMEK GEREK
 Ruhy ösüş biziň Isa Mesihe bil baglap ýaşaýşymyza (ynamymyza) bagly. “Dogry adam iman bilen ýaşar” (Galtlylar 3:11) Ynam bilen ýaşaýyş size her bir uly bolmadyk zatda hem Hudaýa bil baglap ýaşamaga hem-de aş aşakdakylary amal etmäge kömek eder:
1.     Her doga bilen Hudaýa ýüzlenmeli.( Ýahýa 15:7)
2.     Her gün Hudaýyň Sözi —Injili okamaly (Res. Iş.17:11) Ýahýanyň Hoş Habaryndan başlaň
3.     Ähli zatda Hudaýa boýun bolmaly (Ýahýa 14:21).
4.     Söz we iş bilen bütin ýaşaýşyň bilen adamlary Mesih hakda güwälik etmeli. (Matta 4:19, Ýahýa 15:8)
5.     Gündelik durmuşyňyzda we Isa hakdaky güwälikleriňizde Öz güýji bilen doldurmaga hem-de ýolbaşçylyk etmäge Mukaddes Ruha mumkinçilik bermeli (Galatlýalylar 5:16, Res. Işl. 1:8)

IMANLYLAR ÝYGNAGYNDA OLAR BILEN GATNAŞYK
 
Hudaýyň Sözi imanlylara “ýygnanyşmagy goýmazlygy” maslahat berýär (Ewreýler 10:25)
 Odunlar üýşürililgi bolsa ot gowy ýanar, emma ekelikde olar tiz söner. Imanlylar bilen hem edil şeýle bolýar. Eger siz entek mesihiler ýygnagyna barmaýan bolsaňyz, onda ol ere çagyrýançalar garaüyp oturmaň. Ýaşaýan eriňizde Isa tagzym edilýän we Onuň Sözi wagyz edlýän er-mesihiler ýygnagyny tapyň. Bu siziň ruhy durmuşyňyz üçin örän wajypdyr.
 
 
 
     

 

24 thoughts on “Dört Ruhy Hakykatlar

  1. boyle yalnysh zatlar bn adamlaryng aklyny garyshdyrmang!!
    Isa peygamberdir, yone Hudayıng oglu daldir…

  2. “4 DÖRDÜNJI HAKYKAT
    BIZIŇ HER BIRIMIZIŇ ISA MESIHI HALASGÄR WE TAŇRY HÖKMÜNDE KABUL ETMEGIMIZ GEREK.”
    Dostlar Hz Isa Alla daldir. Allanyng ogluda daldir. Ol bir pygamberdir.

  3. Gadyrly Turkmen ildesh! Hz Isa gökden inen Halasgärdir, muny Hudaýyň Öz Sözi tassyklaýar. Men we sen Hudaýyň bu hakykatyna garşy çykar ýaly kim? Eger Hudaý Isa Mesih hakynda şeýle güwä geçýän bolsa onda Hudaýyň hakykatyny ret eder ýaly biz kim. Injilde şeýle sözler bar. Injil: “Biz adamlaryň güwäligini kabul edýän bolsak, Hudaýyň güwäligi ondan uludyr, çünki bu Hudaýyň Isa Mesih hakynda beren güwäligidir. Hudaýyň Isa Mesihine iman edýände Hudaýyň güwäligi bardyr. Hudaýa iman etmeýän bolsa, Ony ýalançy edendir, çünki Hudaýyň Öz Isa Mesihi hakda beren güwäligine iman eden däldir. Bu güwälik bolsa şudur: Hudaý bize ebedi ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýyş Isa Mesihdedir. Kimde Isa Mesih bar bolsa, onda ýaşaýyş hem bardyr, kimde Hudaýyň Isa Mesihi ýok bolsa onda ýaşaýyş hem ýokdur.” Isa Mesih hakykaty çyn ýürekden gözläň, hakykaty taparsyňyz” diýýär.

  4. Mâide(*) Sûresinin 75 . Ayetinde
    Meryem oğlu Mesih sadece bir peygamberdir. Ondan önce de nice peygamberler geldi geçti. Onun annesi de dosdoğru bir kadındır. (Nasıl ilah olabilirler?) İkisi de yemek yerlerdi. Bak, onlara âyetlerimizi nasıl açıklıyoruz. Sonra bak ki, nasıl da (haktan) çevriliyorlar.

  5. tevbe(*) Sûresinin 31 . Ayetinde
    (Yahudiler) Allah’ı bırakıp, hahamlarını; (hırıstiyanlar ise) rahiplerini ve Meryem oğlu Mesih’i rab edindiler. Oysa, bunlar da ancak, bir olan Allah’a ibadet etmekle emrolunmuşlardır. Ondan başka hiçbir ilah yoktur. O, onların ortak koştukları her şeyden uzaktır.

  6. Nisâ(*) Sûresinin 156,157 . Ayetinde
    Bir de inkarlarından ve Meryem’e büyük bir iftira atmalarından ve “Biz Allah’ın peygamberi Meryemoğlu İsa Mesih’i öldürdük” demelerinden dolayı kalplerini mühürledik. Oysa onu öldürmediler ve asmadılar. Fakat onlara öyle gibi gösterildi. Onun hakkında anlaşmazlığa düşenler, bu konuda kesin bir şüphe içindedirler. O hususta hiçbir bilgileri yoktur. Sadece zanna uyuyorlar. Onu kesin olarak öldürmediler.

  7. Bakara(*) Sûresinin 163 . Ayetinde
    Sizin ilahınız bir tek ilahtır. Ondan başka ilah yoktur. O Rahmân’dır, Rahîm’dir.37

  8. Nisâ(*) Sûresinin 171 . Ayetinde
    Ey Kitab ehli! Dininizde sınırları aşmayın ve Allah hakkında ancak hakkı söyleyin. Meryemoğlu İsa Mesih, ancak Allah’ın peygamberi, Meryem’e ulaştırdığı (emriyle onda var ettiği) kelimesi ve kendisinden bir ruhtur. Öyleyse Allah’a ve peygamberlerine iman edin, “(Allah) üçtür” demeyin.33 Kendi iyiliğiniz için buna son verin. Allah ancak bir tek ilahtır. O çocuk sahibi olmaktan uzaktır. Göklerdeki her şey, yerdeki her şey onundur. Vekil olarak Allah yeter.

  9. Nahl Sûresinin 51 . Ayetinde
    Allah şöyle dedi: “İki ilah edinmeyin. O, ancak tek ilahtır. O halde yalnız benden korkun.”

  10. Isa Mesihe Halasgär we Reb hökmünde iman eden, biz Allah uçdur diýmedik yada başgada hudaýlar bardyr hem diýmedik. Allah özüni adamzada uç hasýetde ýagny tebigatda aýan etdi. Senin getirýän Gurhandaky aýatlaryň bolsa Merýeme Hudaýdyr diýen nädogry düşünen adamlara degişlidir. Isa Mesihe hakykatda iman edenler, Merýemi hudaý diýip hiç haçan aýtmaýarlar. Injilde hem Merýem hudaýdyr diýip aýdylan eri ýok. Şonuň üçin Gurhandaky aýatlar öz özünden nädogry bolup galýar. Isa Mesihiň gökden gelendigini Gurhan hem tassyklaýar. Nisse suresinde aýdyşyň ýaly Isa Mesih Hudaýyň kelamydyr we ruhydyr. Şol aýat hem Isanyň gökden Hudaýdan gelip Hudaý bilen birdigini aýdýar. Hudaý bilen Isa Mesih birdi. Ýagny Isa Mesih Hudaýyň içinden çykyp ere geldi. Ol ozal başda hem Hudaýdady. Bir mysal aýdaýyn: suw üç görnüşde bolup bilşi ýaly, ýagny suwuklyk, bug we buz görnüşde bolşy ýaly, Hudaý hem üç tebigatda adamzada özüni asyrlar boýy aýan edip geldi. Hudaý Ruhda, Tende we Ýaradyjy hökmünde adamzada özüni aýan etdi. Muny kabul etmez ýaly we munuň garşysyna gider ýaly biz kim?
    Biz Onuň bize aýan edenini kabul etmelidiris we gutuluş ýoly uçhin minnetdar bolmalydyrys!

  11. Isa Mesih er ýüzüne ölmek üçin gelipdi, Onuň ejir çekjegi, öljegi we üçünji güni direljegi we ahyrzamanda hem geljegi Hudaý tarapyndan gadymky pygamberler arkaly öňünden aýdylypdy. Olaryň sözi erine etmese onda Hudaý ýalaçy ýaly bolmalydy. Ýöne Hudaý hemişe hem wadasyny we aýdan zatlaryny erine etirendir we erine etirer. Şonuň üçin hem Gurhana esaslanyp Isany ölmedi diýsek onda Hudaýyň sözüni ýalançy edýäris we hatda taryhy faktlara hem nädogry diýýäris. Isanyň ölendigi wer direlendigi taryhy-ýuridiki faktlara hem esaslanýandyr. Şu websitdaky “Diňe bir agaç ussasy däldiir” diýen kitaby okap gör!

  12. Sen mana hakyky injili görkezip biljekmi? Şu wagt dünyada 4 injil bar. Olaryng biri beylekisini tassyklanok. Olaryng haysysyna ynanmaly???

  13. Hakyky Injil bar we men saňa ony görkezip biljek! Injil Hudaýyň Sözi bolsa onda Hudaý ony goraýandyr. Injil Isa Mesihiň durmuşy hakynda bolup ol Isanyň şägirtleri tarapyndan ýazyldy. Olaryň dördüsi hem şol Isa Mesihiň dünýä gelişi, eden işleri, taglymatyny we adamlaryň günäsi üçin çeken ejirlerini, ölümini, ölümden direlişini we dünýäniň soňunda ene geljekdigini tassyklaýarlar. Olar biri biriniň üstüni doldurýarlar we biri birine gapma garşy gelmeýärler.
    Sen olaryň dördüsini hem okap gördüňmi. Eger okap görseň meniň aýdanlaryma hakdygyny bilersiň. Şu wagt olaryň hemmesi bir kitap görnüşde Turkmen dilinde bar. Isleseň men saňa tapmaga kömek ederin!

  14. Muhammediň geljegini Isa Mesih hiç haçan hiç erde aýtmady we tassyklamady. Dünýä Halasgär bolup gelenden soňra ene-de bir pygamberiň gelmegi we ýoly görkezmegi gerek däl bolup çykýar. Ýol, Hakykat we Ýaşaýyş bolan Isa Mesih dünýä geldi, indi ýol görkezmäge biri Hudaý üçin resul bolup gelmegi zerur däldi. Ýöne kimde kim Isadan soňra men Hudaýdan diýip gelse onda olaryň bary Isa Mesih hakynda güwä geçip Isa Mesihi Halasgär hökmünde görkezmeli. Kimde kim Isanyň Mesihdigine we Halasgärdigine garşy çyksa, Injile garşy çyksa onda ol şeýtanyň tarapyndadyr! Sen şuňa gaty gowy düşün. Isa Mesih ahyrzamanda gelip özüne garşy göreşenleri ýok eder we jähenneme ýollar!

  15. Mana shol “hakyky Injil” diyyanin gerek “Hudayin gorap saklany”, nireden tapyp bolarka ?? Internetde barmy ??

    Katolikler ya-da protestanlar’yn haysy’synyn Injil’ini sen kabul edyan t.e. apocriphy edilen 7 injil’i sen kabul edyanmi Huday’in sozi diyip ??

  16. Hakyky Injil bar, shu gunki bar bolan Turkmen dilindaki Injil hem hakyky Injiling bir nusgasydyr. Eger Enlis dilinde islesen onda Inlis dilinde in gadymysy KJV of Bible bolyar. Original gadymy golyazmalar, muzeylerde, gadymy ybadathanalarda saklanyar. Menin kabul edyanim Protestantlaryn Bibliyasyny kabul edyarin, elbetde Apokrypha kitaplaryny hem okayaryn, olarda kabir gapma garshylyklar bolsada okamak uchin peydaly. Olar Biblianyn owredyanlerining esasy taglymatyna doly garshy gelmeyarler. Name uchin kabir kitaplaryn Biblia goshulmandygynyn sebabini ine shu erden okap bilersin:http://www.jesus-is-lord.com/apocryph.htm

  17. hz.muhammaet (as) hicbirzaman isa (as) yalanlamady ya da ol peygamber dal diymedi.
    biz muslumanlar isa (as) pigamberdigini kabul edyas,eger kabul etmesek imanimizdan ota dusyas bu diymek hudayin bizi jehenneme goyjaklygy diymek(ynanmayarin diymek)bolyar.
    sol bir wagtda injiling bir hudayin goyberen kitabidigina hem inanyas(bu hem yokarda aydisim yali ynanmasak guna bolyar).yone su wagtky sizing okayan injiliniz dal.(belki kabir ayatlar uytgedilmedik bolup biler,yone yalnis bilmeyan bolsam vizantiya imperatorlygy wagtynda olar tazeden uytgedilip yazilyar.500 yilda gowrak wagt gecensong su wagtky injiller yazilyar.hokumede garsy gelyan ayatlar uytgedilip yazilyar).
    kaske o aydyan injilimiz bolsadi yutgedilmedik biz hem okardik.
    (onun uytgedilendigine guwa gecyan ayatlar bar kuranda.Name ucin uytgedilipdir,huday goramayarmi oz kitabini?diyip sorasan,huday hemme zada kadyrdyr,beyle islani ucun insanlara hic zat etmedi olar kitabi uytgedende.ya da sonky peygamber gelyanligi ucin,ona kurany kerimi goyberjekdigi ucin seyle ykbal yazdy .biz bilmeyaris hudaying biljegi is.bolmanda da injil dine ysrailogullaryna goyberilipdi,isa (as) da israil ogullarina goyberilipdi.taze ve inson geljeg peygamber(muhammet (as)) ahli dunya goyberildi kitap kurani kerimde de ahli ynsanlara hitap edyar)
    baska aytjak zadim isa (as) daragaja cuylenip olduurulmedi!allah gorady ony.hacanda ony cuylemane geldiklerinde isa goge cekildi ve isanyn(as) nirededigini cugullan adamyn yuz kesbi isa(as) yuz kesbine huday tarapin owruldi we o cugullan adam asylyp/cuylenip olduruldi.

  18. Isa Mesihe pygamber hökmünde ynanýas, Injile hem Hudaýyň Sözi hökmünde ynanýas diýýäňde, Hudaýyň Öz sözüni gorajakdygyny ret edýärmisiň! Hawa Hudaýyň Sözüni diňe bir Injili däl öňki gadymy kitaplary hem özleriçe düşündirmäge ýada oara zyýan ýetirmäge synanyşan adamlaryň bolandygyny ret etmek bolmaz, çünki şeýtan hem ýöne ýere gezenok we bu ýaman niýetinde erbet adamlary hökman ulanmaga çalyşandyr, emma bu diýdigi Hudaý olardan eňildi diýildigi däldir we asyrlaryň jummuşinde Hudaýa iman edip, Hudaýyň ýoly üçin janyny gaýgyrmadyk ynsanlaryň bolandygyny hem ýatdan çykarmak gerek däldir, şol adamlar hem hak söz bolan Hudaýyň kitaplaryny gorap, olaryň asyl nusgalaryny gorap gelipdirler we olaryň görkezen edermenlikli imanlary netijesinde we Hudaýyň Öz Sözüni gorajakdygy baradaky wadasyna wepaly galýandygy sebäpli Hudaýyň ähli kitaplary biziň günümize çenli gudratly ýollar bilen saklanyp galypdyr! Injiliň şol original injildiginiň subutnamasy diňe bir söze esaslanman, taryhy we ýuridiki faktlara esaslanýar. Biziň eramyzyň birinji asyrynda ýazylan Injiliň original nusgalary eýýam Kuran 7-asyrda orta gelýänçe dünýäniň dürli künjeklerine ýaýrap gidipdi we käbir dillerde eýýäm halklar arasynda okalýardy. Bu sebäpden hem Wizantiýa döwründe hakyky Injil ýok edilipdir diýen düşünje düýbünden hakykata laýyk gelmeýär. Injiliň şeýle köp döwrüň içinde dürli ýerlere ýaýran nusgalaryny tapyp ýok etmek hiç kime-de başartmazdy, ondan başgada şol Wizantin döwründe geçirilen dindarlar ýygnagyndaky gelinen Mukaddes Kitap sanawyna girmedik kitaplaryň köpüsi hem biziň günlerimize çenli saklanyp galan, olar ol kitaplary ýok etmek maksadyny orta goýmadyrlar-da, taryhy faktlar esasynda hakykyky Injiliň haýsyygyny görkezmek isläpdiler! Ondan başgada hatda şol Mukaddes Kitaplar sanawyna girmedik kitaplar hem şol sanawa giren kitaplaryň ylahy taglymatlaryna gapma-garşylykly zatlar ýazmaýar.
    Bu sebäpden hem Injil üýtgedilipdir diýen teoriýa nädogrulygyna galýar. Men hem öň seniň ýaly pikir edýärdim, haçanda faktlar hakynda özüm barlag geçirip öwrenenimde, hakykata göz ýetirdim we Injile doly iman getirdim!
    Isa Mesih barada hakykata sen hem düşünersiň diýip umyt edýärin!
    Soraglaryň bolsa, sorap bilersiň, söhbetdeşlik etmäge gaty şat!

  19. siz dine menin yazan birje pikirime jogap yazipsiniz.yokarda basga temalara da deginipdim.
    ” hudaying seytana yenildigi dal” diyip cumle ulanypsiniz.huday hic hacan seytana garsy sowes acmady.eger islese sol wagt yok edip biler sebabi oz yaradan mahluky.yone name ucin hudaya garsy gelse de yok etmeyar?yer yuzunde adamlar synag edilyar allah tarapyndan.bu synagy gecen jennetlikdir.
    huday injiling ahyrzamana cenli bozulman goraljakdygyna soz bermandir.aslynda bu zatlary name ucin beyle bolandygyny bilmeyariz.onki aydysym yaly bu hudaying yazan yazgydy.huday hemme zada guji yetyan bolsa,ki seyle,islan zadyny edip biler.islese su wagtyn ozunde dunyani yok eder.sebabi ol huday.
    injile gunumizde matacliging galmandygyna sebapler bar.mysl ucin kurany-kerimig goyberilmegi.taze kitap gelenden son,konesi hukugyny yitiryar.munga MESH diyilyar.yagny bir zadyng ortadan kaldyrylyp yerine basga hokumun gelmegi.su yerden isa(as) a name ucin MESIH diyilyandigi anglasylyar.isa (as) dan oninca Musa(as) bardy.onung getiran kitaby TOWRAT bardy,isa(as) gelenson olar hukugyny yitirdi sebabi taze kitap INjIL gelipdi.
    basga tarapdan,biz aslinda ”name ucin huday beydipdir?,name ucin injil barka kuran goyberipdir?” diyip bilmesir sebabi ol yardyji yeke tak huday .islan zadyny eder.(eger hudaying ahli zada guyji yetyan bolsa ,muna guyji yetmezmi?)
    aslynda bularyng ahlisi bir SYNAG!eger hudaying yazgydyna ynanmasak biz o dunyade jehennemlik bolarys.basymyza gowy yada erbet waka gelse,”huday gowusyny edyandir,bu isde de hayir bardyr” diymeyasmi?eger hawwa bolsa,hudaying taze kitap kurany kerimi goybermeginde de hayir bardyr.
    siz isa(as)in hudaying oglydygyna ynanyanyz.hey de allah hic zada guyji yetmeyaz biz adamlara menzes bolup biler mi?hudy yaradyjy.dogmayar ve dogurmayar.ol tak!meryem (as0 isa (as) i dogurdy,kakasyz dogurdy.bu diymek daldir ki isa(as) allahyng ogly(towa towa).eger huday baslangycda adamy, butin alemi yokdan yaradan bolsa,bar zatdan neme ucin yaratmayarmys?isa (as) i alla meryem (as) in gowresinde yaratdy.Bu da bir SYNAG!dusunje,ynanc synagy!huday kitaplarynda yaradyjy,yokdan bar edyan yeke takdigini aydyar.onda name ucin isa(as) i yaradandygyna kellaniz logiciski yanamak islemeyar?bu da hudaya iman etmekdir,iman etmeseniz,yagny seyledigine inanmasaniz synagdan gecip bilmeyandiginizi gorkezmeyarmi eysem.bu hem sizing yalnys yoldadygyniza guwa gecyar.

  20. (ilk injil wizantiya dowrunde yazylyar.ondan onunca agaja,kagyza yazylan gornusde bardy.yagny isa(as)dunyaden otenden son 500 yil son yazildi.uytgedilip yazylan bolup biljegine bu hem guwa gecyar.ol yerde isa(as) oluminden soz edilyar.yagny olumini biri gorupdir de ony rowayat seklinde aydip beryar.diymek,onyn olum wakasy-rowayaty hudaying sozleri dal.ony goren-esinden aydip beripdir biri hem yazipdir.bu hem injiling uytgedilendigini gorkezyar9 ya da gosmaca rowayalar gosulan.gosmaca rowayat gosyan biri ,beyleki ayatlaryny hem uytgeden bolmaly).
    adam arak icende hemme zady unudyar,serhos bolyar.eylak beylak ziyan beryar,masgalasyny injityar,nikasyz jynsy gatnasyga da giryar(zyna).serhos bolany ucin buny bilman edyar.bu edyan zatlary,hudaying bizden isleyan zatlaryna garsy gelyar.onda huday name ucin bize icgi icmek guna dal diysin?bu yerde bir yalnyslyk yokmy?bu hem injiling uytgedilendigine subutnama.

  21. Hudaý Öz Sözüni dünýäniň soňuna çenli gorajakdygyny hemişede wada etdi, olary biz Mukaddes Ýazgylarda okap bilýäris! Ondan başgada Ol Sözler Hudaýyňky bolsa Hudaý olary goramazmy, ondan başgada Hudaý baky bolşy ýaly Onuň Sözi hem bakydyr we hiç bir zat we hiç kim Onuň Sözüni ýok edip bilmez!
    Mesih diýilen sözüň düýp manysy siziň düşündiriö berişiňiz ýaly bolman: “mesh edilmek sözünden gelip çykyp Halasgär bolmaga ýada Patyşa bolmaga Hudaý tarapyndan bellenen” diýen manyny berýär. Şeýle Halasgäriň geljekdigine bolsa halk garaşýardy, çünki Ol Mesih bolan Halasgär barada ýüzlerçe belkide müňlerçe pygamberlikler öňünden aýdylypdy we Hudaý tarapyndan wada berilipdi.Isaga bolsa Mesih diýilmeginiň sebäbi hem Onuň Halasgärdiginiň alamatydyr we şol pygamberlikleriň we Hudaýyň wadasynyň Onda ýerine ýetendigidir. Bu sebäpden, kimdir biriniň däl-de Hudaýyň Isa Mesih baradaky şaýatlygyna we wadalaryna biz ynanmalydyrys.
    Bu ýada ol kitabyň gelmegi bilen yzyndan gelen kitap güýje eýe bolmaýar, ýada öňki kitaplar ýitip gitmeýär. Bu sebäpden biz Injilden öňki kitaplaryň hemmesini okaýarys, çünki olar arkaly Hudaýyň Isa Mesihde adamzat üçin gutulyş ýoluna düşünýäris. A siz bolsa Kuran geldi hemme ondan öňki kitaplar ýok bolup gidipdir diýip hiçbir delilsiz tassyklamanyň öwran öwran gaýtalaýarsyňyz. Çünki şeýle diýmeseňiz, Töwrat, zebur, Injil bar bolsa we olar dogry bolsa siziň ýalňyşýandygyňyzy aýdýar, bu sebäpden diňe öz pikiriňize laýyk edip ynanyp galanlaryny bolsa Injil, Töwrat we şuňa meňzeş gadymy kitaplar üýtgedilipdir diýmek bolsa gynansak hem gaty aňsat zat bolup durýar!
    Hudaýyň Ogly diýilen düşünje nähili düşünýäňiz, biz hiç haçan hem, Injil hem hiç haçan Hudaý dogurypdyr, öýlenipdir we muňa meňzeş zady aýtmaýar we aýtmaz hem.
    “Hudaýyň Ogly” diýilen jümle hemişede ruhy manyda gelip, Isanyň gökden Hudaýdan gelendigini we Onuň bakyýetde hem Hudaýda bolandygyny düşündirýär. Biz hem Hudaý üçdir diýip hiç haçan aýmtadyk we aýtmarys hem. Bu sebäpden siziň bu jumle baradaky düşünjäňiz nädogrylygyna galýar.
    Ondan başgada soňky ýazanlaryňyzda Injil Wizantiýa döwründe ýazylypdyr, ondan öň agaja zada ýazyldy diýilen gürrüň faktlara esaslanmadyk bir gürrüň. Isanyň dünýä gelen döwründe ýazuw işi ösendi we ýazuw eýýäm dürli dillerde alnyp barylýardy. Hawa şol döwürlerde ýazgylar uzak wagt saklanmagy üçin papiruslara, ýagny ol şol döwrüň kagyzy bolupdyr, ýada deriden edilen sahypalara ýazylypdyr we olaryň köpüsi diňe bir Wizantiýa imperatory döwri bolan 3-nji asyra çenli ýetip gelmän, biziň asyrymyza çenli saklanyp galypdyr. Biziň asyrymyzda we öňki asyrlarda tapylan ilkinji golýazmalar şu günler hem ylmy müzeýlerde we ylahy mekdeplerde saklanyp gelýärler!
    Bu sebäpden gürrüň bu taýda faktlary kabul edip, hakykata iman etmekdemikä diýip men düşünýärin!
    Soraglaryňyz bolsa dowam etdiriberiň!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *